Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Merkezi we periferiýa nerw ulgamy AŇASTY AŇ NÄME?
( 5 Ses Berme )

 

 

 

Salam hormatly lukman! Aňasty aň (подсознание) näme? Onuň nähili häsiýetleri bar?

Saýtyň muşdagy.

 

 

Hormatly okyjy!

Aňasty aň – aňyň gatnaşmazyndan we onda galmazdan ruhy dünýäde bolup geçýän hemme ahwalatlary bellemek üçin ulanylýan düşünjedir. Ilkinji gezek bu düşünjäni 1889-njy ýylda P. Žane pelsepeden ýazan ylmy işinde girizdi.

Aňasty aňyň ukyby barada alym Geo. K. Pizer öz kitabynda şeýle ýazýar: "Aňasty aň özbaşdak ulgamdyr. Ol adamynyň hemme bedenini dolduryp, garşylyga duçar bolmadyk ýagdaýynda, bedeniň hemme işlerine, duýgularyna, şertlerine doly gözegçilik etmäge ukyplydyr.

Aň biziň meýletin hereketlerimizi gözegçilikde saklaýan bolsa, aňasty aň hemme gizlin beden ahwalatlarynyň anatomiki işjeňligine gözegçilik edýändir. Iýmit siňdiriş, bölünip çykarmalar, ýüregiň işi, dem alma, öýjükleriň işjeňligi, olardaky üýtgemeler – şularyň hemmesi aňasty aňyň hukugyndaky ýagdaýlardyr... Ondan başga-da, gözi ulanmazdan ol görüp bilýändir. Ol örän duýgurdyr. Hiç hili serişdesiz ol adamlar bilen sözleşmäge ukyplydyr. Aňasty aň beýleki adamlaryň pikirini okap bilýär. Ol maglumaty alyp, ony başgalara iberip bilýändir. Uzak aralyk onuň üstünligine täsir edip bilmez".

Aňasty aň biziň durmuşymyzdaky islendik wakany saklap goýýar. Biziň aňymyz ol durmuş maglumatlaryny ýatdan çykarsa hem, aňasty aňda olar "ýazylýar". Psihologlaryň belleýşi ýaly, aňasty aňyň esasy düşünjeleri çagalyk döwründe emele gelýär.

Uzak durmuşyň dowamynda adamyň aňy we dünýä garaýşy üýtgese hem, onuň aňasty aňynyň görkezmeleri üýtgemän biler. Meselem, eger adam çagalykda suw bilen bagly dörän gorky netijesinde ýüzmäge gorkýan bolsa, howsalany diňe çagalykdaky şol waka öz aňasty gatnaşygyny üýtgedip ýeňip bolar.

Adamyň aňasty aňy aýdylan sözlere göni manyda düşünip bellemäge ukyplydyr. Şonuň üçin hem adam öz isleglerini, meýillerini ýönekeý we düşnükli dilde aýdyp, aňasty aňynda rowaçlyga, işiniň ugruna bolmagyna "ýol açyp biler".

Gipnoz çäresi hem aňasty aňyň şu häsiýetini ulanýandyr. Aňasty aň diňe durmuş wakalaryny "ýatlap goýman", olara baha hem berýändir. Öz eden etmişi üçin adamyň aňasty özüni "jezalandyrýan" halatlarynyň köp duş gelýändigini psihologlar belleýärler.

Aňasty "ýazylýan" maglumatlary ulanyp we öwrenip adam özüniň durmuşyny üýtgedip hem, özüni köp kesellerden, howsalalardan halas edip hem bilerdi.

Ýöne köp adamlar aňasty aňyna üns bermeýärler we ol barada bilmeýärler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Myradaly. 2015-06-29 23:00
Aň bilen aňasty aňyň gözegçilikde saklaýan ýagdaýlary makalada takyk berilipdir. Ýöne oňa seredeniňde aňasty aňyň ukyby has giňiräk ýaly bolup dur.
Sitata
 
 
#2 Saparly. 2015-06-04 23:38
Menä saýtyň muşdagynyň soragyna geň galmak bilen ol özünde aňasty aňyň bardygyna nähili takyklap bilendigine känbir düşünip bilemok.
Sitata
 
 
#1 Talyp. 2015-05-17 23:14
Makalany örän eserdeň okap, pikir berseň düşünmek mümkin. Aňasty aň çylşyrymly duýgy bolmak bilen köpler üçin düşünmesi kyn bolan pelsepemikä diýýärin.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele