Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Iýmit siňdiriş ulgamy SYNÇGYLAWUK NÄMEDEN DORÄP BILYÄR?
( 2 Ses Berme )

 

 

Salam, hormatly Lukman! Uly adamda, käwagt ýaş çagalarda-da wagtal-wagtal synçgylawuk bolyar. Şonuň sebäbi nämekä? Ondan nädip gutulyp bolýar? Şeýle-de asgyrmaklygyň sebäbi barada hem gürrüň berseňiz, hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Synçgylawuk – diafragmanyň (döş kapasasyny garyn boşlugyndan çäklendirýän myşsa) ygtyýarsyz gysylmalary netijesinde ýüze çykýan ýagdaýdyr.

Dem alyş ýollarynyň duýdansyz bokurdak-kekirdek üsti (nadgortannik) bilen ýapylmagy gelýän howa akymynyň öňüne böwet bolup, özboluşly sesiň çykmagyna sebäp bolýandyr.

Uzaga çekmeýän synçgylawuk çagalarda bedeniň umumy sowama ýagdaýlarynda, uly adamlarda bolsa köp iýmit kabul edilen ýagdaýlarda, sowadylan gazlandyrylan we alkogol içgileri kabul edilende, tolgunma wagty döräp biler.

Üznüksiz synçgylawuk merkezi nerw ulgamynyň zeperlenmelerinde, süýji keselde, bagryň agyr zeperlenmeleri netijesinde ýüze çykýan komanyň, käbir dermanlar bilen zäherlenmäniň alamaty bolup biler.

Beýni şikeslenmesi, beýnä gan inme, gyzylödegiň giňelmegi, gyzylödegiň we öýkeniň düwnügi, ýürek myşsasynyň infarkty, içegeleriň geçirijiliginiň bozulmagy, diafragmanyň aşagynda iriňli ojagyň döremegi, bagryň, öt çykaryş ýollaryň, aşgazanasty mäziň keselleri hem synçgylawygyň sebäbi bolup biler.

Synçgylawukdan dynmak üçin diafragmanyň we gyzylödegiň ýygrylmalaryny saklamalydyr.

Onuň üçin birnäçe peýdaly usullary maslahat beresimiz gelýär:

  • Suwy az-azdan, saklanman, birnäçe gezek owurtlaň, Ýöne dem almajak boluň.
  • Göwräňiz bilen öňe eglip, elleriňizi bolsa arkaňyzda birleşdirip, stakanly suwy saklap duran başga adamyň kömegi bilen suwy az-azdan owurtlap içiň.
  • Yzly-yzyna üç gezek dem almaňyzy saklaň.
  • Bir azajyk şekeri diliňiziň üstüne goýup ýuwduň.
  • Agzyňy giňden açyp, diliňi çekip biraz saklama hem synçgylawukdan dynmaga kömek berýär.
  • Göz almalaryna basyp durmak hem ýagdaýy ýeňilleşdirmäge kömek edip biler.

Eger Sizde synçgylawuk bir sagatdan köp dowam edýän bolsa, synçgylawuk tutgaýlary günde birnäçe gezek ýa-da hepdede birnäçe gün gaýtalanýan bolsa, sebäbini anyklamak üçin lukmana ýüz tutmak gerekdir.

Synçgylawygy aýyrmak üçin, lukmanyň maslahatyndan soň, serukal, motilium, pipolfen, difenin, amitriptilin, atropin serişdeleri hem ulanýarlar.

Asgyrma   burunda we damakda ýerleşýän nerw süýümleriň ýokançlyklar, tozan, ösümlik tozgajyklaryň nemi gyjyndyrmagy sebäpli burundan howanyň bat bilen çykarylmagydyr.

Günde birnäçe gezek asgyrma kadaly ýagdaý bolup, ol dem alyş ýollaryň arassalanmagyna mümkinçilik berýändir. Eger asgyrma ýygy-ýygy gaýtalanýan bolsa, onuň hem sebäbini (allergiki täsirlilik, burnuň nemli bardasynyň sowuklamagy ýa-da guramagy) anyklamak hökmandyr.

Hormat bilen, Lukman.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele