Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Yürek-damar ulgamy ÝÜREGIŇ INFARKTYNYŇ GAÝTALANMAZLYGY ÜÇIN NÄME ETMELI?
( 4 Ses Berme )

 

 

"Men 43 ýaşly erkek adam. Eýýäm 2 gezek ýüregiň infarktyny geçirdim. Lukman ýene bir gezek infarkt geçirmegimiň ömrüm üçin howply bolup biljekdigini duýdurdy. Beýle ýagdaýyň gaýtalanmazlygy üçin näme etmeli?"

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Geçirlen ýüregiň infarktyndan soňky çäreler ölümçiligiň öňüni almaga, gaýtadan infarktyň we dowamly ýürek ýetmezçiligiň döremegine garşy gönükdirilen bolmalydyr.

Bu çärelere aşakdakylar degişli edilip bilner:

► Gan basyşyňyzy 140/90 görkezijiden pesde saklamaga çalyşmak we ony kadada saklamak üçin (eger ol ýokarlanýan bolsa) gan basyşy peseldýän derman serişdeleri lukmanyň maslahatyndan söň ulanmak;

Lukmanyň maslahatyndan soň gany suwuklandyryjy kardioaspirini we ýuregiň işini kadalaşdyryjy b-adrenoblokatorlary ulanmak. Bu iki derman serişdesini infarktyň gaýtalanmazlygy üçin 2 ýyla golaý wagt kabul edýärler;

Saglyga zyýan edip biljek endiklerden – çilim çekmekden, alkogol içgileri aşa kabul etmekden gaça durmak;

Kabul edýän iýmitiňiziň düzümini kadalaşdyrmak – doýgun ýaglary, duzy, gandy çäklendirmek, iýmitiňize düzümi uly süýümli önümler bolan ir-iýmişleri we gök önümleri ýeterlik mukdarda goşmak. Dogry düzülen berhiz ganyň düzümindäki holesterini 10-20% peseltmäge kömek edip bilýändir.

Fiziki işjeňligi saklamak möhümdir. Ýörite düzülen maşklar ýüregiň myşsasyny gurplandyrmaga, gan aýlanşygy gowlandyrmaga kömek edip, bu çäreler geçirlen infarktdan soňky dikeldiş döwri düzýändir we olar kardiolog lukmany tarapyndan bellenilmelidir. Şeýle hem, kadaly fiziki işjeňlik semizligiň döremeginiň öňüni almaga kömek eder.

Ganyň düzümindäki gandyň mukdaryny kadada saklamak möhümdir. Çünki gandyň derejesiniň ýokarlanmagy ýürek-damar keselleriň, şol sanda ýuregiň infarktynyň döreme ähtimallygyny ýokarlandyrýandyr.

Siz gaýtadan infarkty geçirendigiňizi aýdýarsyňyz. Hemme bejeriş we öňüni alyş çärelerini geçirýändigiňize garamazdan, ýüregiň infarkty gaýtalanýan bolsa, ýüregiň gan damarlarynyň ýagdaýyny kesgitlemek maksady bilen koronarografiýa barlagyny geçirme netijeli bolardy. Bu babatda has doly maslahat almak üçin size kardiohirurg lukmanyna ýüz tutmak peýdaly bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele