Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Iýmit siňdiriş ulgamy DOWAMLY KÖRIÇEGE NÄHILI GEÇÝÄR?
( 3 Ses Berme )

 

Hormatly lukman! Men yakynda içmden bir zat tutup, hassahana bardym. Hassahana baranymda içimden tutan agyry goýberdi. Lukmandan soranymda, ol maňa munuň köriçegedigini aýtdy. Şol wakadan soň şolar ýaly agyry gaýtalanmasa-da, ýakyn wagtda ýene gaýtalar diýýärler. Ýöne bu bardy-geldi dowamly köriçege bolsa, şeýle tutgaýlaryň gaýtalanmazlygy mümkinmi? 

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Sizde öň hem köriçegäniň tutmalary bolupmydy? Köriçegäniň operatiw bejergisiz öz-özünden geçip giden ýiti görnüşinden (ýiti appendisit) soň dowamly görnüşe geçmegi mümkindir.

Köp hirurg lukmanlary dowamly köriçegäniň ýiti döwüri geçirmezden döräp bilýänligini inkär edýärler.

Ýöne ýiti tutgaýy geçiren köriçegede ýene agyryly tutgaýy döretjek şertleriň (ösüntginiň başga agzalar bilen bitişmegi, epilmegi we içindäki sepleşme ýagdaýy) saklanyp galmagy ikuçsuzdyr.

Dowamly köriçegede näsaglary garnyň aşagynyň sag tarapynda aram-aram döreýän agyrylar biynjalyk edýär. Agyry agyr fiziki işde, adaty iýmitlenme düzgünleri bozulanda has hem güýjäp biler.

Dowamly köriçegäniň agyryly tutgaýlary gaýtalanyp duran ýagdaýlarynda hirurgiki bejergini geçirmek ýerliklidir. Wagtynda geçirilen hirurgiki bejergi gaýraüzülmeleriň, meselem, peritonitiň öňüni almaga kömek eder. Şeýle gaýraüzelmeleriň öňüni almak, ýiti köriçegäni onuň dowamly görnüşinden saýgarmak üçin, Size saýtyň sahypalarynda goýlan "Köriçege" atly makalany okamagy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele