Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Yürek-damar ulgamy TAHIKARDIÝANY NÄDIP BEJERMELI?
( 3 Ses Berme )

Salam, gadyrly lukman!

Ilki bilen şeýle saýty gurnan administratorlara we olar bilen hyzmatdaşlyk edýän lukmanlara minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Men öz saglyk meseläm boýunça size ýüz tutýaryn: maňa ýürek tahikardiýasy we gipoksiýasy diýip kesel kesgidini goýdular. Men 26 ýaşymda, durmuşa çykmadyk. Ýokarda agzalan diagnoz meni ýarym ýyl bäri köseýär. 1 ýyl mundan öň newroz keseline duçar boldum, onuň bejergisini alyp gutuldym. Ýöne meniň şu wagtky ýagdaýyma şol keseliň täsiri barmyka öýdýän. Ýüregim rahat ýagdaýda minutda 104 gezek, işleýän wagtym 120 gezek urýar. Ýüregimiň nädogry işlemesi edil şu wagt o diýen bildirmese-de, soňunda bir oýny bolaýmasyn diýip howatyrlanýaryn. Ýüregim aram-aram edil gursagymdam çykaýjak ýaly bolup urýar. Ýüregimiň çalt urmasy üçin diňe korwalol içýärin, entek başga bejergi alamok. Şonuň üçin-de, ýüregimiň tahikardiýasyny we gipoksiýasyny bejermek üçin bir bejergini salgy berseňiz, bu keseliň haýsy sebäplere görä döreýändigini aýtsaňyz, sizden köp hoşal bolardym. Işiňizde üstünlik arzuwlap, jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Tahikardiýa we ýürekde şol esasynda ýüze çykýan gipoksiýa ýagdaýy dürli keselleriň alamatlary bolup biler. Bu alamat newrozlarda, galkan şekilli mäziň işiniň ýokarlanan (tireotoksikoz) ýagdaýlarynda, ýüregiň geçirijilik ulgamynyň dogabitdi näsazlyklarynda, ýüregiň gan aýlanşygynyň ýetmezçiliklerinde, gan basyşynyň ýokarlanmagynda, gan azlylykda, käbir ýokanç keselleriň ýiti döwründe, käbir dermanlaryň (adrenalin, kofein) täsirinden soň, dürli zäherlenmelerden soň biynjalyk edip biler.

Siz newroz ýagdaýyna sezewar bolup, bejergi alyp sagalandygyňyzy belleýärsiňiz.

Size kardiolog lukmanyň maslahatyny alyp, ýygy ýürek urmanyň sebäbini anyklamak üçin barlagdan geçmekligi maslahat berýäris.

Bejerilmedik, uzaga çekýän bu alamat ýüregiň köp güýç sarp edip işlemekligine we tapdan düşmekligine sebäp bolup biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele