Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Iýmit siňdiriş ulgamy BAGRYŇ SIRROZY BILEN NÄHILI ÝAŞAMALY?
( 8 Ses Berme )

 

 

"Hormatly lukman! Men bagyr sirrozyny geçirdim. Her 6 aýdan geptral dermanyny alýaryn we hemişe berhiz saklaýaryn. 2014-nji ýylda bu kesel sebäpli operasiýa hem geçirdim. Menin keselim düýbünden ýok bolup gidermi? Ýa-da bu kesel dowamly dowam edermikä?"

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Bagryň sirrozy bagryň öýjükleriniň zeperlenmegi netijesinde bagryň işiiniň peselmegi bilen häsiýetlendirilýän kesel bolup, ol dowamly keseldir. Sirroza getiren sebäbe we zeperleniş derejesine baglylykda, ol sebäpleri aradan aýryp, öz gündelik ýaşaýyş we iýmit düzgüniňi dogry alyp barmak, bagryň galan sag öýjükleriniň işjeňligini saklaýan derman serişdeleri ulanmak bagryň işjeňligini saklamaga kömek etjek çärelerdir. Sirroz netijesinde zeperlenen bagryň öýjükleriniň işini galan sag öýjükler ýerine ýetirmäge, şeýle-de bagyr dokumasy özbaşdak dilekdilmä ukyply bolsa hem, belli bir wajyp düzgünler bagryň galan sag bölegini aýawly saklamaga ýardam berip biler:

► Sirrozly näsaglar aşa köp fiziki işjeňlikden, ýadawlykdan gaça durmalydyr. Şeýle hem olar agyr ýükleri götermekden gaça durmalydyr, çünki agram salmalar aşgazan-içege ulgamyndan gan gelmelere sezewar edip biler.

Içiňiziň gatamagyna ýa-da tersine, içiň geçmegine ýol bermäň. Kadada bir gije-gündizde bir gezek täret edilmelidir we täret etme iki gezekden ýygy bolmaly däldir.

Bedeniňizde çişginliligiň döremezligi üçin duzy we suwuklygy kadadan artyk kabul etmäň. Oňa gözegçilik etmek üçin her gün biliňizi ölçäň. Eger biliň ölçegi öňküden köpelen bolsa, onda ol bedende çişginliligiň dörändiginden habar berýär. Şeýle hem, bedenden köp suwuklygyň ýitirilmegine hem ýol berilmeli däldir. Siz günde iýmitden, içgilerden alýan suwuňyzdan 200 ml. artyk suwuklygy peşew bilen bölüp çykarmalysyňyz.

Siz berhiz tutýandygyňyzy ýazýarsyňyz. Iýmitiňizde bir gije-gündizde belogyň mukdary 100 gr. köp bolmaly däldir we iýmitiň kuwwatlylyk derejesi 2 müň kkal. ýokary bolmaly däldir. Elbetde, size lukmanyňyz duzly önümleri, tüssede taýýarlanan et we balyk önümlerini, peýniri, buzgaýmagy, deňiz önümlerini kabul etmekden saklanmalydygyny ýatladandyr. Siz özüňize zyýan bermezden bir günde ýagly bolmadyk sygyr etiniň ýa-da towugyň 100 gr. mukdaryny, bir ýumurtgany, ýagsyz gaýmagy, ir-iýmişleriň we gök önümleriň hemme görnüşini kabul edip bilersiňiz.

Alkogol içgileri kabul etmekden gaça duruň! Lukmanyň rugsady bolmazdan, derman serişdeleri kabul etmekden saklanyň. Köp derman serişdeleriň gözegçiliksiz, dowamly we köp mukdarda ulanylmagy bagra zyýan ýetirip biler.

Öz lukmanyňyzyň kadaly gözegçiliginde bolup, belli wagtdan barlagdan geçmegi unutmaly däldir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele