Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Zenan saglygy
( 64 Ses Berme )

 

"Salam lukman! Meniň aýalymyň göwüsleri kiçi. Men hem, onuň özi hem olary ulaltmaga islegimiz bar. Olary nädip ulaldyp bolar?"

Saýtyň okyjysy.

"Salam hormatly lukmanlar! Men 25 ýaşymda. Durmuşa çykmadyk gyz. Boýum 166 sm. agramym 63 kg. Meni meniň göwüslerimiň kiçiligi utandyrýar. Göwnüme bolmasa, olar meniň ýaşyma görä ösmedik ýaly. Maňa maslahat bermegiňizi haýyş edýärin".

Saýtyň okyjysy.

"Göwüsleri ulaltmagyň çäreleri barada aýdyp geçseňiz minnetdar bolardyk. Bu sorag meniň halaýan gyzym we men üçin gaty wajyp. Sag boluň".

Saýtyň okyjysy.

 
( 10 Ses Berme )

 

Salam lukman. Men 28 ýaşymda, durmuşa çykanyma hem 8 aý boldy. Göwrämde çaga galanok. Lukmana görnüp, USB-dan geçdim. Mende aýal jyns agzalarynyň sowuklamasynyň we ýumurtgalyklarda kistanyň bardygyny aýtdylar we bejergi bellediler. Men metronidazol, azitromisin, flukonazol, dýufaston, bioselak dermanlaryny ulandym, ýöne entek netijäni göremok. Kista bolsa hem çaga galyp bilermikä?

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 5 Ses Berme )

 

 

Salam lukman. Men 2 aýlyk göwreli. Meniň göwüslerim agyryp, kä ýerleri gataýar. Bu meniň göwreliligim bilen bagly alamatlarmyka?

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 5 Ses Berme )

 

 

"Salam lukman! Meniñ ejem 1972-nji ýylda doglan. Ol aýbaşysynyñ bozulyp, içiniň agyrmagy sebäpli ultrases barlagyny geçirdi. Ejemde 1,5 sm. ululykda ýatgynyň miomasyny anykladylar. Bejergi üçin himiki derman serişdelerini ulanman, 3 aýlap ot-çöplerden (lopuh, boýdane hem-de böwrek üçin niýetlenen otlar) ýasalan dermanlary içdi. Şolaryň miomanyň kiçelmegi ýa-da aýrylmagy üçin peýdasy barmy?"

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 6 Ses Berme )

 

 

Salam lukman. Meniň bir joram bar. Ol 19 ýaşynda. Onuň saglygynda şeýle bir kynçylyk döredi, ýöne ol lukmana ýüz tutmakdan çekinýär. Şonuň üçin meniň özüm size ýüz tutmaklygy makul bildim. Onuň göwüslerinde çişler bar, takmynan 7-8 sm. Olar agyrmansoň, ol gezip ýörüpdir. Ýöne indi olar agyryp biynjalyk edensoň, ol mammografiýa barlagyny geçmegi ýüregine düwdi. Ol näme etse gowy bolarka? Ol siziň maslahatyňyza mätäç.

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 14 Ses Berme )

 

 

 

Hormatly lukman! Çaganyň ýan suwlarynyň üýtgäp, ýaşylymtyl reňkli bolmagy nämeden? Ol çaga üçin howplymy?

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 10 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Menin ýumurtgalygymda kistanyň bardygyny anykladylar we regulon atly dermany içmelidigimi aytdylar. Şu dermany içsem, geljekde göwreli bolmagyma zyýany bolmazmy?

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 45 Ses Berme )

 

 

 

Hormatly lukman! Aýalyň saglygy üçin jynsy gatnaşyklaryň nähili peýdasy bar?

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 9 Ses Berme )

 

 

Menin bir çagam boldy. Indi göwrämde çaga galma kynçylygy döredi. Lukmanlar meni barlap, ýatgymyň boýunjygynda ýaranyň bardygyny, ýöne onuň çaga galmazlygynyň sebäbi bolup bilmeýändigini aýtdylar. Indi men name etmeli? Men ýarany bejertmesem hem mende çaga galarmyka?

Saýtyň okyjysy, Ogulbaýram.

 

 
( 7 Ses Berme )

 

Salam hormatly lukmanlar! Men sizin saýtyňyzdaky ähli mowzuklary gyzyklanyp okaýaryn we özüme gerekli maglumatlary alýaryn. Size işiňizde üstünlik arzuwlaýaryn! Hormatly lukman! Menin gelnimiň çaga doguranyna 7 aý boldy. Ýöne heniz hem aýbaşysynyň gelmeýändigini we jyns agzalarynda gijilemäniň bardygyny aýdýar. Gijileme ony göwrelilik wagty hem biynjalyk edýärdi. Bu ýagdaýlar name sebäpden bolýaka?

Saýtyň okyjysy.