Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Yürek-damar ulgamy MENIŇ AGAM NÄME ÜÇIN SEMRÄNOK?
( 4 Ses Berme )

 

 

Salam, hormatly lukman! Meniň agam 2 gezek infarkt geçirdi. Şondan soň ol semränok. Ol nädip semräp bilerkä? Maslahat bermegiňizi haýyş edýärin. Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Minnetdarlyk bilen, saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Siziň agaňyz kesellemezden öň artykmaç agramlymydy? Ol başky agramynyň näçe kilogramyny ýitirdi? Elbetde, iýmitde uglewodyň hem-de belogyň mukdaryny köpeldip beden agramyny  artdyryp bolar. Ýöne iki gezek ýüregiň infarktyny geçiren adama semremek, ýürege düşýän agramy köpeldip, gan ýetmezçiligiňe getirip biler. Lukmanlar infarkt geçiren näsaglara agramyny kadaly ýagdaýda, semremän saklamagy maslahat berýärler. Eger Siziň agaňyzyň agramy boýuna görä kybapdaş bolsa (boýuň görkezijisi 100, meselem, boýy 170sm 100=70kg agramy), semreme ugrunda çäreleri alyp barma saglyk üçin (ylaýtada ýürek-damar ulgamy üçin) zyýanly bolup biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 lukman 2013-05-07 00:35
Hormatly Abdulla!
Elbetde,agaňyz ýokary kaloriýaly iýmitlenme,beden myşsalarynyň çeýeligini ýokarlandyrýan maşklar (geçirilen ýörek keseline görä saýlanan)bilen meşgullanyp beden agramynyň artmagyny gazanyp biler.Bu çärelere başlamazdan öň sizi gözegçilikde saklaýan kardiolog lukmany bilen maslahatlaşmak zerurdyr.Barlagyň görkezijileri (elektrokardiografiýa barlagy,ýörite geçirilýän synaglar)kadaly bolan halatynda beden agramynyň ýuwaş-ýuwaşdan 4-5 kg.köpelmegi agram salmalara getirip bilmeýär.Ýöne ýene bir zady belleme wajypdyr.Agaňyzyň boýuna görä pes agramlylygy nesil yzarlaýjylyk häsiýete eýe bolýan bolsa,geçirilýän çäreler az netijeli hem bolup bilerler.
Sitata
 
 
#1 abdulla 2013-05-05 21:34
salam hormatly lukman. Ol 29-yashynda. Ol infarkt keselini gechirmankade 65-klagramdan agyr bolmandyr. Hazirem onun agramy 2-yyl bari 57 klagramdan gechenok. Onun boyy 175sm. Onun agramy boyuna layyk dal. Ol agramyny boyuna layyk etjek bolsa name zatlar etmeli. Ya ol pes agramda gezmelimi. 57-klagramdan artyk semrese zyyany degermi. Maslahat bermeginizi hayysht etyaris. Hosh sag bolun!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele