Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Endokrinologiýa (Içki mäz ulgamy) ZOB
( 8 Ses Berme )

 

 

Salam, lukman! Mende damagymda zob bar. Näme etsem bolar? Demim gysýar, gijelerine bu ýagdaý güýjeýär. Siziň maslahatyňyza garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Zob – galkan şekilli mäziň ulalmagy bilen häsiýetlendirilýän kesel bolup, bu umumy düşünje mäziň zeperlenmegi bilen geçýän köp kesellerine degişlidir. Galkan şekilli mäziň (GŞM) işiniň üýtgemesine baglylykda zobuň birnäçe görnüşlerini tapawutlandyrylýar: GŞM-iň işiniň peselmegi bilen (ýod ýetmezçilikli ýerlerde duş gelýän endemiki zob), kadaly işiniň saklanmagy bilen (endemiki zobyň başlangyç tapgyry, göwrelilik döwri), mäziň işiniň ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýän (GŞM-iň adenomasy, Bazedowa keseli) zob.

Demiňiziň gysmagy bolsa, zobuň ulalyp bokurdagy, traheýany basýanlygynyň alamatydyr. Bu ýagdaýa sesiň gyrylmagy, gury üsgülewük ýaly alamatlar, damakda "bir zat bar ýaly" duýgynyň döremegine getirip biler.

GŞM-iň zoby, onuň işiniň bozulmalaryna baglylykda dürli bejergi usullaryny talap edip biler: mäziň işläp çykarýan gormonlarynyň ýetmezçiliginde olary kabul etmek, mäziň ýokary işjeňliginde gormonlary kadalaşdyryjy serişdeleri (meselem, merkazolin), görkezme boýunça radioaktiw ýody ulanma, hirurgiki bejergi.

GŞM-iň işiniň bozulmalaryny anyklap, zobuň ösmeginiň öňüni almak üçin çäreleri bellemek maksady bilen endokrinolog lukmanyna ýüz turmagyňyzy maslahat berýäris.

GŞM-iň bozulmalarynyň hemme beden agzalaryna (ýürek-damar ulgamy, alyş-çalyş ýagdaýlary, önelgelilik kynçylyklary) täsirini ýetirýänligini belläsimiz gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 Dilya Charyeva 2014-11-20 18:02
Salam lukman.Menin ejemin damagynda oz ozumden zob peyda boldy ejem gijeleri yatyp bilenok usgulewik demi gyzmadan bu keselin onuni almagyn yoluny bilseniz bize komek etmegizini hayys edip sorayaryn ejem ucin
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele