Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Zenan saglygy ÝATGYNYŇ MIOMASYNYŇ BEJERGISI
( 5 Ses Berme )

 

 

"Salam lukman! Meniñ ejem 1972-nji ýylda doglan. Ol aýbaşysynyñ bozulyp, içiniň agyrmagy sebäpli ultrases barlagyny geçirdi. Ejemde 1,5 sm. ululykda ýatgynyň miomasyny anykladylar. Bejergi üçin himiki derman serişdelerini ulanman, 3 aýlap ot-çöplerden (lopuh, boýdane hem-de böwrek üçin niýetlenen otlar) ýasalan dermanlary içdi. Şolaryň miomanyň kiçelmegi ýa-da aýrylmagy üçin peýdasy barmy?"

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Mioma bedende dörän jyns gormonlarynyň näsazlyklary netijesinde ýüze çykýar. Soňky ýyllaryň ylmy barlaglary, mioma düwünleriniň estrogen, şonuň ýaly-da progesteron aýal gormonlaryna duýgur görnüşleriniň bolup, bu gormonlaryň bejergide ulanylmagynyň hiç hili netije bermeýändigini hem subut edýär. Şu güne çenli täsiri bilen miomany kiçeldip ýa-da bütinleý aýryp bilýän ösümlik derman serişdeleri belli däldir.

Ejeňizde anyklanan 1.5 sm. ululykdaky mioma düwni uly hasaplanmaýar. Aýbaşynyň kadasyz we köp mukdarda gelmegi, agyrylaryň bolmagy ýaly alamatlar biynjalyk etmedik ýagdaýynda, mioma düwnüniň ululygyna gözegçilik etmek üçin ginekolog lukmanynyň kadaly gözegçiligini geçmegi ejeňize maslahat berýärin.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele