Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Iýmit siňdiriş ulgamy AGYZ TURŞAMAGYNYŇ SEBÄPLERI
( 18 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Men 26 ýaşymda. Meni eýýam 6-7 aý bäri agzymyň turşamagy biynjalyk edýär. Men lukmanyn gözegçiliginden gecemde, aşgazanasty mazde sowuklamanyň bardygyny aýdyp, bejergi bellediler. Bejergiden son aşgazandaky agyrylarym azaldy, emma agyz boşlugynyn turşamagy hic gecenok. Şol barada maslahat berseňiz örän minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Agyzda turşy tagamyň peýda bolmagy esasan, aşgazanyň keselleri (aşgazan şiresiniň köp işläp çykmagy bilen geçýän gastrit, aşgazan şiresiniň gyzylödege zyňylmagy bilen häsiýetlendirilýän aşgazan-gyzylödek reflýuksy) üçin mahsus alamatdyr. Siz bejergiden soň aşgazan agyrylaryň aýrylandygy barada belläp geçýärsiňiz. Diýmek, aşgazanasty mäziň sowuklamasy bilen bilelikde, aşgazanyň zeperlenmesi hem bolmaly. Siz haýsy barlaglardan geçendigiňizi we olaryň netijelerini doly ýazmaýarsyňyz. Bu alamaty döredýän keseli doly anyklap, kadaly, möwsümleýin bejergi alma we bellenen berhizi tutma, sizi biynjalyk edýän ýagdaýyňyzdan dynmaga kömek edip biler. Iýmit-siňdiriş agzalaryň ýagdaýyny anyklamak üçin gastroezafagoskopiýa barlagyny geçme netijeli bolardy.

Şeýle-de, agyz boşlugynyň keselleriniň (dişiň çüýremegi, diş etiniň alawlama keselleri) hem agzyň turşamagyna getirip bilýändigini belläsim gelýär. Şol sebäpden hem, goşmaça barlaglary geçirip, bar bolan kesel kesgidini aýdyňlaşdyrmak üçin gastroenterolog we stomatolog lukmanlarynyň gözegçiligini geçmek ýerlikli bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 Muhammet 2015-05-30 19:11
Salam hormatly lukman, saç düşmesiniň öňüni almak ün näme etmrli?. Saç düşse şol düşýän ýerine sarymsagyň owrudylan görnüşinde suwuny çalsaň peýdasy bamyka?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele