Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Endokrinologiýa (Içki mäz ulgamy) SÜÝJI KESELINE PEÝDALY DERMANMY?
( 7 Ses Berme )

 

Salam hormatly lukman! Meniň kakamda suyji keseli bar. Ol 1968-nji ýylda doglan. Dogrusy suyji keseli nesil yzarlaýar diýýärler, ýöne biziň garyndaşlarymyzda suyji keselli adam yok. Meniň sorajak bolýan zadym düýbünden başga zat. Men Internetde suyji keseline garsy haýyr edäýjek dermanlar barada soradym. Şonda maňa "monastyrskiý çaý" dermanyny öwdüler. Ondan soň şol keselli adamlardan şol çay barada soradym. Yöne olar düýbünden ondan bihabardygyny aýtdylar. Eger mumkin bolsa, şol çaýyň süýji keseline edýän täsirleri barada giňişleýin gürrüň beräýseňiz hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Gadym zamanlardan buthana gullukçylarynyň agaçlaryň ýaş ýapraklaryndan, derman hasaplanýan otlaryndan we güllerden toplap ýasaýan dermanlyk birleşmeleriniň düzümleri şu günlere çenli ýetirilip gelindi. Dermanlyk birleşmäniň ady hem şundan gelip çykýandyr. Buthananyň ýerleşýän ýerine baglylykda otlaryň düzümi we oňa goşulýan derman otlaryň sanawy hem üýtgedilipdir.

Düzümlerine görä ol çaý düzümleri birnäçe häsiýetli bolupdyr. Olaryň düzümine girýän polifenal birleşmeleri güýçli antioksidant we ganyň lagtalanmagyna garşy täsirli bolsa, polisaharidler duz we suw çalşygyny kadalaşdyrypdyrlar. Olaryň düzümindäki taninler içgeçmä we babasyl keselinde peýdaly bolsalar, aminoturşylyklar bedendäki beloklaryň emele gelmegini sazlapdyrlar. Efir ýaglary bolsa alawlama hadysasyny bejermäge we agyrylara garşy netijeli serişde bolupdyr.

Bu çaýyň esasy häsiýetlerine uglewod çalşygyny kadalaşdyrma, aşgazanasty mäziň işini gowulandyrma we öýjükleriň insuline bolan düýgurlylygyny ýokarlandyrma ýaly häsiýetler hem degişli edilip, ony süýji keselli näsaglara maslahat berýärler. Öndürijileriň bellemegine görä, otlaryň toplumy näsaglaryň umumy ýagdaýynyň gowulaşmagyny, gandaky süýjüniň peselmegini we keseliň gaýraüzülmesiz geçmegini gazanmaga kömek edip bilýär.

Süýji keseliniň dürli görnüşleriniň we geçiş tapgyrlarynyň bardygyny göz öňüne tutup, sizin ýagdaýyňyza baglylykda, islendik derman serişdäni lukmanyňyzyň maslahatyndan soň kabul etmek netijeli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele