Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Iýmit siňdiriş ulgamy AŞGAZAN AGYRY
( 13 Ses Berme )

 

 

Salam, hormatly lukman! Men 18 ýaşymda. Siz öňki soragyma jogap bereniňizde, aşgazan agyrymyň gastrit zerarlydygyny aýdypsyňyz. Eger şeýle bolsa, gastrit keselinde nähili dermanlary ulanmaly? Maslahatyňyza garaşýaryn.

Hormat bilen, saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Öňki beren soragyňyzda, beýan eden alamatlaryňyzdan ugur alyp, sizde gastrit keselini çak etmäge esas döredi. Lukmanyň barlagyndan hem-de geçirilen anyklaýyş çärelerinden soň takyk kesel kesgidiniň bellenýänligini ýene bir gezek  nygtasym gelýär. Gastrit keseliniň bejergisi onuň geçişine (ýitimi ýa-da dowamly), kliniki görnüşine, aşgazan şiresiniň işlenip çykaryş aýratynlyklaryna baglylykda bellenilýändir. Onuň bejergisi ýörite berhizi, aşgazan ýygrylmalarynyň öňüni alýan serişdeleri, aşgazanyň nemli örtügini dikeldiji serişdeleri, iýmit siňdiriş fermentleri, keseliň gowşan döwründe sanator-kurort bejergini geçirmekden düzülen bolup, belli bir iýmitleniş düzgününi talap edýändir. Şular babatda has doly maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Gastrit: görnüşleri, alamatlary, bejergisi we berhizi" atly makala bilen tanyşmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 lacyn 2014-04-16 09:42
hormatly lukman jogabynyza garasyan
Sitata
 
 
#2 lacyn 2014-04-16 09:36
salam lukman!MEN 14 yasymda menin yuregim sanjayar dem almam kynlasyar muna name etmeli
Sitata
 
 
#1 begenç 2013-10-09 01:06
mende öykende suw toplandy şona gaeşy name dermanlar alsa bolya
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele