Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap
( 45 Ses Berme )

 

Salam hormatly lukman! Allaha Şükür, ýañy-ýakynda biziñ gyzjagazymyz boldy. Şu wagt 20 günlük. Enâniñ süýdüniň yzygiderli inmegi üçin nähili düzgünlere eýermelidigini aýdyp berseňiz Sizden hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

 

Salam lukman! Biziň 3 aýlyk gyzymyz bar we ol ene süýdi bilen iýmitlenýär. Soňky günler göwnümize bolmasa ene süýdi ýetmeýän ýaly bolup dur. Ony men aýalymyň gaty ýadaýandygy bilen baglanyşdyrýan. Ene süýdüni köpeltmek üçin nämeler etmelikä?

Saýtyň okyjysy.

 
( 48 Ses Berme )

Hormatly saýtymyzyň okyjylary!

Sizden gelýän her bir sorag biziň üçin möhüm bolup, oňa doly we göwnejaý jogap bermek, sizi gyzyklandyrýan ol ýa-da beýleki meseläni giňden beýan etme we çözgüdini tapyp berme biziň üçin diýseň wajyp bolup durýandyr.

Edil şol maksat bilen, köpler üçin has wajyp bolup duran meseleleriň üstünde has giňişleýin durup geçmek üçin biz ýörite makalalary taýýarlap, saýtda ýerleşdirýäris. Sizi gyzyklandyrýan soraglar öň berlen bolsa, jogaplary siz "Sorag-jogap" bölüminde hem tapyp bilýärsiňiz. Onuň üçin "Sorag-jogap süzgüji", "Gözleg" hyzmatlaryny ulanma siziň maglumat gözlegiňizde işiňizi ýeňiilleşdirip bilerdi.

Soraglaryň ençemesine biragyzda jogap bermek aňsat düşmeýär we köp halatlarda bu mümkin hem bolanok. Şol sebäpden hem, aşaky soraglaryň doly jogaby höküminde biz ýörite taýýarlanan we saýtymyzda ýerleşdirilen makalalara salgylanmagy we okamagy maslahat bermegi makul bildik.

 
( 16 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Göwrelilere kofe içmek bolýarmy?

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 10 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Meniň günde burnum ganaýar. Witamin dermanlaryny içenimde aýryldy. Soň ýene täzeden başlady. Burnum näme sebäpden ganap bilerkä?

Saýtyň okyjysy, Kerwen.

 

 

 
( 13 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Multitabs dermanyn tasiri barada aýdyp geçseňiz sizden hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 13 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Men 22 ýaşymda, jynsym erkek. Meniň ujydymyň aşagynda kiçijik 3-4 düwürtigiň döremegi meni ynjalykdan gaçyrýar. Meniň özümi hiç zat biynjalyk edenok. Men mundan 3 ýyl öň jyns gatnaşygy arkaly geçýän kesele sezewar boldum we bejergi aldym. Bejergiden soň geçen barlagym meniň sagalandygymy görkezdi. Şeýle ýagdaý mende 1 ýyldan bäri dowam edýär. Bu nämeden bolup bilýärkä?

Saýtyň okyjysy.

 
( 5 Ses Berme )

 

 

Salam Lukman! Menin gelnim göwreli we käbir sebäplere görä hassahanada bejergi aldy. Hassahanadan çykandan son lukman gelnime, Dinepral gerdejiklerini içmegini maslahat beripdir, ýöne ähli dermanhanalara aýlandym welin Ginipral gerdejikleriniň barlygyny, Dinepral dermanynyň ýoklugyny aytdylar. Şu maslahat berlen gerdejikler barmyka we ulanylanda olaryň täsirleri nähilikä?

Saýtyň okyjysy.

 
( 8 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Menin size şeýle soragym bar – eger sakgal ösdürlende bir ýeri ösüp, beýleki yeri, ýagny bokurdagyň üsti ösüp ýaňagyň ol diýen ýüzi ösmese name etmelikä? Sakgal hemme ýerde deň öser ýaly nähili çäreleri geçirmek peýdalyka?

Saýtyň okyjysy, Abraý.

 

 
( 25 Ses Berme )

Salam lukman. Men 10 gün hassahanada bejergi aldym. Şonda ýanbaşdan sanjym edilen ýerim erbet çişdi, gany durmady, hatda ýarym sagat ýaly ýöremegim hem kynlaşdy. Indi şol sanjym edilen ýerimiñ derisi ýyrtylýar. Başga ýerler däl-de, diñe şol sanjym edilen ýerim şeýle bolup dur. Sanjymdan bolan zatmyka ya-da guýçli derman urulandanmyka?

Saýtyň okyjysy.

Hormatly lukman! Men ýarawsyz bolamsoň ýygy-ýygydan sanjym etmeli bolýaryn. Käwagtlar sanjymy öz-özüme hem etmeli bolýan halatlarym seýrek bolanok. Öz-özüňe sanjym etmek howplumyka? Aslynda sanjym etmek nähili ýaramaz ýagdaýlara getirip biler?

Saýtyň okyjysy.

 
( 14 Ses Berme )

 

Hormatly lukman! Men köplenç şeýle ýagdaýlaryň şaýady bolýaryn. Hassahanada lukmanyň kabulhanasynda gezegime garaşyp otyryñ welin, köplenç ýokary wezipeleri eýeleýän adamlar gelýarler (polisiýa işgärleri ýa-da ş. m.) we "Men öñ gürleşip goýdum" diyip girip gidiberýärler. Şular ýaly düzgün barmy? Eger bar bolsa, onda biz name etmeli?

Saýtyň okyjysy, Aýmyrat.