Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Iýmit siňdiriş ulgamy
( 2 Ses Berme )

 

 

"Hormatly lukman! Men bagyr sirrozyny geçirdim. Her 6 aýdan geptral dermanyny alýaryn we hemişe berhiz saklaýaryn. 2014-nji ýylda bu kesel sebäpli operasiýa hem geçirdim. Menin keselim düýbünden ýok bolup gidermi? Ýa-da bu kesel dowamly dowam edermikä?"

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 9 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! 8 ýaşly oglum özbaşdak taret edip bilmeýär. Ol serebral ysmaz keseli bilen kesellän. Oňa dýufalak berýärdik.

Bu serişdäni näçe wagtyň dowamynda ulanyp bolýar? Ýene haýsy serişdeler peýdaly bolup biler?

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 14 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Men çagalygymdan bäri çig et iýýän. Işdäm çig eti bişen etden kem görmese, pes görenok. Üwelip sogandyr burç, duz garylan et bolsa, başga iýmit küýsämok. Ýöne meni bir zat alada goýýar.

Çig et adam saglygyna zyýanlymy ýa-da ony adaty iýmitler ýaly kabul edip bolarmy?

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 7 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Meniň babam 1940-njy ýylda doglan. Soňky wagtlar nahar iýip bilmän ysgynsyzlyk ýagdaýlary kopelip, üsgürip başlady. Aşgazanyny barlatsak gyzylödeginde rak keseli döräpdir diýdiler. "Oňa degeňde ganaýar hem-de soýulýar, ýüzi ak diýdiler". Şol görnüşi howplumy? Nähili ýagdaýda bejerip bolýarka? Esasy zadam – babam arak içmeýär, çilim hem çekmeýär. Hormatly lukman, Sizden maslahat bermegiňizi haýyş edýärin!

Saýtyň okyjysy.

 
( 2 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Meniň aşgazanymda ýara bardy. Lukmanyň ýanyna gözegçilige baramda, ol bejergi belledi. Men ol bejergini aldym. Aşgazanym ýene agyrýar. Men 36 ýaşymda. Sizden maslahat bermegiňizi haýyş edýärin!

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 5 Ses Berme )

 

 

Salam hormatly lukman! Men 33 ýaşymda. Süýji keselimiň bardygy sebäpli hemişe berhiz saklap gezýärin. Meniň ýagdaýym gowy bolsa-da, men ganymy kadaly barlamalymy? Ýene bir sorag. Günde bir gap çilim çekyärin. Çilimi birden taşlasam saglyga zyýany bolarmyka?

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 11 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Menin göbegim akyp, onuň daşy agyrýar. Ýüzünligine ýatjak bolsam agyry düýýaryn. Göbegimden şepbeşik suwuklyk akyp, bir başlasa 4-5 gün dowam edýär. Bu ýagdaý nämekä we ony nähili bejerip bolar?

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 7 Ses Berme )

 

 

Salam hormatly lukmanlar! Meni adamymyn yagdaýy gaty alada goýýar. Eýýäm birnäçe aýdyr ýoldaşymyň agzyndan gan gelýär. Bu yagday howplumyka we nahili çareleri talap edýär?

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 6 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Men 27 ýaşyndaky oglan. Meni içimde howanyň bolmagy biynjalyk edýär. Käwagtlar içimin agyrsyndan ýerimden hem turmaga ýagdaýym galmaýar. Iýýän iýmitlerim hem adaty önümler. Uly täretim hem üýtgewsiz, içim geçmeýär. Içim näme sebäplerden ýellenip biler?

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 11 Ses Berme )

 

Salam lukman!

Meniň oglum doglaly bäri uly meýdan edip bilenok. Barlaglaryň netijesinde Girşprungyň keseli diýip çakladylar we 1 ýaşandan soň operasiýa geçirmegi maslahat berdiler. Oňa çenli diňe hepdede 2 gün klizma etmegi tabşyrdylar. Biz lukmanlaryň maslahatyny berjaý edýäris. Oglumyz 1 ýaşady, ýöne operasiýa etdirmekden gorkýaryn. Operasiýasyz özünden gowlaşyp taret edip bilermikä ýa-da operasiýasyz başga usul bilen bejerip bolarmyka?

Saýtyň okyjysy.