Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Endokrinologiýa (Içki mäz ulgamy) DIFFUZLY ZOB KESELI WE FIZIKI IŞJEŇLIK
( 3 Ses Berme )

 

 

Salam lukman. Mende II derejeli diffuzly zob keseli bar. Sport bilen meşgullanmasam özümi ejiz, güýçden düşen yaly duýýan. Sport bilen meşgulllansam hem gözlerim top ýaly çişýär. Meniň name etmelidigim barada maslahat berseňiz hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Galkan şekilli mäziň işiniň bozulmalary bilen ýüze çykýan diffuzly zob keselinde ýüregiň işiniň (çalt urmagy), bedeniň alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmagy bolup geçýär. Siz öz soragyňyzda geçiren bejergileriňiz we häzir kabul edýän dermanyňyz (eger bejergi geçirýän bolsaňyz), gyzyklanýan sportuňyzyň görnüşi barada maglumat bermeýärsiňiz. Aslynda diffuzly zob keselinde, esasan hem ýüregiň ýygy urmalary bolan ýagdaýynda sportuň çylşyrymly, köp güýji sarp edýän görnüşleri bilen meşgullanmak maslahat berilmeýär. Derman serişdeleri bilen durnukly ýagdaý gazanylandan soň, suwda ýüzme, basketbol, tennis oýunlary ýaly görnüşleri bilen meşgullanma maslahat berlip biler. Dörän ýagdaý babatda has anyk maslahatlary dine size gözegçilik edýän endokrinolog lukmany berip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele