Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Iýmit siňdiriş ulgamy GASTRIT KESELI
( 6 Ses Berme )

 

 

Salam, hormatly Lukman! Men sizden gastrit keseli barada maglumat bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

 
 

 

Hormatly okyjy!

Gastrit – aşgazanyň nemli gatlagynyň (köp halatlarda aşaky gatlaklaryň hem) sowuklama keselidir. Ýiti gastrit aşgazanyň nemli gatlagyna ýaramaz iýmitiň, käbir derman serişdeleriň, himiki serişdeleriň, ýokançlyklaryň täsir etmegi netijesinde döreýän bolsa, dowamly gastrit ýiti, gyzgyn iýmitiň, käbir önümçilik zäherleriň, derman serişdeleriniň uzak täsir etmegi netijesinde ýüze çykyp biler.

Gastrit iýmit siňdiriş ulgamynyň başga keselleri bilen hem utgaşykda döräp bilýändir. Gastrit keseliň görnüşleri, alamatlary, bejergi çäreleri, iýmitlenme aýratynlyklary, öňüni alyş çäreleri barada has doly maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Gastrit: görnüşleri, alamatlary, bejergisi we berhizi" atly makala bilen tanyşmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Sapar 2014-07-03 08:19
Gastrit-aşgazan nemli bardasynyň gyzarmagy,sowuklamasy esasynda döreýän keseldir.Meniň piikirimçe ilkinji nobat berhiz tutmak gerekdir.Meselem:on günüň dowamynda süýt içmek bolmaz,sebäbi süýdüň düzüminde kazeýin (ýelim)bolup ony organizm özleşdirip bilmez.alma,pomidor,bulgar burçy ýaly gabykly önümlerden gaça durmaly.De nol dermanyny lukmanyň maslahaty bilen içmeli.Ikinji oňurgany barlatmaly,ähli immun düzümini kadalaşdyrmaga erjel gatnaşýan organ oňurgadyr.Gysgaça şeýle.Alla şypa bersin!
Sitata
 
 
#2 Saýtyň okyjysy. 2014-01-27 00:29
Şeker! Ýokarda gastrit... we bejergisi barada makalany okamagy maslahat beripdirler-ä! Okap bileňokmy!?
Sitata
 
 
#1 seker 2014-01-26 19:50
salam menin asgazanym agyryar dokdarlar gastrit keseli diydi nadip bejerip bolyar
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele