Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Endokrinologiýa (Içki mäz ulgamy) GALKAN GÖRNÜŞLI MÄZIŇ ZOB KESELI: GÖRNÜŞLERI, SEBÄPLERI, BEJERGI ÇÄRELERI
( 21 Ses Berme )

Salam hormatly lukman! Meniň söýgüli gyzymyň zoby bar. Öýkelemesi ýa-da aglamasy aňsat bolýar. Basym nesip bolsa, bagt toýuny tutmaly. Zoby düýpli bejermek mümkinmi? Bu ýagdaý geljekde dogjak çaganyň saglygyna zyýan ýetirip bilermi? Gelinligimde zobyň alamatlary bildirmez ýaly men näme etmeli? Eger mümkin bolsa giňişleýin düşündirmegiňizi we maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Salam lukman! Men 27 ýaşymda. Özümiň hem zob keselim bar. Lukmana kadaly görkezemok. Aram-aram bogulýan ýaly bolýaryn. Men bu ýagdaýdan operasiýa etdirmän dynyp bilmezmikäm? Aslynda zob nämeden döreýär? Giňişleýin jogap berseňiz Size minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

GALKAN GÖRNÜŞLI MÄZIŇ ZOB KESELI: GÖRNÜŞLERI, SEBÄPLERI, BEJERGI ÇÄRELERI

Adam bedenindäki galkan görnüşli mäz endokrin ulgamyň işini kadaly ýagdaýda saklamakda we alyş-çalyş hadysalary sazlamakda iň wajyp orunlaryň birini eýeleýändir. Onuň tagallasy bilen biziň bedenimiz dürli ýokanç kesellerden goranyp, süňküň berkligini we mäkämligini saklaýar. Ýöne dürli daşky we içki faktorlar galkan şekilli mäziň işine täsir edip, onuň wezipesini üýtgetmek bilen dürli keselleriň döremegine sebäp bolup bilýändir.

Galkan şekilli mäziň zoby – umumylaşdyrylan düşünje bolup, bu alamat onuň dürli kesellerinde duş gelip biler. Ol galkan şekilli mäziň adatdaky ýagdaýyndan ulalmagy we görnüşiniň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýär. Galkan şekilli mäzi bokurdagyň öňki tarapynda ýerleşip, erkek adamlarda onuň adaty göwrümi 25 sm3, aýallarda 19 sm3 deňdir. Mäziň ulalmagy adamyň boýnunyň ýognamagyna getirýär.

Zob keseliniň görnüşleri mäziň işjeňliginiň üýtgemegine baglylykda tapawutlandyrylýandyr:

1. Gipotireozly zob. Galkan görnüşli mäziň işjeňligi pese düşýär. Köplenç ýod ýetmezçilikli ýerde ýaşaýan adamlarda (endemiki zob) we autoimmun zeperlenmelerinde (Haşimotonyň zoby) ýüze çykýar.

2. Eutireozly zob. Galkan görnüşli mäziň işjeňligi adaty ýagdaýda galyp, ol üýtgemeýär. Endemiki zobyň başlangyç tapgyrlarynda we göwrelilikde ýüze çykyp biler.

3. Gipertireozly zob. Galkan şekilli mäziň işjeňligi ýokarlanan bolup, bu ýagdaý mäziň adenoma keselinde we Bazedowa keselinde (ýaýraň zäherleýji zob) duş gelýär.

Galkan görnüşli mäziň wezipesi nämeden ybarat?

Ýodtironin diýip atlandyrylýan, ýörite düzüminde ýod bar bolan gormonlary işläp çykarma galkan görnüşli mäziň wezipeleriniň esaslarynyň biridir. Mäziň öýjüklerinde iki esasy gormon tetraýodtironin (T4) we triýodtironin (T3) emele getirilýär. Olar süňk ulgamyň berkligi üçin zerur bolan kalsiý we fosforminerallaryň dogry özleşmegine jogap berýändir. Bu iş gönüden-göni galkan şekilli mäziň ýody ulanyşyna baglydyr. Bedende ýoduň mukdarynyň üýtgemegi, esasanda onuň ýetmezçiligi, galkan şekilli mäziň ony bedenden "tapyp alyp" özleşdirme mümkinçiligini amala aşyrmagy üçin mäziň ulalmagyna getirýär.

Galkan şekilli mäziň dokumasynyň düzüminde bolup geçýän üýtgemelere görä, onuň aşakdaky görnüşlerini aýyl-saýyl edýärler:

Düwünli zob galkan şekilli mäziň çäklenen ýeriniň ulalmagy we bir ýa-da ondan hem köp düwünleriň döremegi bilen häsiýetlendirilýär. Zobuň bu görnüşi, köplenç galkan şekilli mäziň düwnük we adenoma keselinde duş gelýär.

Diffuz zoby – galkan görnüşli mäziň deň, birsydyrgyn ulalmagy bilen häsiýetlendirilýär. Keseliň bu görnüşiniň döremegi, köplenç mäziň işiniň peselmegi bilen baglydyr.

Zobyň gatyşyk görnüşi örän seýrek duş gelýär. Ol galkan görnüşli mäziň käbir ýerlerinde bir şekilli dokumanyň ösmegi hem-de düwünleriň döremeginiň utgaşmagy bilen häsiýetlendirilýär. Bu görnüş Bazedowa keselinde, mäziň täze döremelerinde duş gelip biler.

Zob näme sebäpden ýüze çykýar?

Galkan şekilli mäziň dokumasynyň ösmegi, bedeniň ýüze çykýan dürli sebäplere berýän jogabydyr. Olaryň iň esasysy bolsa, ýokarda bellenilişi ýaly, ýoduň ýeterlikli derejede kabul edilmeýänligidir. Ýody kabul etmegiň derejesi yzygiderli ýetmezçilik edende, bedene düşýän ýody we beýleki maddalary, mümkin boldugyça köp almak synanşygy mäziň ulalmagyna getirýändir.

Maglumatlara görä, galkan şekilli mäziň keselleri (şol sanda zob hem) bilen köplenç aýallar, erkeklere garanyňda bäş esse ýygy keselleýändirler. Ýokary keselçiligiň sebäbi hem, jynsy kämillik, göwrelilik we çaga emdirme döwründe mäziň gormonlaryna bolan talabyň ýokarlanýandygy bilen düşündirilýär.

Zobyň ösmegine sebäp bolýan faktorlaryň ýene biri autoimmun hadysalarynyň döremegidir. Beden üçin kadaly bolmadyk bu ýagdaý netijesinde, adamyň öz immun ulgamy mäziň dokumasyna täsir edýän maddalary işläp çykaryp, onuň ulalmagyna hem-de üýtgemegine itergi berýändir.

Daşky gurşawyň hapalanyp, adam bedenine zäherleýji maddalaryň düşmegi hem ýod ýetmezçiliginiň döremegine we mäziň işiniň üýtgemegine sebäp bolup biler.

ZOBYŇ ALAMATLARY NÄMEDEN YBARAT?

Keseliň irki tapgyrynda galkan görnüşli mäziň zoby aýdyň alamatsyz geçip biler. Galkan görnüşli mäziň keselleri ýokary ýadawlylyk, myşsalaryň gowşaklygy, emosional durnuksyzlyk, gaharjaňlyk, çendenaşa derlegenlik, täretiň bozulmagy, eliň titremegi, ýürek urgusynyň ýokarlanmagy, göz almajygynyň hanasyndan çykyp durmagy (ekzoftalm) ýaly alamatlary bilen ýüze çykyp biler.

Aýallarda mäziň kadasyz işlemegi aýbaşynyň bozulmagy, önelgesizlik ýagdaýlaryna, göwrelilik döwründe bolsa çaganyň düşmegi, onuň ösüşden yza galmagy, çagada dogabitdi bu mäziň keselleriniň döremegi ýaly gaýraüzülmelere getirip biljekdigi göz öňüne tutulyp, barlag we bejeriş işleriň geçirilşine üns berilmegini talap edýär.

ZOB KESELI NÄDIP ANYKLANYLÝAR?

Galkan görnüşli mäziň keselleriniň (şol sanda zobuň hem) anyklaýyş işleriniň netijeli usullarynyň esasylary aşakdakylardan ybaratdyr:

Barmaklaryň kömegi bilen basyp anyklamak usulynyň kömegi bilen galkan görnüşli mäziň ululygy, onuň dokumasynyň ýagdaýy barada maglumaty alyp bolýar. Bu usul adatça ilkinji barlag höküminde ulanylyp, onuň netijesi boýunça lukman näsaga goşmaça barlaglary belleýär.

Ultrases barlagy mäziň dürli kesellerini anyklamakda has takyk, netijeli usul hasaplanýar. Ol giňden ýaýran we elýeterli usul bolup, mäzde ýüze çykan her bir üýtgeşmäni irki döwürde anyklap, netijeli bejergi bellemeklige mümkinçilik döredýär.

Ganyň derňewiniň kömegi bilen galkan görnüşli mäziň gormonlarynyň işlenip çykarylyş ýagdaýyny yzarlap bolýar. Bu görkezijileriň derňewiň geçirilýän wagtyna, bedeniň ýagdaýyna baglylykda üýtgäp durýanlygy sebäpli, barlagy beýleki usullar bilen utgaşykda ulanmak peýdaly bolup biler.

Ganyň derňewiniň netijesinde tireoglobulini (mäziň gormonlary bilen birleşýän belok) ýüze çykarmak, anyklaýyş çäreleriniň wajyp görkezijileriň biridir. Bu belok bedendäki ýod ýetmezçiligi netijesinde köp mukdarda işlenip çykarylyp başlanýar. Ol bolsa öz gezeginde galkan görnüşli mäziň ulalmagyna itergi bolýar.

ZOB KESELINIŇ BEJERGISI

Zob keselini bejermekde galkan görnüşli mäziň işjeňlik derejesini anyklamak esasy orny eýeleýär. Onuň işjeňligi durnukly we üýtgewsiz bolanda bejergi örän çäkli geçirilýär. Bular ýaly halatda köplenç ýörite berhiz we näsagyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik bellenilýär. Ýöne galkan görnüşli mäziň ýokary işjeňliginde, onuň gormonlarynyň derejesini kadalaşdyrýan serişde bolan merkazolili, endokrinolog lukmanyň gözegçiliginde dowamly kabul etma maslahat berilýär. Mäziň gormonlarynyň ýetmezçiligi bilen geçýän kesellerde öwezini dolma usuly mäziň gormonlaryny (tiroksin, tireokomb, tireotom-forte, L-tiroksin) dowamly ulanma bejergisi geçirilýär.

Zob ulalan ýagdaýynda dem alyş agzalara, gan damarlara, nerw süýümlerini basyp, howply gaýraüzülmelere getirip bilýär. Galkan görnüşli mäziň ulalmagynyň iň howly gaýraüzülmesi – howply täze döremäniň ýüze çykmagydyr. Bular ýaly ýagdaýda hirurgiki bejergi, himiki serişdeler bilen täsir etme usullary bellenilýär.

ZOB KESELINIŇ ÖŇÜNI ALYP BOLÝARMY?

Galkan görnüşli mäziň alawlama (tireoidit) hadysalarynyň bejergisini doly we özwagtynda geçirmek, zyýanly endikleriň täsirinden gaça durma, ýod ýetmezçiliginiň we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni alma bu mäziň üýtgeme derejesini peseltmäge ýardam berip biler.

Ilatyň arasyna ýod ýetmezçiliginiň öňüni almak maksady bilen, ýodlanan duzy iýmitde ulanma peýdaly netijeleri berip biler. Bir günde şeýle duzyň 10 gramynyň kabul edilmegi bedeni 200 mkg. ýod bilen baýlaşdyrýandyr. Mäziň keselleriniň ýüze çykma töwekgelçiligi ýokary bolan ilat toparlarynda (çagalar, ýetginjekler, göwreli we çaga emdirýän aýallar) ýodly serişdeleri (kaliý ýodid) bellenen mukdarda ulanma hem esasy öňüni alyş çäresi bolup durýandyr.

Iýmitde ýoda baý bolan önümleri deňiz önümleri, süýdi, sygyr eti, mesgäni, ýumurtgany, ir-iýmişleri (limon, gawun, üzüm, hurma, alma), gök önümleri (sarymsak, tomat, ýer almasy, käşir) kabul etme hem gündeki zerur bolan ýodyň mukdaryny almaga kömek edip biler.

Bütündünýä Saglygy goraýyş guramasynyň tassyklamagyna görä, bir gije-gündiziň dowamynda ýodyň aşakdaky mukdaryny kabul etme kadaly hasaplanýar:

5 ýaşa çenli çagalara 80-100 mkg. çenli;

12 ýaşa çenli çagalara130 mkg. çenli;

Uly adamlar we 12 ýaşdan uly çagalar 160 mkg. çenli;

Göwreli we çaga emdirýän aýallara 200 mkg. töweregi.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#9 Meylis 2017-08-25 11:27
Salam lukman.men 17yasimda yone zob sebabli boyum osenok boyum 155 name maslahat beryaniz.
Sitata
 
 
#8 Maral 2016-09-28 11:55
Jogap yazmagyza garshyaryn lukman
Sitata
 
 
#7 Maral 2016-09-16 20:40
Jogabynyza sabrsyzlyk bilen garashyan !
Sitata
 
 
#6 Maral 2016-09-16 20:38
Salam lukman men zob keselinden ejir cekyan sac dushman nadip onini almaly ?
Sitata
 
 
#5 Maksat 2014-03-13 02:46
Salam hormatly lukman, menin klasdaşymyn zob keseli bar, ol zob keselinden ejir chekyar. Zob keseli ýuregin işleyşinede zyyan yetirip bilyarmi? Yagny şol yurege yetiren zyýany bilen ölum howpuna chenli getirip bilyarmi? Mundan başgada zob keseli namelere zyýan yetirip bilyar? Jogaplamagynyzy hayyş edyarin...
Sitata
 
 
#4 Merdan 2014-02-25 21:02
Salam hormatly lukman, menin klasdaşymyn zob keseli bar... Shol zob keseli yurege her hili zyyanlar yetirip bilyarmi? Yagny ölum yagdaya chenli getirip bilyarmin? Jogaplamgynyzy hayyş edyarin.
Sitata
 
 
#3 Lukman 2014-01-28 02:51
Hormatly Annageldi!
Galkan şekilli mäziň işiniň kadalygyny we onuň dürli bozulmalarynyň häsiýetini, onuň bölüp çykarýan gormonlarynyň derejesinden kesgitlemek bolar.Bu gormonlaryň derejesini S.Türkmenbaşy ad. saglygy goraýyş müdüriýetlerine degişli anyklaýyş merkeziniň, Iç keseller merkeziniň,"Ene mähri" merkeziniň,Türk gospitalynyň barlaghanalarynda anyklap bolar.
Sitata
 
 
#2 Annageldi 2014-01-25 13:28
Sizin beren maslahatynyzy okadyk. Kop minnetdar. Zobucin ganyn barlagyny yurdymyzyn haysi yerinde haysi hassahanasynda barlatmak mumkinciligi bardygyny hem aytsanyz oran hosal bordym.
Sitata
 
 
#1 Okyjy 2013-07-20 14:44
Beren maslahatlaryňyza köp sag boluň.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele