Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Endokrinologiýa (Içki mäz ulgamy) FIZIKI TAÝDAN HORLUK
( 4 Ses Berme )

 

Salam, hormatly Lukman! Men 21 ýaşymda we muňa garamazdan men öz deň-duş dostlarymyň arasynda iň hor görünýäni. Men bu mesele boýunça ozal birnäçe maslahat alypdym, witamin ýetmezçilik bar diýipdiler, alýan witaminlerim maňa kömek etmeýär. Belki, mende witamin ýetmezçilik däldir, biziň maşgalamyzda diňe men hor. Men ozallar kän alada etýärdim, sebäbi işim gaty jogapkärlidi. Ýöne indi beýle-de däl, arkaýyn işleýän, ýone şonda-da men hor. Şu babatda Sizden geljek maslahata garaşýan. Öňünden sagbolsun aýdýarys.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Bedeniň agramy (has takygy myşsa agramlylygyny köpeltmek üçin) ýokarlandyrmak üçin köp iýmitlenme we beden türgenleşiklerini geçirmek gowy netijeleri berip biler.

Onuň üçin Size aşakdaky maslahatlary berip bileris:

  • Beloga, ýaglara, uglewodlara baý bolan iýmit önümleri bilen iýmitleniň. Günüň dowamynda 3-4 gezek naharlanmadan başga-da, arasynda hem iýmitlenmäge çalşyň. Et, ýumurtga, balyk, dorog, maňyzlar, süýt, däneli önümlerden edilen şüleler, ak çörek Siziň iň köp kabul edýän önümleriňiz bolmalydyr.
  • Gök önümleri we ir-iýmişleri kabul etmek hökmandyr. Şolarsyz iýlen önümler ýeňil özleşmeýär. Siz içiň gatamagynyň hem öňüni alyp bilersiňiz. Gök önümlerden taýynlanan işdäçarlary naharyň ýanyndan iýmäge çalşyň.
  • Duzy köp saklaýan önümleri iýmekden saklanyň. Duz bedende artyk suwy saklap, agzalara, esasan hem ýürege artykmaç agramlylyk salyp biler.
  • Witaminleri saklaýan gerdejikleri kabul ediň.Olary açlygyňyza (ýogsa-da Siz hiç haçan aç bolmaly dälsiňiz) däl-de, nahardan soň kabul etmelidir.
  • Mümkin boldugyndan köp ýatyp, dynç aljak boluň.
  • Iýýän önümleriňiz ýaga geçmän, myşsa agramlylygyny üpjün eder ýaly, türgenleşme maşklary bilen kadaly meşgullanyň. Türgenleşme meýilnamasy garyn myşsalaryny türgenleşdirmekden, gantelleri, turnikleri, ştangalary ulanmakdan düzülen bolup, netijelere gözegçilik etmek üçin tälimçiniň maslahatyny alyp, onuň gözegçiliginde bolmak peýdaly netijeleri berip biler.

Myşsa agramlylygyny ýokarlandyrmakda belokly we uglewodly içgileri kabul etmek hem peýdaly bolup biler. Bu içgiler dürli-dürli bolup, kabul etmekden öň sport tälimçiňiz bilen maslahatlaşmak zerurdyr.

Bedeniň agramyny birden ýokarlandyrmakdan saklanyň. Iýmitlenme we türgenleşme netijesinde her hepdede agramyň 2-2,5 kg köpelmegi kadaly hasaplanýar.

Hormat bilen, Lukman.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 Lukman 2012-09-19 17:53
Suwuň işdäni kesýändigini ýörite düzülen berhizleriň hemmesi hem tassyklaýarlar. Naharlanmadan öň bir stakan suwuň kabul edilmegi aşgazanyň dolma duýgusyny döredip, işdäni peseldip bilýändir.
Suwuň bu häsiýetini işdämen, ýöne horlanmagy ýuregine düwen adamlar ulanyp bilerler. Bu maksat üçin diňe suw däl-de, gazy çykarylan mineral suwlary ýa-da ir-iýmiş şirelerini hem kabul edip bolar.
Sitata
 
 
#1 arslan 2012-09-12 13:11
salam hormatly lukman, kop suw ichmek adamyn ishdasini kesip bilermi? shu babatda-da maslahat berip gechayseniz. sagbolun
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele