Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Otorinolaringologiýa (Gulak-burun-bokurdak) BURUNDA BOLÝAN YSLARYŇ SEBÄPLERI
( 5 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Meni burnumdan gelýän ys biynjalyk edýär. Ol has hem eglen wagtym bildirýär. Onuň sebäbi nämekä?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Burundan ysyň gelmeleri dürli sebäplere görä ýüze çykyp biler: burnuň nemli gatlagynyň sowuklamagy (rinit), ýüzde ýerleşýän sunk boşluklarynyň sowuklamagy (gaýmorit), dowamly allegiki täsirlilik, dowamly geçen dümew. Ondan başga-da, burundan gelýän ýaramaz yslar ozena keselinde ýüze çykyp, onuň sebäpleri doly anyklanan däldir. Ol burnuň nemli örtüginiň we süňkleriniň alawlama hadysasy we onuň netijesinde atrofiýanyň döremegi bilen häsiýetlendirilýär.

Burunda yslar parosmiýa keselinde hem döräp biler. Has takygy, adamynyň ys alyjylyk ukybynyň ýitirlendigi sebäpli, adama ýok bolan yslaryň hem "alynýan ýaly" bolmagy mümkindir.

Sebäpleriň köpdürliligini göz öňüne tutup, doly barlagdan geçmek we anyklamak üçin gulak-bokurdak-burun lukmanyna ýüz tutmagy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 emir 2016-07-23 17:39
Salam lukmam men gipatit b keselni gecirdim su keseli doly ganyndan ayryp bilyanmi doly ganyndan ayyrmak un name etmeli
Sitata
 
 
#1 jemsit 2016-05-10 10:20
Salam lukman sizin peydaly maslahatynyz gerek. Men dostymyn gozunin das towereginde maydajyk et sekili dugurdejikler bar bu namedenka. Bu ka mahallar gijeya.suna hayys sizin maslahatynyz gerek. Garasyan lukman
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele