Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Iýmit siňdiriş ulgamy ADAMYŇ IÇINDÄKI SOGULJANLAR BARADA
( 15 Ses Berme )

 

 

Salam, hormatly lukman! Men size şeýle sorag bilen ýüzlenmek isleýän. Adamyň içindäki soguljanlary nähili bejergi bilen aýryp bolarka? Jogap berseňiz minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Adamda döreýän gelmintoz keseli, ony döredýän gurçuklaryň görnüşine görä dürli derman serişdeleriniň (mebendazol, mintezol, pirantel, wermoks) kabul edilmegini talap edýändir. Şol sebäpden hem, degişli barlagdan soň bejergini gelmintolog lukmany bellemelidir.

Bu kesel barada doly maglumaty saýtymyzda ýerleşdirilen "Islenilmedik "myhmanlaryň" keseli: Gelmintoz" atly makaladan okap bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Рустам 2016-04-17 01:37
salam lukman.men ozumin saglygymdan nagile dal.yone men gunde kop sapar iyip icyan,iyyan onumlem yokumly.emma men endamyma sinenok iyyanlem.yashym 24,agramym 61kg.name sebapdendigini aytsanyz gaty minnetdar bolardym.
Sitata
 
 
#2 Lukman 2013-02-19 03:23
Hormatly Kerim!
Bedende soguljanlaryň bolmagy (gelmintoz keseli) horlanma, ýürek bulanma, içde döreýän agyrylar, artbujakda döreýän gijilemeler bilen häsiýetlendirilip bilner. Dişleri biri-birine gyjyrdatma gurçuk keseline mahsus alamat bolman, nerw ulgamyň bozulmalaryndan habar berýär.
Bedenden gurçuklary aýyrmak çärelerini anyklamakda Size gelmintolog lukmany kömek edip biler.
Sitata
 
 
#1 Kerim 2013-02-12 15:53
Salam hormatly lukman Men size sheyl sorag bilen yuzlenmekchi Adamyn ichinde soguljan bolsa nahili alamatlar bolup bilyar. Gijelerne dishimi biri birine surtip gyjyrdatyan ichimde sowuljan bolsa sheyle alamat bolmagy mumkinmi. Men sheysheyle keselden kop wagt bari ejir chekyan
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele