Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Otorinolaringologiýa (Gulak-burun-bokurdak) GULAKDAKY OŇAÝSYZLYKLAR
( 6 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Men 21 ýaşymda. Meniñ gulagymyñ içinde bygyrdy bar, meniñ pikirimçe bir zat bar ýaly. Şondan bäri kellämde hem kämahal sanjylar bolýar. Maña maslahat bermegiñizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Gulakda döreýän şeýle oňaýsyzlyklar gan basyşynyň üýtgemegi, eşidiş nerw süýüminiň zeperlenmegi, kelle çanagynyň şikeslenme ýagdaýlary, eşidiş kanalyny gulak gutysynyň ýapmagy ýa-da gulaga kiçi mör-möjejikleriň düşmegi netijesinde döräp biler. Ondan başga-da, aşaky äň bognunyň käbir şikeslenmeleri hem şeýle duýgularyň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup biler.

Ýaramaz düýgularyň sebäbini anyklap, degerli bejeriş çärelerini geçirmek üçin gulak-burun-bokurdak lukmanyna ýüz tutmak ýerlikli bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 Nurmyrat 2016-01-30 16:30
Salam hormatly lukman! Men 26 yasymda. Menin sag gulagym kiciligimden bari esdisi pes yagny cep gulagymy yapsam sag gulagym esidenok diyen yaly. Meselem sunkden esidyar nausnikleri emma howadan esidenok. Kicika gulagym hic akmady agyrmady sol sebapli bu yagdayy wagtynda duyup bilmedim hemmelerde seyledir oydupdirin. Sag tarapymda biri gulagyma pysyrdasa esidemok bu meni onaysyz yagday doredyar.Yenede sag tarapymda yogyn sesli it uyurse, ya da uly ses bolsa kellam saryan yaly edyar. Sebabi namedenka? Minnetdarlyk bilen saytyn okyjysy.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele