Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Merkezi we periferiýa nerw ulgamy KÖMEK EDIŇ!
( 3 Ses Berme )

 

 

Salam, Lukman! Meniň gyzym üç ýaşynda. Onuň kellesi hemişe gyzgyn. Newrolog lukmanyna ýüz tutduk, ol hem gyzymyň kellesiniň bolmalysyndan biraz uludygyny aýtdy. Lukman gyzymyň kellesini rentgene düşürmek zerurlygynyň ýokdugyny hem aýtdy. Biz Siziň maslahatyňyza mätäç.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Siz öz hatyňyzda newrolog lukmanynyň geçiren goşmaça barlaglary we çak eden kesel kesgidi barada maglumat bermeýärsiňiz.

Eger lukman kelle çanagynyň ulalmagyna getirýän keselleri güman eden bolsa, onda neýrosonografiýa, kompýuter tomografiýasy barlaglary bellärdi.

Kelle çanagynyň ulalmagy gidrosefaliýa (beýnä suw ýygnanma) keselinde döräp, onuň içki basyşynyň ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýär.                                      

Siziň gyzyňyzyň beden we psihiki taýdan ösüşi onuň ýaşyna laýykmy?

Lukman gyzyňyzda başga newrologiki bozulma alamatlaryny (aýaklarda döreýän myşsa dartylmalary, çaşylyk, göz almalarynyň ýagdaýynyň üýtgäp durmagy, akyl taýdan ösüşiň yza galmagy) tapmadymy?

Kelle çanagynyň bedeniň başga agzalaryndan uly bolup görünmegi iglilik (rahit) keselinde hem duş gelip biler.

Kadada 3 ýaşly gyzjagazyň kellesiniň gurşawy 45,7-51,3 sm. barabardyr.

Size gaýtadan çaga newropatology lukmanynyň maslahatyny alyp, degişli barlaglary geçmegi maslahat berýäris.

Barlagda kelle çanagynyň ýagdaýy kadaly bolup, gyzjagaz fiziki we psihiki taýdan ýaşyna görä kämilleşýän bolsa we newrologiki bozulmalar ýüze çykmaýan bolsa, Size biynjalyk bolmaga esas ýokdur.Çagada kelle çanagynyň ululygy we görnüşi nesil yzarlaýjylyk häsiýetlere eýerip, uly kelleli ene-atasynyňka hem kybapdaşlyk edip bilýänligini bellemelidir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 maksat 2017-10-28 10:51
salam lukman.menin 6 aylyk gyzym dine gijelerne arkan gaysyp aglayar.men name etmeli
Sitata
 
 
#6 wepa 2016-08-30 00:55
Nerwi ulgamym sowuklan seydip men el-ayagym ysmaz bolup galdy muny oz bashdak yagny hichile licenyasyz masyklar bilen bejergi tapyp bolarmy
Sitata
 
 
#5 Yunus 2015-04-10 17:43
Hormatly lukman yuzumden durtik cykya berzennide shlanga bn gorenlerinde asg dowamly gastirin wsm diyip berdi
kop bejergi alyan peyda yok.
Sitata
 
 
#4 Lukman 2012-10-30 17:02
Hormatly Serdar!
Türkmenistanda çaga beýni ysmaz keselini newropatolog lukmanlary bejerýärler.
Bejergi keseliň geçiş tapgyryna we bar bolan alamatlara laýyklykda uzak möhletli bolup, ene-atalardan sabyrlylygy talap edýändir. Bejergi we dikeldiş çäreleri almak üçin Siz welaýat çaga keselhanalarynyň newrologiýa bölümlerine ýa-da Aşgabat şäher çagalar hassahanasynyň newrologiýa bölüminiň lukmanlaryna ýüz tutup bilersiňiz.
Sitata
 
 
#3 Serdar 2012-10-24 21:08
Salam Lukman beren maslahadynyza!Soragym gen bolmagam atimal Turkmenistanda "serebral paralije"praktikada bejergi islerini gecirilyarmi ya-da Turkmen lukmanlarynyn mumkinciligi barmy? Kop sag bolun!
Sitata
 
 
#2 Lukman 2012-10-18 14:08
Hormatly Serdar!
Siziň gelniňiziň göwrelilik döwri nähili geçdi?
Dogrum wagty şikeslenme ýüze çykmadymy?
Gyzyňyzyň 3 aýlyk ýaşyna çenli beden we psihiki taýdan ösüşi kadalaýykmydy?
Gyzyňyz kesellemeden öň meýilnama laýyklykda keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny aldymy?
Siziň gyzyňyzda keseliň başlanşy we alamatlaryň toplumy meningit (beýni bardalarynyň sowuklamasy), poliomiýelit (ysmaz keseli) keselleriniň başlanşyna we gaýraüzülmelerine meňzeş. Şonuň ýaly-da, şeýle alamatlar çaga beýni ysmazlygy (detskiý serebralnyý paraliç) keseli üçin mahsus bolup, onuň irki tapgyry 5-6 aýlyga çenli ýüze çyksa, 5-6 aýlykdan 2 ýaşa çenli, dürli görnüşli ysmazlyk ýagdaýy bilen häsiýetlendirilýän II tapgyry dowam edýändir.
Bu keseli anyklamak we kesel kesgidi höküminde bellemek, merkezi we periferiýa nerw ulgamy üçin mahsus bozulmalary ýüze çykarmak netijesinde newropatolog lukmanlary tarapyndan amala aşyrylýandyr.
Gyzyňyza doly barlagdan soň, anyk kesel kesgidi goýup, bejergi tapgyryny bellemek üçin Gurbansoltan eje adyndaky Enäniň we Çaganyň Saglygyny Goraýyş Ylmy-Kliniki Merkezli Hassahana ýa-da Aşgabat şäher çagalar hassahanasynyň newrologiýa bölümine ýüz tutup bilersiňiz.
Sitata
 
 
#1 Serdar 2012-10-17 15:07
Salam Lukman.Menin 2-yashly gyzym bar 3-aylykda kyn grip gecirdi 2-3 gezek sudryk berdi gyzgyny galyp kan kosendi su wagt herekedi gaty pes kellesini zor tutyar oturyp,yorap,hatda yerinden owrulibem bilenok, beden we psihiki taýdan ösüşi onuň ýaşyna laýyk dal.Siz mana maslahat berseniz oran minnetdar bolaryn.Men caga "serebral paralic"barada okap gordum sol kesel bilen hereketleri gabat gelyar.mana haysy ugurdaky lukmana yuz tutmagy maslahat beyarsiniz.Dine bir ugurly bejergi alsak bolarmy ,ya-da kop ugurly Lukmanlar gerek bolarmy.Minnetdarlygymy bildiryarin!!!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele