Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Endokrinologiýa (Içki mäz ulgamy) DOWAMLY TEŞNELIKDEN KÖSENÝÄRIN
( 9 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Men 32 ýaşymda, jynsym erkek. Men elmydama suwsaýaryn. Gije turup hem suw içýärin. Hat-da gyş aýlary hem suwsuzlyk meni köseýär. Köp suw içmek zyýanlymyka we şeýle isleg nämeden döräp bilýärkä?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Bedende köp mukdarda peşewiň bölünip çykmasy we şonuň netijesinde suwsuzlanma döräp, teşneligiň ýüze çykmagy buşukdyryjy, ýokary gan basyşa garşy ulanylýan dermanlar we aspirin, insulin kabul edilende, piwo, kofe içgisi, gazlandyrylan içgiler işilende syn edilip bilinýändir. Şeýle-de, duzly tagamlar iýlende (nahar duzy damarlara suwy "çekip" alýar), uzak wagt dymyk, yssy howada bolma we işleme, fiziki işjeňlilik (derleme netijesinde beden suwuklyk ýitirýär) ýagdaýlarynda hem teşnelik döräp biler. Aslynda öz işjeňligine we daşky şertlere baglylykda, bedende alyş-çalyş ýagdaýlary kadaly saklamak üçin adama bir gije-gündizde 1,5-2 litre (6-8 stakan) çenli suw kabul etmek maslahat berilýär.

Ýöne dowamly teşneligiň ýüze çykyp, suwuklygyň aşa köp mukdarda kabul edilmegi galkan şekilli mäziň we galkan şekilli mäziň ýanyndaky mäzjagazyň ýokary işjeňliginde (gipertireoz we giperparatireoz), süýjüli däl we süýjüli diabetde, böwrek kesellerinde (ýiti we dowamly piýelonefrit we glomerulonefrit, böwrek ýetmezçiligi), ýokanç keselleriň ýiti döwründe ýüze çykyp bilýändir. Şeýle-de, beýniniň gipotalamus bölleginde teşneligiň merkezi ýerleşip, dürli bozulmalar (beýniniň täze döremeleri, şikeslenmeleri) onuň kadaly işlemeginde bökdençlik döredip biler.

Eger sizi hiç hili sebäpsiz, dowamly we surnukdyryjy teşnelik biynjalyk edýän bolsa, maşgala we endokrinolog lukmanyň maslahatyny alyp, degişli barlaglardan geçmek peýdaly bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 Mary 2015-04-12 21:09
Doktor dogry aydypsynyz.Mundan ep esli yyl ozal men kakam sheyle boldy.Tomus gunleri gije ayak aldygyna suw, kompot ichyar,ozal onun yaly daldi.Gije yatyrkada suwsap turya,hem Tualeda kop gatnayady.Son ejem añyp sen gorkez doktora gowulygyn alamty dal dp gezdi,son kakam Barlatsa,Suyji keseli diagnoz goydular.Ashgazan asty mäzi işlemesini goysa sheyle bolyar.Yone kakam ozune Hudayashukur gowy seredyar.Ondan 7 yyl geçdi yone kesel bn göreşyär.
Sitata
 
 
#1 Myhman 2015-03-29 12:43
Salam. Anna, ÿokarda Lukman size gowy jogap beripdir. Ÿöne meniñ maslahatym hökman barlagdan geçip, bejergi alyñ. Biperwaÿlyk etmäñ!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele