Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Otorinolaringologiýa (Gulak-burun-bokurdak) UKYDA DEM ALŞYŇ WAGTLAÝYŇ TOGTAMAGYNYŇ KESELI: SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERGI ÇÄRELERI
( 23 Ses Berme )

Hormatly lukmanlar! Meniň durmuşda kösenýän meseläm bar. Men gijelerine ukuda ýatan mahalym, dem almagymy unudýan ýaly bolýaryn. Demim ýetmän hopugup turýaryn. Soň ep-esli wagt ýatyp bilemok. (dogrusyny aýtsam gorkýan). Bu ýagdaý gündelik bolup duranok. Indi 5-6 gezek gaýtalandy. Beýle ýagdaý nämeden bolup bilýärkä? Agyrýan ýerim ýok. Saglygym gowy. Eger şeýle ýagdaýa gabat gelen bolsaňyz lukman maslahatyny bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Salam hormatly lukman! Soňky wagtlar, men kakamyň ukuda demi tutulýan ýaly bolup oýanýandygyny görýärin. Bu ýagdaý meni gaty alada goýýar. Kakam 49 ýaşynda. Lukmana gitmezmikä diýip pikir edýärin. Bu ýagdaý keselmikä? Maňa düşündirip bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

<<<>>>

30 ýaşdan uly her başinji adam ukyda horlaýar. Giňden ýaýran pikire görä, horruldy oňaýly bolmadyk, ýöne howpsyz ses emele gelmeleridir. Ýöne has "sesli" horruldylaryň, agyr kesel bolan, ukyda dem alşyň togtama (apnoe) keseliniň alamaty bolup durýandygy hemmelere mälim bolmasa gerek. Bu howply keseliň birinji şaýatlary höküminde, bolup geçýän şeýle ýagdaýy howsala bilen ýakyn maşgala agzalary synlaýarlar: horruldy birden kesilýär we howsala düşüriji dem alşyň togtamasy bolup geçip, biraz salymdan ýatan adam horruldap, el-aýaklaryny hereketlendirip dem alyp başlaýar. Kähalatlarda, gije umumy dowamlylygy 3-4 sagada ýetýän, dem alşyň 200-300 gezege çenli togtamagy syn edilip bilinýändir.

Uklap ýatan adamynyň dem alşynyň bozulmagy ukynyň bozulmalaryna hem getirýändir. Ukusyny alyp bilmedik adamda kellagyrylar, ukyçyllyk, gaharjaňlyk, ýadyň we ünsüň peselmegi, jynsy gowşaklygyň ýüze çykmagy ýaly alamatlaryň duş gelmegi mümkindir. Ondan başga-da, maşyn sürüjilerde ukynyň bozulmalary has howply ýagdaýlara getirip, bu keselden ejir çekýän adamlar ýol-hereketleriniň düzgünlerini, beýleki sürüjiler bilen deňeşdirilende, on esse ýygy bozýandyrlar.

NÄME BOLUP GEÇÝÄRKÄ?

Ýokary dem alyş ýollaryň geçirijiligi olaryň diametrine, damak myşsalaryň tonusyna, dem almada döreýän otrisatel basyşyň görkezijisine bagly bolup durýandyr. Adam uka giden wagty damak myşsalaryň ýuwaş-ýuwaşdan gowşamagy bolup geçip, olaryň diametriniň kiçelmegi üçin şert döräp bilýändir. Dem alma hereketinden soň otrisatel basyş döräp, dem alyş ýollarynyň diwarlarynyň ýakynlaşmagy üçin şert döreýändir we dem alşyň togtamasy bolup geçýändir. Dem alyş ýollaryň geçirijiligini dikeltmek üçin beýniniň işjeňleşmegi zerurdyr. Beýniden iberilýän impulslar damak myşsalarynyň tonusyny ýokarlandyryp, dem alyş ýollarynyň giňelmegini üpjün etmelidir. Kadaly dem alyş ýola goýlandan soň, beden kislorodyň ýeterlik derejesi bilen üpjün edilýändir we beýni ýene "uka gidip"… bu aýlaw ýene gaýtalanýandyr.

Ukyda dem almanyň wagtlaýyn togtama ýagdaýy uzak dowam edende ganyň kislorod bilen upjünçiligi peselýändir. Kislorod ýetmezçiligine beýni bilen ýürek has hem duýgurdyr. Irden ýüze çykýan kellagyrylar beýniniň kislorod ýetmezçiliginiň alamaty bolsa, ýürek myşsasynyň kislorod bilen upjünçiliginiň bozulmagy, howply bolan ýürek urşunyň näsazlyklaryna we ýürek myşsasynyň infarktyna getirip bilýändir.

Gije ýüze çykýan dem alşyň togtama hadysasy beden üçin stress ýagdaýyny döredip, gan basyşyň azwagtlaýyn ýokarlanmagynyň sebäbi bolup bilýär. Dem alşyň togtamagy gaýtalanyp duranda, gan basyşyň ýokarlanma keseliniň döremegi mümkindir. Şol sebäpden hem şeýle adamlarda beýnä gan inme (insult) keseliniň döreme mümkinçiligi ýokarlanýandyr.

Ukynyň doly alynmazlygy we beýnide kislorod ýetmezçiliginiň ýüze çykmagy, bedende ýag çalşygyna jogap berýän ösüş gormonynyň ýetmezçiliginiň sebäbi bolup biler. Belli bolşy ýaly, kabul edilen iýmitiň bir bölegi kuwwatlylyk çeşmesine öwrülýän bolsa, beýleki bölegi ätiýaçlyk ýag görnüşinde bedende toplanýandyr. Iýmit ýetmezçiliginde, ösüş gormonynyň täsiri bilen toplanan ýag kuwwatlylyk çeşmesine öwrülip, beden tarapyndan sarp edilýändir. Ösüş gormonynyň ýetmezçiligi netijesinde, zerur bolan ýagdaýynda ýagyň öwrülme hadysalary bolup geçip bilmeýär. Adam öz bedenini kuwwatlandyrmak üçin hemişe iýmeli bolýar. Iýmitiň bir böleginiň ýaga öwrülip toplanmagy we sarp edilip bilmezlik ýagdaýy adamynyň beden agramynyň ýokarlanmagyna getirýär. Üstesine hem, boýunda ýag gatlagynyň köpelmegi dem alyş ýollaryň has hem daralmagyna getirip, ukyda dem almanyň togtama keselini beterleşdirýändir.

Keseliň agyr derejelerinde erkeklik gormony bolan testosteronyň azalyp, jynsy gowşaklyga getirip biljekdigini hem bellemelidir.

NÄME ETMELI?

Uklama wagtynda dem alşy kadalaşdyrmaga gönükdirilen aşakdaky umumy maslahatlar, özbaşdak ýerine ýetirmek üçin niýetlenip bilner:

1. Gapdala öwrülip ýatyň. Arkan ýatylan wagty diliň gitmegi netijesinde hem dem almanyň togtama keseli ýüze çykyp bilýändir. Arkan ýatmaklygyň öňüni almak üçin ýönekeý we netijeli usul bardyr. Gije geýýän eşigiňiziň arkasyna, has takygy iki pilçäniň arasyna jübüjik tikip, oňa tennis oýnalýan pökgüjigi salyň. Şeýle ýagdaýda, adam her gezek arkan ýatjak bolanda oýanýandyr. Eýýäm 3-4 hepdeden adamda arkan öwrülmezlik endigi emele gelýändir.

2. Kelläňizi galdyryp ýatyň. Bu ýagdaýda hem diliň gidip, horruldynyň güýjemeginiň öňüni alyp bolýar.

3. Ukladyjy we rahatlandyryjy derman serişdeleri kabul etmekden gaça duruň. Bu serişdeler damak myşsalaryň tonusyny peseldip, dem alyş ýollarynyň geçirijiligine täsir edip bilýändir.

4. Ýatmazdan öň alkogolly içgileri kabul etmäň. Alkogol içgileri hem damak myşsalarynyň tonusyny gowşadyp, horruldynyň we dem alşyň togtamagynyň sebäbi bolup biler.

5. Beden agramyňyzy kadalaşdyryň. Barlaglaryň görkezişi ýaly, beden agramynyň 10% azalmagy, ukyda dem almanyň hilini 50%-e çenli gowulandyryp biler.

6. Çilim çekmäňizi taşlaň. Çilim çekme köplenç damagyň we aşaky dem alyş ýollarynyň alawlama ýagdaýyna getirip, olaryň çişginliliginiň sebäbi bolup biler. Şeýle ýagdaý hem dem alyş ýollarynyň daralmagyna getirip bilýändir.

7. Burundan erkin dem alşy ýola goýuň. Burundan dem almanyň kynlaşmagy horruldyny güýçlendirip, ukyda dem almanyň togtamasynyň sebäbi bolup biler. Eger şeýle ýagdaý wagtlaýyn häsiýete eýe bolsa, dümew wagty ulanylýan islendik damarlary daraldyjy derman serişdelerinden (galazolin, naziwin, otriwin) peýdalanyň. Burundan dem almanyň kynlaşmagynyň dowamly ýagdaýlarynda (polip, burun germewiniň gyşarmagy, burnuň nemli örtüginiň kadadan artyk ösmegi) gulak-burun-bokurdak lukmanynyň maslahatyndan soň, operatiw bejergi baradaky soragy çözmek zerurlygy döräp bilýändir.

8. Agyz boşlugyna salynýan serişdeleri ulanmak. Şeýle serişdeler höküminde, horrulda garşy ulanylýan "emzikleri" mysal getirip bolýandyr. Ondan başga-da, agyz boşlugyna salynýan serişdeleriň dürli görnüşi bu maksat üçin ulanmaga maslahat berlip biler. Köp halatlarda olar keseliň dine ýeňil görnüşinde peýdaly netijeleri berip, bozulmanyň eke-täk netijeli bejergi usuly höküminde kabul edilip bilinmez.

BEJERGI USULLARY

Häzirki wagtda horruldynyň döremegini we ukyda dem alşyň bozulmalaryny bejermek üçin aşakdaky usullar ulanylýar:

► Ýumşak kentlewügiň lazer bilen geçirilýän plastiki operasiýasy;

► Damagyň derejesinde degişli dokumalary (kentlewük mindalinasy, kentlewük diljagazlary) aýryp, dem alyş ýollaryny giňeltmäge ýardam berýän plastiki operasiýa (uwulopalatofaringoplastika). Operasiýa ukyda dem alşyň togtama keselini bejermek üçin ulanylýandyr. 5-7 ýyldan damak derejesindäki nemli örtükleriň ösüp, keseliň gaýtalanmagy we operasiýanyň agyryly bolmagy, bu usulyň ýetmezçilikli tarapy bolup durýandyr. Soňky ýyllarda bu usul seýrek ulanylýar.

► Dem alyş ýollarynda položitel basyşy (CPAP-bejergi) döretmek. Ýörite compressor turbajyklaryň we maskanyň kömegi bilen dem alyş ýollaryna çyglandyrylan howany berip, dem alyş ýollarynyň diwarlarynyň ýakynlaşmagynyň öňüni alýandyr. Häzirki wagtda ukyda dem alşyň bozulmalarynyň agyr görnüşlerini bejermekde giňden ulanylýan netijeli usul bolup durýandyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Meka. 2014-01-23 01:16
Aý, men-ä horlamanyň gelip çykyşyna düşmedimlaý! Çylşyrymly ekenin.
Sitata
 
 
#3 Kösenýän 2014-01-22 02:09
Be! Horlamanyň bejergisi gaty çylşyrymly. Ýöne, şol maslahatlar bilen oňaýmaly bolarda!Minnetdar!
Sitata
 
 
#2 Wepaly 2014-01-15 23:08
Hor çekýän adamyň ýatan jaýynda ýatmak güzaplyk. Muny diňe şol jaýda ýatan biler.Ukysy ýüzleý bolsa-ha bar onda...
Sitata
 
 
#1 Iner 2014-01-02 23:55
Wah! Uklan wagtyňda ýüze çykýan horruldy, özümiz bilmesek, duýmasak hem köpümizde duş gelýär. Sadadan, düşünmek üçin aňsat bu mowzuk bolup geçýän hadysany gowy düşündirýär. Eýsem-de özüň horruldamaýan bolsaň, horrullaýan adam bilen bir otagda ýatyp bir gör. Bu düşündirmeler her adamynyň özi hakynda önjeýli alada etmelidigini ýaňzydýar. Ýerine düşen ýatlama.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele