Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Iýmit siňdiriş ulgamy PARAPROKTITDEN EJIR ÇEKÝÄRIN
( 6 Ses Berme )

 

Salam hormatly lukman! Men 34 ýaşymda. 3-nji synpdan bäri paraproktitden ejir çekýärin. 2007-nji ýyla çenli her 6 aýdan otyrýerimde iriňli ojak döräp, özi bişip, daşyna iriň akyp gutarýardy. Ýerli keselhanada operasiýa etdiler. Operasiýadan soň Wişnewskiniň melhemi bilen bejergi geçirdiler. 8 aýdan soň keselim gaýtadan özüni bildirdi. Indi ol has ýygy döräp, kähalatlarda 2-3 aý hem iriň akyp durýar. Hemişe pikirim keselim barada. Ruhum pes. Operasiýa etdirmekden bolsa gorkýaryn. Belki köneden gelýän halk emi bardyr? Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Megerem, ýerli keselhanada göni içegäniň ýanyndaky iriňli ojagy arassalama çäreleri geçirilen bolmaly. Paraproktitli iriňli ojagy arassalama operasiýasyndan soň, ýokançlykly zeperlenmä sezewar bolan artbujak mäzi bilen otyrýeriň derisiniň arasynda "ýodajyk" fistula (swiş) döräp bilýändir. Iriňli ojagy arassalama çäresinden soň, şeýle fistulalar 4-6 hepde aralygy, kähalatlarda birnäçe aýdan ýa-da ýyllardan soň döräp biler. Gynansak hem, sizde dörän fistulany (swiş) diňe hirurgiki bejergi netijesinde aýryp bolýandygyny we hiç hili halk emleriň doly gutulma getirip bilmejekdigini belläsim gelýär. Operatiw bejerginiň esasyny fistula geçelgesini açmak, onuň daşky we içki deşiklerini birleşdirmek hem-de çalt bitişmegi üçin fistulany açyk ýagdaýa getirmek çäreleri düzýändir. Bejergini almak üçin hirurg-proktolog lukmanlaryna ýüz tutuň. Operatiw bejergi Sizi köp ýyllaryň dowamynda köseýän derdiňizden dynmaga kömek eder.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele