Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Otorinolaringologiýa (Gulak-burun-bokurdak) BURNY GELŞIKILI ETMÄNIŇ MÜMKINÇILIKLERI
( 7 Ses Berme )

Salam hormatly lukman! Adamy bezeýän, görküne görk goşýan synalaryn biri hem owadan we gelşikli burun bolsa gerek. Emma kabir adamlar burunlarynyn ululygy ya-da gelşiksizligi ucin durli psihologik kynçylyklara sezewar bolyarlar. Bu kynçylygyň çözgüdi barmyka? Basga ýurtlarda operasiya netijesinde burny göneldip ya-da kiçeldip bolyar eken. Yöne burny dine göneltmek ya-da burnuň ujuny galdyrmak üçin operasiyasyz usul – burun muskullarynyn isini togtatmak arkaly burnuň ujuny yokary galdyrmak mumkinciligi hem bar eken. Menin size berjek soragym-şunun ýaly usul bizin yurdumyzda nirelerde yerine yetirilýärka we onun peydasy hem-de zyýany barada aydyp beraýseniz!

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Burun plastikasyna degişli usullaryň operasiýasyz geçirilýän görnüşleri dine uly bolmadyk anatomiki kemçilikleri aradan aýyrmaga kömek berýär. Burnuň plasikasyny geçirmek maksady bilen ýüz tutan adamlaryň dine 5-7%-de, bar bolan kemçilikleri operasiýasyz usul bilen aýryp bolýandyr.

2000-nji ýyldan bäri lukmanlar operasiýasyz usulyň bir görnüşini – ýörite serişdeleri – fillerleri ulanmagy ýola goýdular. Olaryň kömegi bilen burnuň ujyny tegeleme we galdyrma, burun ýelkenleriniň görnüşini gowulandyrma, burnuň arkasyny düzleme ýaly plastiki çäreleri geçirip bolýandyr. Şeýle çäreden soň dikeldiş döwri hem ýeňil geçip, beýle usulyň bahasy hem arzan bolýar. Ýöne bu serişdeleri ulanmadan soň, alnan netijäniň, ýagny täze görnüşli burnyň birnäçe aýdan 1,5 ýyla benli saklanýandygyny bellemelidir. Ol bolsa bu serişdeleriň wagtyň geçmegi bilen "sorulyp gidýändigi" bilen düşündirilýär. Elbetde, usulyň netijeliligi serişdäniň hiline hem köp derejede bagly bolup durýandyr. Käbir ýagdaýlarda, serişdäniň göýberilen ýerinde gaty birleşdiriji dokuma emele gelip we burnuň islenen görnüşini saklap, operasiýany gaýtadan geçirme zerurlygyny aradan aýryp bilýändir. Göýberilen serişdäniň başga ýere ýaýrap gitme häsiýetiniň bardygyny hem göz öňüne tutmalydyr.

Ýörite gormon serişdeleriniň kömegi bilen hem uly bolmadyk kemçilikleri aradan aýryp bolýandyr. Onuň üçin gormon serişdäni görnüşiniň üýtgedilmegi islenilýän ýerlere deň derejede göýberme zerurdyr. Köplenç halatlarda serişde birnäçe tapgyrda göýberilýär.

Ýörite sapaklaryň kömegi bilen burnuň ujyny galdyrma ýa-da burnuň ýelkenlerini kiçeltme çärelerini geçirip bolýandyr. Onuň üçin sapaklary deşikleriň kömegi bilen geçirip hem-de gerek ugurda çekip, islenilýän burnuň görnüşini gazanyp bolýandyr. Ýöne bu usul sapaklaryň üzülip bilme we olaryň salnan ýerinde gödek tyg yzlarynyň galyp bilme howpunyň bardygy sebäpli hirurglar tarapyndan çäkli ulanylýandyr.

Burun plastikasy babatda gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap tapyp, lukmanyň maslahatyny almak üçin S. Niýazow adyndaky Bejeriş we maslahat beriş hassahanasynyň plastiki hirurgiýa bölümine ýüz tutup bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 Resul 94 2016-03-24 11:23
Hormatly dogtor burun operasiyasyny turkmenistanda etme mumkinmi
Sitata
 
 
#1 Eziz 2014-07-08 00:01
maslahatynyz u.n sag bolun admin, fillerler turkemnistanda barmy?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele