Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Otorinolaringologiýa (Gulak-burun-bokurdak) ANGINA ÝYGY ÝÜREK URMALARYŇ SEBÄBIMI?
( 6 Ses Berme )

 

Hormatly lukman! Meniň anginamy aýyrdanyma 1 aý bolup barýar. Ýöne name üçindir ýüregmiñ çalt urmasy aýyrlanok. Anginamy operasiýa etmàkàler ýüregim çalt urýardy. Lukmanlar onuň sebäbiniň anginadandygyna ynamly bolup operasiýa geçirdiler. Ýürek urmalaryň öňüni almak üçin korwalol kabul edýärin. Maňa nähili maslahat berip bilersiňiz?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Uzak dowam eden dowamly tonzillit (badam şekilli mäziň sowuklamagy) we onuň ýiti sowuklamasy bolan angina ýürek myşsasynyň zeperlenmegine (miokardyň distrofiýasy) we miokardit (ýürek myşsasynyň sowuklama ýagdaýy) keseliniň döremeginiň sebäbi bolup bilýändir. Ýürek myşsasynyň üýtgemegi (distrofiýa) ýürek agyrylar, ýygy ýürek urmalar, kähalatlarda bogunlarda döreýän agyrylar ýaly alamatlar bilen ýüze çykýandyr. Miokardit üçin bolsa ýürek-damar ulgamynyň bozulma alamatlarynyň has ýaýbaňlanmagy häsiýetlidir. Eger anginadan soň hem ýürek urma sizi biynjalyk edýän bolsa, kardiolog lukmanyň maslahatyny alyp, ýörite barlaglardan (EKG, EHOKG, ganyň umumy barlagy, rewmosynaga barlagy) geçmek we bellenen bejergini almak netijeli bolardy. Korwalol dermany size ýürek urma alamatyny diňe wagtlaýyn aradan aýyrmaga kömek edip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele