Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Iýmit siňdiriş ulgamy DIL NÄME SEBÄPDEN GAÝNAÝAR?
( 1 Ses Berme )

 

 

Salam, lukman! Men 18 ýaşymda. Meniñ dilim günde gaýnayar. Nahar iýip bilemok. Pomidor we hoz iýsem beterleyar. Soñ ýakyn dogan-garyndaşymyz ýumurtganyn sarysy bilen nowakaýin garyp çalmaly diýdi. Menem edil aýdyşy ýaly etdim, ýöne hiç hili täsir etmedi. Şony nädip gaýnamaz yaly edip bolýar? Edilýän belli bir emi barmyka?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Siziň aýdýan alamatlaryňyza görä, Sizde glossit – diliň sowuklama ýagdaýy döräpdir. Bu ýagdaýyň döremegine diliň şikeslenmeleri (zaýalanan dişleriň gyrasy, süňkler), dili gyjyndyryjy iýmitler (ajy, ýiti iýmit) kabul etmek, bedeniň immunitetiniň peselmegi sebäp bolup biler.

Diliň üýtgemegi B12-witamin ýetmezçilikli gan azlylykda, käbir ýokanç kesellerde hem duş gelýändir. Ýüze çykan ýagdaýda şikeslendiriji faktorlary aradan aýryp, ýokançlyga garşy serişdeler bolan furasilin, kaliniň permanganat (margansowka) ergini bilen agzy çaýkamalydyr. Agyryny aýyrmak üçin agyrsyzlandyryjylary saklaýan (meselem, Kamistad ýa-da lidokainiň çopantelpek oty bilen garyndysy) serişdeleri, ýaranyň bitmegi üçin itburnuň (şipownik) ýagyny, witamin A serişdesini, "Aktowegin", "Winisol" serişdelerini ulanmak maslahat berilýär. Diliň zeperlenmesiniň anyk sebäbini anyklamak üçin lukmana ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele