Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Iýmit siňdiriş ulgamy GEMORROÝY KESMÄN NÄDIP BEJERMELI?
( 10 Ses Berme )

 

 

Salam, hormatly Lukman!  Soňky wagtlar has köp adamlar gemorroý keselinden ejir çekýäler. Bu keseli kesmezden nädip bejermelidigi barada giňişleýin düşündiriş bermegiňizi we oňa garşy haýsy dermanlary ulanmalydygyny maslahat berýäňiz diýip haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Babasyl keseli (gemorroý) – öz geçişi boýunça ýaýbaňlaşýan dowamly kesel bolup, derman serişdeleri bilen bejergi (melhemler, şemler) wagtlaýyn netijäni berip biler.

Babasyl keseli ýüze çykyş derejesi we gaýraüzülmelerine baglylykda hirurgiki bejergini talap edip biler.

Bu keseliň geçişi, geçirilýän bejergi çäreleri barada has doly maglumaty saýtymyzda ýerleşdirilen "Babasyl keseli" atly makaladan alyp bilersiňiz.

Hormat bilen, Lukman.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 Gulay 2014-06-13 17:23
Salam, hormatly lukman! Zenan mashgalalaryn aydaky keseli wagtynda bolman, ay gecip bolan yagdayyna nahili maslahat berersiniz???
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele