Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Iýmit siňdiriş ulgamy AŞGAZAN AGYRYSY
( 18 Ses Berme )

 

 

Salam, hormatly lukman! Men sähelçe aç bolsam, aşgazanym agyryp başlaýar. Suw içsem, agyrym güýjeýär. Lukman barlagyndan geçemok. Nahar iýsem, agyrym aýrylýar. Meniň ýaşym on sekiz, oglan. Meniň aşgazan agyrym barada maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Siziň beýan edýän alamatlaryňyz gastrit keseli, aç ýagdaýyňyzda bolsa agyrylaryň güýjemeji aşgazanyň baş keseli üçin hem mahsusdyr. Kesel kesgidini anyk kesgitläp, doly bejergi çärelerini bellemek üçin gastroenterolog lukmanyna ýüz tutmagy maslahat berýäris. Keseli anyklamak maksady bilen ezofagogastroduodenoskopiýa barlagyny geçirme netijeli bolup biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

<<< >>>

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#17 Arslanbek 2017-03-21 09:43
salam lukman kyn gormeseniz nomerynyzy yazaynda hayst.keselin ujy yokla.sonyn un nira barmaly kime solary bir gurlesjekdim.
Sitata
 
 
#16 Annageldi 2016-11-28 21:25
Salam lukman. Menin gelnimin asgazany agraya. Eyyam 5 6 ay bari asgazan ejir cekya. Iki gezek yzgider palawdan zaherlenme boldy. Biz oz sahermizde lukmanlara bardyk. Hassahanalrda bejergi aldyk. Emma nepi degenok. Gelnim kop wagt bari berhiz tutya. Onda da asgazany agraya. Name bejergisi barka komek etseniz sizden hayyst.
Sitata
 
 
#15 osman 2016-10-20 23:55
Salam lukman men Osman meniñ nahardan soñ sarym gaynayar içim jukurdap ses edyär garnym çišyär muny nähili yol bilen bejermeli maslahat beräyseñiz bu barada
Sitata
 
 
#14 Bayram 2016-08-27 08:49
Kop sag bolun maslahatynyza hemme wagt tapyp jogap ýanyňyza minnetdarlyk bildirýan men shol aýdan kesselrinize heý bir derman maslahat berip bilseniz has hem gowy bolardy haýs edýarin men lukmana gorinmane dogrysy gorkýan
Sitata
 
 
#13 Lukman 2016-08-27 01:00
Baýram!
Siziň her soragyňyzda beýan edýän alamatlaryňyz sizde bar bolan gastrit keseline hem mahsus bolup biler. Ondan başga-da, diliňde döreýän jaýryklar witamin ýetmezçilikleri (esasan hem A,PP,C witaminleri), gan azlylyk, endokrin üýtgeşmeleri, diliň alawlama keseli bolan glossit keselinde ýüze çykýan bolsa, diliň ganamagy diliň gemangiomasy keseline mahsusdyr.
Bar bolan alamatlaryň anyk sebäbini anyklamak üçin size stomatolog we gastroenterolog lukmanyna ýüz tutmak peýdaly bolardy.
Sitata
 
 
#12 Bayram 2016-08-26 14:04
Dilimim usti jayryk ka wagt ganaýa lukmana gorinmedim komek et
Sitata
 
 
#11 Bayram 2016-08-26 14:01
Salam hormatly Lukman men siden haystym bar wagt tapyp jogap bermeginizi hays edyan men hemise agzym porsaya hem asgazanym nahar iýenimde agyrýa
Sitata
 
 
#10 Bayram 2016-05-24 12:22
Menin as gazan agyrym bar iýenim ka wagt gaýtýar ozim 24ýasymda bu ýagdaý iki ýyl bari dowam edip gelýar ka wagt gaty erbet tutýa asgazanym koplenç gijelerine bolýa esasanam agsam kan iýen wagtlarym bolýa
Sitata
 
 
#9 myrat1313 2014-12-02 21:14
Asgazan agyrysyny nadip ayyrmaly
Sitata
 
 
#8 gulshat 2014-10-05 22:55
Salam menin 17 yasymdan bari yuzumde duwurtik bar hazir 22 yasymda hayys mana komek edip menin edip gormedik zadym galmady mana maslahat berin.
Sitata
 
 
#7 Dana 2014-05-28 08:59
Salam aleykim hormatly lukman aga!
Minnetdar maslahatyñyz üçin,eger kyn görmeseñiz oña gerek lukmany Paýtagta degişli haýsy hassahanadanwe haýsy bölüminden tapyp boljagyny aýdaýsañyz dogrysy menâ gaty çekinýân ol hem menden beter.
Nâme diýip ýüz tutup bileris sözi nâmeden başlaly.
Alla ýalkasyn kömegiñiz üçin.
Jogaba sabyrsyzlyk bn garaşýan.
Sitata
 
 
#6 Lukman 2014-05-28 02:36
Dana!

Beçebazlygyň döremeginiň düýp sebäpleriniň biride,genetiki bozulmalardan başga-da, çagalykdan gözbaşyny alyp gaýdýan ruhy kynçylyklar we içki gapma-garşylyklardyr.Bu ýagdaýyň çözgüdini 3-4 söz bilen aýtma asla mümkin däldir.Eger Siziň tanşyňyzda aglama ýüze çykýan bolsa, diýmek ol öz hereketleriniň kada laýyk gelmeýändigine düşünýär.Bu ýagdaýda tanşyňyzyň psihiki ýagdaýyna, dünýägaraýşyna,ony gurşap alýan sosial durmuşyna laýyklykda hereket etmeli.Düýpli ruhy kynçylyklaryň (ýuridiki hem) öňüni almak üçin tejribeli psiholog-seksopatolog lukmanyna ýüz tutulmagy,bu ugurda ediljek uly ädimleriň biri bolar.Bejergi usullarynyň utgaşmasynyň geçirilmegi lukmandan uly tejribäni we takaty talap edýän bolsa, gapma-garşylyklardan doly ýoly geçmek üçin tanşyňyzdan sabyrlylygy we üýtgeme islegini talap eder.
Sitata
 
 
#5 Dana 2014-05-28 01:12
Salam aleykim hormatly lukman aga.
Size bu sorag geñ bolmagam mümkin,ýòne men birine kòmek edesim gelýàr.
Ýagny ondaky kesel ýer yùzinde gaty kàn,men diýjek bolyan derdim beçebazlykdyr.
Ol oglan kùýsetmesi geçensoñ oturyp aglaýar, emma kùýsàn wagty hiç zadam bilenok,keypi geçinçe.
Bu ýagdaý mydama bolanok onda aýda bir iki sapar.
Nàme maslahat berip bilersiñiz alla ýalkasyn aladañyz bu saýdynyz ùçin.
Sitata
 
 
#4 jahan 2014-01-18 01:11
Şeker, ine şu makalada maglumat bar http://www.saglyk.info/makalalar/keseller-barada-maglumatlar/infeksiyon-dal/303-gastrit-gornusleri-alamatlary-bejergisi-we-berhizi.html
Sitata
 
 
#3 seker 2014-01-18 00:59
salam MEN 42 yasymda ayal MEN asgazan gastritine ducar boldym hayyst mashat berin
Sitata
 
 
#2 jahan 2014-01-18 00:56
Salam Şeker, GÖZLEG diýlen ýerde "GASTRIT" diýp ýazsaňyz bu tema barada eýäm ýazylan peýdaly maglumat çykar.
Sitata
 
 
#1 seker 2014-01-18 00:49
salam menin asgazanym gastrit keseli boldy gastrit keselini nadip bejermeli
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele