Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Iýmit siňdiriş ulgamy ÝÜREK BULANMANY NÄDIP AÝYRMALY?
( 3 Ses Berme )

 

Salam, hormatly lukman! Men alkogolly içgileri içenimde, eger köpräk mukdarda içiläýsem, ertesi gün daňdanlar gaty erbet ýüregim bulanyp baslaýar. Onsoň gaýtaryp, ögäp uzak gün gaty erbet ýüregim bulanyp geçýär. Solar ýaly wagt hiç janyňa jaý tapyp bolanok. Bir owurt suw içseňem gaýdyp dur. Ýürek bulanma gaty erbet zat. Elbetde munuň alkogolyň organizme has artygrak düsüp, zäherlenme netijesinde bolýandygy dogry. Ýöne solar ýaly ýürek bulanmada näme edip bolýar? Ýürek bulanmany nädip aýyrmaly? Serhoslykdan soň bolýan ýürek bulanmadan nädip çaltrak dynyp bolýar?

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Size alkogol içgileri kabul edilenden soň dörýän ýürek bulanmany aýyrmak üçin aşakdaky maslahaty berip bolar:

Aşgarlanan minerallaşdyrylan süwüň birnäçe stakanyny kabul ediň. Minerallaşdyrylan suw bedeniň zäherlenmesini aradan aýyrmaga hem-de gaýtarma netijesinde ýitirilýän duzuň öwezini dolmaga kömek berýär.

Ýürek bulanmany, marinada ýatyrylan gök önümleriň suwuny kabul etmek, pasterizasiýany geçmedik kwas, limon şiresi, aýran, gymyz ýaly içgiler hem, düzüminde köp mukdarda saklanýan süýt turşulygy sebäpli aýryp bilerler.

Ýürek bulanmada gök çaý içmek hem peýdaly içgi hasaplanýar.

Nahar iýmezden öň, täze taýynlanan ýer almasynyň şiresiniň 1 nahar çemçesini kabul ediň.

Ýörek bulanmadan iýmit sodasynyň erginini kabul ediň (1 stakan suwa 1 çaý çemçesi).

Işjeňleşdirilen kömri kabul etmek hem peýdaly netijäni berip biler. Kömürli gerdejikleri alkogol içgileriň yz ýany ýa-da ertesi gün hem kabul etmek bolýar. Eger Siz agşamdan onuň 4 gerdejigini kabul etseňiz, belki-de irden özüňizi beýle ýakymsyz duýmarsyňyz. Özüňizi erbet duýup başlan badyňyza, her 4-6 sagatdan gerdejigiň 2-4 sanagyny kabul etmek maslahat berilýär. Kömür zäherleri özüne sorup alyp, bedenden çykmaga ýardam berýär.

Gezmelemeler, ýeňil fiziki maşklar hem (eger sehoşluk ýagdaýy geçen bolsa) bedeniň alyş-çalyş ýagdaýyny çaltlandyryp, zäherleriň bedenden çalt çykmagyna kömek edip biler.

Ýokarda aýdylan çäreler kömek etmedik ýagdaýynda, aşgazany ýuwmak çäresini geçirme, zäherlenme alamatlary güýjäp, Siz ýeňillik duýmadyk halatyňyzda lukmana ýüz tutmak ýerlikli bolar.

Alkogol içgileriň ýaramaz täsirinden dynmak üçin ýörite serişdeler hem çykarylýar. Meselem, Alka-prim serişdesi. Düzüminde glisinden başga asetilsalisil turşulygyny (aspirin) saklaýanlygy üçin, onuň ulanylmagy aşgazanyň nemli bardasyny gyjyndyrmazlyk üçin maslahat berilmeýär.

Bedeniňizi ýaramaz üýtgemelere sezewar edip, özüňizi artyk alada goýmazlyk üçin, iň gowusy alkogol içgilri kabul etmekde belli bir çägi saklamakdyr ýa-da ony asla kabul etmezlikdir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 avatar 2013-04-30 14:56
Azyrak icmegini maslahat beryarin, kan icilse hiç kimede yarap baranok halypa
Sitata
 
 
#1 Ýeserje 2013-02-02 23:11
Beýle güzaplary göreniňden, ondan alkogol içgileri içmän saklananyň gowy dälmikän!!!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele