Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Endokrinologiýa (Içki mäz ulgamy) ZOB WE SAÇ DÜŞME
( 5 Ses Berme )

 

 

Salam, hormatly Lukman! Meniň 2004-nji ýyldan bäri zobum bar. Zoby kesdirmäge gorkýaryn. 2006-njy ýyldan bäri saçym düşüp gelýär. Özimem 24 ýaşymda / Hormatly Lukman, indi näme çäre görmeli? Giňişleýin maglumat bermegiñizi haýyş edýärin?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Galkan şekilli mäzde düwnüň (zobuň) döremegi bu mäziň dürli kesellerinde ýüze çykyp, bu ýagdaý mäziň işiniň ýokarlanmagy ýa-da peselmegi bilen utgaşýandyr.

Saçyň düşmegi bu mäziň gormonlarynyň ýetmezçiliginiň alamaty bolup biler. Bu dörän ýagdaý endokrinolog lukmanyň kadaly gözegçiligini talap edýändir. Düwni aýyrmaga görkezmeler bolmadyk ýagdaýynda hem, gormon bejergini belli bir düzgün boýunça kabul etmek peýdaly bolar. Size lukman tarapyndan kadaly gözegçilik gerek.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 merdan 2016-10-04 00:04
Salam lukman 11 ýaşly oglanda da zob bolup bilermi? mümkin bolsa şu barada maskacat berseňiz!
Sitata
 
 
#5 Maral 2016-09-22 17:03
Salam lukman gayrat edip jogap yazayynda
Sitata
 
 
#4 Maral 2016-09-16 20:51
Salam lukman men zob keselim bar "l-traksin "dermany 2ay bari icyan yzgider icman zyyany bolup bilermi ?
Sitata
 
 
#3 Muhammet 2015-05-30 18:54
Salam hormatly lukman, saç düşmesiniň öňüni almak ün näme etmrli?. Saç düşse şol düşýän ýerine sarymsagyň owrudylan görnüşinde suwuny çalsaň peýdasy bamyka?
Sitata
 
 
#2 atsyz 2014-05-02 21:29
Quoting atamyrat:
Sac nameden dusyar
Gonok hem hic ayrylmayar
Name care gorsem bolar

Atamyrat, jogaplar şu ýerde http://www.saglyk.info/component/content/article/27-turkmence/665-yygy-yygydan-soralyan-soraglar.html
Sitata
 
 
#1 atamyrat 2014-05-02 21:00
Sac nameden dusyar
Gonok hem hic ayrylmayar
Name care gorsem bolar
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele