Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Iýmit siňdiriş ulgamy DOWAMLY PARAPROKTITDEN EJIR ÇEKÝÄRIN
( 2 Ses Berme )

 

Salam saýtyň lukmanlary! Men 29 ýaşymda. 3 ýylyň dowamynda paraproktitden ejir çekip, 2013-nji ýylyň awgust aýynyň 27-ne operasiýa etdirdim. Operasiýadan soň 37 gün keselhanada ýatyp bejergi alanymdan soň, lukman meniň ýagdaýymyň gowulygyny aýdyp keselhanadan çykardy. Meniň derdim ýene 1 hepdeden gaýtalady. Bü näme üçin şeýle bolduka we men ýene operasiýa etdirmeli bolarmykam? Başga çykalga ýokmyka?Men Aşgabat şäherinde haýsy keselhana ýüz tutsam gowy bolarka? Şu kesel barada doly maglumat berýän makala taýynlasaňyz size minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Dowamly paraproktit keseliniň geçiş aýratynlygyny, görnüşini, operatiw bejerginiň görnüşini bilmän, Size maslahat bermek kynçylykly bolup durýandyr. Göni içegeden ýumşak dokumalara tarap emele gelen "ýodajyk" (swiş) doly aýrylmadyk ýagdaýynda, keseliň alamatlarynyň gaýtalanmagy ähtimaldyr. Bu barada Size anyk maglumaty hirurg lukman berip biler. Eger bu şeýle bolsa, gaýtadan operatiw bejergini alma zerurlygy döräp bilýändir. Maslahat üçin Size Aşgabat şäher hassahanasynyň ýa-da Iç keseller hassahanasynyň proktologiýa bölümine ýüz tutmaklygy maslahat berýäris.

Şeýle-de, bu keseliň geçişi we bejergi çäreleri baradaky maglumaty berýän makalanyň ýakyn günlerde saýtymyzda peýda boljakdygyny aýdasymyz gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele