Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Zenan saglygy GÖWÜSLERDÄKI ÇIŞLER NÄMÄNIŇ ALAMATY?
( 6 Ses Berme )

 

 

Salam lukman. Meniň bir joram bar. Ol 19 ýaşynda. Onuň saglygynda şeýle bir kynçylyk döredi, ýöne ol lukmana ýüz tutmakdan çekinýär. Şonuň üçin meniň özüm size ýüz tutmaklygy makul bildim. Onuň göwüslerinde çişler bar, takmynan 7-8 sm. Olar agyrmansoň, ol gezip ýörüpdir. Ýöne indi olar agyryp biynjalyk edensoň, ol mammografiýa barlagyny geçmegi ýüregine düwdi. Ol näme etse gowy bolarka? Ol siziň maslahatyňyza mätäç.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Siziň joraňyzyň haýal etmän mammolog lukmanyna ýüzlenmegi zerurdyr. Göwüslerde bar bolan düwünler düwünli mastopatiýanyň alamaty bolup biler. Göwüsleriň USB-gy, zerur ýagdaýlarda mammografiýa barlagy, düwünleri deşip, sitologiki barlagy geçirme esasy anyklaýjy çäreler bolup, olardan soň mammolog lukmany size bejergini belläp biler. Düwünli mastopatiýada bejergi hirurgiki usul bilen geçirilýär.

Ondan başga-da, jyns agzalarynyň ýagdaýyny anyklamak (gyzlarda USB-yň kömegi bilen) jyns gormonlaryny barlamak, endokrinolog lukmanynyň maslahaty wajyp çärelerdir. Mastopatiýa bedende dörän gormonal näsazlyklardan habar berip, mammologyň, ginekologyň kadaly gözegçiligini talap edýändir.

Joraňyza çekinmän we wagt ýitirmän mammolog lukmanyna ýüz tutmaklygyň zerurlygyny ýene bir gezek ündäsim gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele