Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Iýmit siňdiriş ulgamy GYZYLÖDEK BILEN AŞGAZANYŇ BIRIGÝÄN ÝERINDÄKI EROZIÝANY NÄDIP BEJERMELI?
( 4 Ses Berme )

 

Salam, hormatly lukman. Aşgazan bilen gyzylödegiň birigýän ýerinde eroziýa bar.

Muny nädip bejermeli? Ejem şu keselden 2 ýyl bäri ejir çekýär. Ol barlaglardan geçdi, ýöne peýdasy degmedi. Kartoşkanyň şiersiniň biraz peýdasy degdi, ýagdaýy öňküden gowurak. Ýöne şonda-da, agyrysy aýrylanok. Kömek etseňiz, gaty hoşal bolardyk. Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýan. Sag boluň.

Abdylla.

 

Hormatly Abdylla!

Gyzylödek bilen aşgazanyň birleşýän ýerinde eroziýanyň döremegi, köplenç aşgazan şiresiniň yzyna gaýtmagy bilen häsiýetlendirilýän kesel (gastroezafageal reflýuks keseli) netijesinde ýüze çykýar. Aşgazan şiresiniň yzyna zyňlyp, gyzylödegiň nemli örtügini zeperlendirme ýagdaýy aradan aýrylmasa, eroziýanyň doly bitişmegini gazanyp bolmaz.

Bu maksat üçin degişli naharlanyş düzgünini berjaý etmeden başga-da (nahar iýlenden soň öňe egilmeden gaça durma, agşam nahar iýmeden saklanmak, dar eşikleri geýmek, bilini guşamak), başga serişdeler bilen birlikde (antasidler, dofamin reseptorlary togtadyjy serişdeler)  gastroenterologiýada giňden ulanylýan proton pompasyny togtadyjy topara degişli serişdeleri (omeprazol, pantoprazol, rabeprazol, lansoprazol) ulanma, geçirilen barlaglaryň görkezişi ýaly, has hem peýdaly bolar. Ejeňiz lukmanyň kadaly gözegçiligi astynda boldumy? Bejergi tapgyrlaryny kadaly geçirýäňizmi? Eroziýa kesel kesgidi ezofagogastrofibroskopiýa barlagy netijesinde anyklanyldymy? Häzirki wagtda endoskopiki abzalyň kömegi arkaly eroziw ojaga derman serişdeleri ýetirme usuly hem üstünlikli ulanylýar. Gyzylödegiň eroziýasy kadaly, uzakmöhletleýin, utgaşykly bejergini hem-de lukmanyň kadaly  gözegçiligini talap edýändir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Aydin 2017-02-17 01:22
Salam Abdylla ejenizin gyzylodek eroziya keseli govulasdymy namelerden hayyr tapdynyz aytsanyz biz hosal bolardyk
Sitata
 
 
#5 batyr 2016-06-19 13:29
Lukman jogap berayin gayrat edip
Sitata
 
 
#4 batyr 2016-06-18 18:26
Salam lukman! Men Mellori Weysin sindromy. Gyzylodegin asaky boleginin eroziyasy bilen keselledim. 5 gun bejergi aldym,bejergimi oyde dowam edyan.sizden etjek hayystym mana dogry iymitlenman yoluny salgy berseniz hemde garpyzyn iyip bolyanyny ya bolmayanyny aytsanyz sizden minnetdar bolardym.
Sitata
 
 
#3 abdulla 2013-05-08 11:33
Beren maslahatynyz uchin sagbolun,lukman.
Sitata
 
 
#2 lukman 2013-05-07 01:48
Hormatly Abdulla!
Gyzylödegiň bu zeperlenmesinde ýygy-ýygy,
günüň dowamynda 4-5 gezege çenli az-azdan nahar kabul etme maslahat berilýär.Kabul edilýän naharyň gyzgynlygy 40-50gradusdan ýokary bolmaly däldir.Nahar taýynlananda ýagly bolmadyk sygyr etini,balygy,guş etini (guşuň derisi aýyrlan)ulanmak maslahat berilýär.
Önümler gaýnadylan,buglanyp bişirilen,owradylan görnüşde bolmalydyr.Gowrulan naharlary iňmekden gaça durmalydyr.Çorba owradylan ýa-da sürtgüçden geçirilen gök önümleri goşma,tüwini,greçkany,süläni süýtde akdyryp bişirmek maslahat berilýär.Ýaglardan birazajyk mesgäni,ösümlik ýaglary ulanmalydyr.Täze bolmadyk bugdaý çöregini, hamyrmaýasyz hamyrdan bişirilen önümleri iýmelidir.
Süýji,gowy bişen ir-iýmişleri iýmek, olardan taýynlanan şireleri we mürepbeleri kabul etmek maslahat berilýär.Gök önümlerden kelemi,badamjany,turpy,sarymsagy iýmekden gaça durmalydyr.Içgilerden ýuwanrak demlenen gök çaýy,süýtli kakao içgisini, itburun demlemesini kabul etme rugsat berilýändir.
Sitata
 
 
#1 abdulla 2013-05-05 23:07
hormatly lukman. Ejeme nahili naharlary gok onumlerini,miweleri iymeklik maslahat berilyar. Jogap bermeginizi hayysht etyaris. Sagbolun. Ol nadip semrap biler.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele