Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Zenan saglygy GÖWRELILIK GALYP BILERMIKÄ?
( 12 Ses Berme )

 

Salam lukman. Men 28 ýaşymda, durmuşa çykanyma hem 8 aý boldy. Göwrämde çaga galanok. Lukmana görnüp, USB-dan geçdim. Mende aýal jyns agzalarynyň sowuklamasynyň we ýumurtgalyklarda kistanyň bardygyny aýtdylar we bejergi bellediler. Men metronidazol, azitromisin, flukonazol, dýufaston, bioselak dermanlaryny ulandym, ýöne entek netijäni göremok. Kista bolsa hem çaga galyp bilermikä?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Ýumurtgalyklarda kistanyň döremegi olaryň gormon bölüp çykarma işiniň bozulandygyndan habar berýär. Şonuň üçin hem ginekolog lukmany bilen bilelikde endokrinolog lukmanynyň hem maslahaty, gerek bolsa bejergisi wajypdyr. Ultrases barlagynda kistanyň görnüşini, ösüş aýratynlyklaryny, jyns gormonlarynyň derejesini anyklap, ýagdaýa dogry baha berip bolar. Kistalaryň käbiri derman bilen bejergiden soň aýrylyp gidýän bolsa, käbiri hirurgiki bejergini talap edýändir. Beýleki tarapdan, kista bolanda hem, aýallyk öýjükleri wagtynda emele gelýän halatynda göwrelilik galyp biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 merjen 2016-10-19 14:03
men 20 yasymda. jynsy gatnasykda bolmadygma 3 ay boldy emma aybasym gelmedigne 2 aydan gecdi.uzi barlagyndan gecende gowrelilik yokdygny aytdylar.mana maslahat bermeginizi hayys edyarin
Sitata
 
 
#1 merdan asyrov 2016-07-13 10:34
...
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele