Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Endokrinologiýa (Içki mäz ulgamy) SAKGAL NÄME ÜÇIN ÖSENOK?
( 14 Ses Berme )

Salam hormatly lukman! Meniň size şeýleräk soragym bar. Men 19 ýaşymda, ýöne mende entek sakgal çykanok. Sakgalyň gür bolup ösmekligi ýa-da ösmezligi üçin sebäp bolup bilýän zat barmy? Sakgaly tiz osdürmäge kömek berýän çäreler bar bolsa, bizi şolar bilen tanyşdyrmagy haýyş edýäris. Sag boluň.

Saýtyň okyjysy.

Salam lukman! Sakgalyň gür ýa-da selçeň bolup ösmegi bedendäki haýsy sebäplere bagly bolup biler? Soragyma jogap berseňiz Sizden hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

<<<>>>>

 

Ýalňyşmaýan bolsam, bu sorag ýetginjeklik döwrüni tamamlap barýan oglanlaryň 80%-ni gyzyklandyrýan bolsa gerek. Her bir ýetginjek oglan kämillik döwrüne mese-mälim bildirýän, rejelenip idedilen we erkek adamynyň esasy häsiýetnamasy bolan, ýüzünde garalyp duran sakgaldyr murty bilen gadam basasy gelýär. 16 ýaşa çenli ýetginjegiň ýüzünde gyl örtüginiň bolmazlygy kadaly hasaplanýan bolsa, 19-20 ýaşa ýeten ýigitde onuň bolmazlygy birnäçe sebäpler bilen düşündirilip bilner.

Gama batmazdan öň, sakgalyň ösmeginiň nesil yzarlaýjylyk häsiýetine baglydygyny göz öňüne tutyp, öz ataňyzda, kakaňyzda onuň näçe ýaşda peýda bolandygyny anyklamak ýerlikli bolar. Mümkin, siziň kakaňyz 26-27 ýaşda sakgalyny syryp başlandyr.

Bedende endokrin üýtgemeleriň gijigip tamamlanmagy hem seýrek sakgally bolma mümkinçiligini döredip biler. Şol sebäpden hem, galkan şekilli mäziň gormonlaryny we erkeklik gormony bolan testosteronyň derejesini anyklamak üçin endokrinolog lukmanyna ýüz tutma hem ýerlikli bolardy. Mümkin, lukman barlaglaryň netijesini göz öňüne tutyp, size degişli gormon serişdesi bilen bejergini bellär. Ondan başga-da, beýni we oňurga şikeslenmeleri başdan geçirilen halatlary ýa-da käbir derman serişdeleriniň ulanylan ýagdaýlary hem gür sakgallylygyň bolmazlygynyň sebäbi bolup biler.

Çynlakaý sebäpler bolmadyk ýagdaýlarda, öý şertlerinde birnäçe peýdaly hasaplanyp, ulanylyp görlen usullardan peýdalanma zyýan etmezmikä diýip hasaplaýarys:

3 aýyň dowamynda kastor (sürgi) ýagyny ýuwulan, arassa kellä çalyň. Bejergi agşam, ýatmazdan öň geçirilse amatly bolar. Edilýän täsiri güýçlendirmek üçin, kastor ýagyny kamfora ýagy bilen garyp ulanma peýdalydyr. Ýaglaryň ikisi hem saç haltajyklarynyň ýagdaýyna ýaramly täsir edip, ondaky gan aýlanşygy güýçlendirýändirler. Ýaglaryň utgaşdyrylan ýapgysyny, her gün 15-20 minut saklap ýuwmalydyr. Bu bejergini 6 aý dowam etme maslahat berilýär.

Deriniň gan aýlanşygyny güýçlendirip, saçyň ösmegini tijendirmek üçin gyzyl burçdan, gadyrdan (repeýnik) ösümliginden alnan ýagdan ýasalan ýapgylary ulanma hem peýdaly netijeleri berip biler.

Çopantelpegiň, çeňňeliň, atgulagyň, çit-çitiniň gaýnatmalaryna ýuwunma hem maslahat berilýär. Bu otlar saçlary berkidip, onuň ösüşini tijendirýändir.

Derman senagatynyň öndürýän we saçy ösdürmek üçin hödürleýän, gormon saklamaýan serişdelerini (meselem, Minoksidil ýa-da şoňa meňzeş serişdeler)hem, lukmanyň maslahatyndan soň ulanma peýdaly bolar.

Öý şertlerinde taýynlanýan ýörite ýapgylar hem, gyl örtüginiň ösmegine itergi berip biler. Meselem, süýdi, baly we süläni alyp, mazaly gatyşdyryň. Taýyn bolan ýapgyny ýüzüňize çalyp, 20-25 minut saklap ýuwuň.

Dogry iýmitlenme, elbetde, saç örtüginiň sagdyn we çalt ösmeginiň şerti bolup durýandyr. Kadaly iýmitlenip, öz iýmitiňize sygyr etini, dorog, süýt we süýt ömümlerini, ýumurtgany goşuň. Bedende belogyň we kalsiý mineralynyň doly üpjün bolmagy, saçlaryň (şol sanda sakgalyň) hem ösmegi üçin gowy şert bolup durýandyr. Kalsiý we sink minerallaryny saklaýan witamin we mineral toplumlaryny kadaly kabul etmäge çalşyň.

 Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Maksat 2015-01-22 06:45
Salam LUKMAN, MEN SAKGALYM GATY TIZ OSYAR, UTSEMEM YZY UZULENOK, CYKYP DUR SONY OSDURMEYÅN NAHILI DERMANLAR BARKA, ? ALMAKDANAM BIZAR BOLDUM, BIR GUN GECMÄN GARALYP DUR, $OÑA GAR$Y ya-da ÖSMEGI HAYALLADYAN DERMAN YOKMUKA?
Sitata
 
 
#2 Gadam 2013-11-05 17:26
Salam hormatly lukman! Endamynda doshunde chykyan tuyleri yok edip bolarmy innikide cykmaz yaly yogsa gun gunden kopelip barya
Sitata
 
 
#1 Yslam 2013-11-04 11:47
Salam hormatly lukman sac oturtmak mumkinciligi bizin yurdumuzdada barmy
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele