Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Zenan saglygy ISLENILMEDIK GÖWRELILIK
( 26 Ses Berme )

 

 

Her bir jynsy gatnaşykdan soň aýalyň göwresinde çaga galyp bilýärmi? Ýa-da aýalyň göwresinde çaga galmagyň belli bir öz wagty barmy? Islenilmedik göwreliligiň öňüni almak üçin, jynsy gatnaşykdan haçan saklanmaly?

Saýtyň okyjysy.

 

Gadyrly okyjy!

Aýalyň aýbaşy halkasy (aýbaşynyň birinji gününden indiki aýbaşynyň birinji gününi öz içine alýar) iki döwürden ybarat bolup, onuň dowamlylygy 21-35 güne (her aýalda dürli-dürli) barabardyr.

Aýbaşy halkasynyň ortasynda ýumurtgalyklarda aýallyk öýjükleri emele gelip, olar 48-72 sagat tohumlanmak ukybyny saklaýandyr. Spermatazoidler (erkeklik jyns öýjügi) hem aýal jyns ýollarynda şonça wagtlap öz işjeňligini saklaýar. Şu maglumatlara esaslansaň, 28 günlik aýbaşy halkasynyň 10-16-njy günler aralygy göwreliligiň galmagy üçin oňaýly wagtdyr.

30 günlik aýbaşy halkasynda 12-17-nji günler aralygynda çaga galmak üçin şertler döreýändir.

Aýalyň jyns agzalaryndan köp, şepbeşik, ak nemiň gelmegi, göni içegede temperaturanyň 37ºС-den ýokary galmagy (gyzgynlyk ölçegi bilen ölçelýär) aýallyk öýjükleriniň emele gelip, göwreliligiň galyp biljekdiginden habar berýändir. Şol günler islenilmedik göwreliligiň öňüni alar ýaly serişdeleri ulanmalydyr.

Aýbaşy halkasynyň dowamlylygyna baglylykda göwrelligiň galyp biljek günlerini Knaus-Ogunonyň kalendarynyň kömegi bilen kesgitläp bolar. Ol kalendaryň ulanyş düzgüni barada maglumaty ginekolog lukmanyňyz berip biler.

Saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#9 umyt 2016-04-23 09:24
Lukman hayysh jogap berayinda men garashyan!
Sitata
 
 
#8 umyt 2016-04-22 18:33
Salam lukman size soragym bar yagny jynshananyn dashyndan edilse.we birnache gunden son yzygider ak shepbeshik gelse bu gowreliligin alamaty bolup bilermi???
Sitata
 
 
#7 Lukman 2015-10-05 01:34
Aýşa!
Siziň belleýän alamatlaryňyz diňe göwrelilik üçin mahsus alamatlar däldir.Göwreliligi anyklaýan testleri ulanmagy we ultrases barlagyny geçip, aýbaşynyň saklanmagynyň sebäplerini anyklamagy maslahat berýärin.
Sitata
 
 
#6 aysa 2015-10-03 06:24
Jogap berayinda
Sitata
 
 
#5 aysa 2015-10-03 00:31
Lukman aga size bir soragym bar munkin bolsa jjogap berayin jynshanadan ak sepesik nemin gelmegi icin etsgindaki seyrek agyrylar gije yyatanda bildaki onurga agyrlary gowreliligin sebapkarleri bolup bilermi lukman aga jogap berayinda aybasyda 1 ay 17 gun gelenok bu gowrelilik alamatlary bolup bilermi.jogabnyza garSyaryn.
Sitata
 
 
#4 Merdan 2015-06-15 23:14
Gyz erkek bn gatnaşyk etmesede onuň göwresinde çaga galyp bilermika, öz özüniň islemegi bilen baglanşykda, daş gulakdan eşidişime göra bolýan zat diýýaler, siz nahili maslahat berip bilersiňiz lukman?
Sitata
 
 
#3 Lukman 2014-03-31 01:03
Merjen!
Häzirki wagtda ulanylýan, göwreliligi anyklamak üçin niýetlenen test-zolajyklary dogry netijäni bermäge ukyplydyrlar.Olaryň kömegi bilen peşewi barlama netijesinde, ikinji gök zolajygyň emele gelmegi göwreliligiň bardygyndan habarly edýändir.Test-zolajyklaryň esasy işleýiş prinsipi- göwrelilik netijesinde bedende döreýän horion gonadotropinine duýgurlylygy ýüze çykarmakdyr. Ýöne juda seýrek ýagdaýlarda (gormonal bozulmalar netijesinde aýbaşynyň saklanmagy, täze döremeler) test-zolajyklarynyň nädogry netijäni hem berip bilýändigini bellemelidir.
Sitata
 
 
#2 kumus 2014-03-29 15:07
Merjenin beren soragyna jogap bermeginizi hayys edyan test arkaly barlamak iku cyzyk gowreli bir cyzyk dal soraga jog berayseniz
Sitata
 
 
#1 merjen 2014-02-20 15:01
Salam hormatly lukmanlar test arkaly gowrelimi yada dalmi barlamak anyk jogaby berip bilyarmi yagny iki cyzyk bilsa gowreli bir cyzyk bolsa gowreli dal diyip barlayalar sol jog dogrumy mumkin bolsa sol barada maslahat berseniz
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele