Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Zenan saglygy ÝUMURTGALYGYŇ KISTASYNYŇ BEJERGISI
( 11 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Menin ýumurtgalygymda kistanyň bardygyny anykladylar we regulon atly dermany içmelidigimi aytdylar. Şu dermany içsem, geljekde göwreli bolmagyma zyýany bolmazmy?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Ýumurtgalyklarda döreýän kistalaryň görnüşine laýyklykda, lukman tarapyndan bejergi çäresi höküminde aýal jyns gormonlaryny saklaýan serişdeler bellenip biler. Kistalar ýumurtgalyklaryň kadaly işiniň bozulmagy netijesinde döreýän döremeler bolup, gormon serişdeleri şol näsazlyklary aradan aýyrmaga ýardam berýärler. Gormon serişdeleri ulanylýan wagty ýumurtgalyklara "dynç berilýär". Bejergi tamamlanandan soň, olaryň täze "biologiki düzgünde" kadaly işlemegi üçin şert döredilýär. Elbetde, ýumurtgalyklaryň işi kadalaşandan soň göwreliligiň kynçylyksyz galmagy üçin hem ýagdaý döreýär.

Esasy bellemeli zat – gormon serişdeleri lukmanyň görkezmesi we bellän tertibi bilen kabul edilmelidir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Lukman 2017-01-18 02:56
Maýa!
Ýumurtgalygyň kistasyny aýyrdyp, jyns gormonlary saklaýan gerdejikler bilen onuň işjeňligini kadalaşdyran bolsaňyz we aýbaşyňyz kadaly bolsa, geljekde sizde önelgesizlik ýaly kynçylyklar döremeli dälmikä diýýärin.Kista indi döremez ýaly ginekologyň dowamly gözegçiliginde saklanyň.Gerek bolan halatlarynda endokrinolog lukmanyň maslahaty hem ýerlikli bolar.
Sitata
 
 
#2 Maya 2017-01-17 18:54
Lukman hayysht edyan jogap berayinda
Sitata
 
 
#1 Maya 2017-01-15 09:29
Salam lukman men 21 yashymda durmusha cykmadyk sag tarapymda guycli agyry bolup yuregim bulaashyp bashlady koricegedir oydup uza dushdum sag yumurtgalygynda kista bar diydiler bejergi alyp ayyrardan uly operasiya etmeli diydiler Garnymyn 3 yerinden deship operasiya etdiler hersine bir tikin dushdi operasiyadan son bolnissada yatyp bejergi aldym sonundan 6 aylap джес diyin dermany icmegi tabshyrdylar 6 ay icdim Hudaya shukur yagdayym gowy aybashym wagtynda gelyar operasiyadan onem wagtynda gelyardi yone kista bolsan onelgezis bolyan diyyarler shol dogrymyka haysht edyan jogap berayin
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele