Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap
( 16 Ses Berme )

 

 

Salam lukman. Meniň 2,5 ýyl bäri elim gijileýär. Lukmanlara ýüzlensem ekzema ýa-da gribok diýdiler. Prednizolon melhemi ulanmagy bellediler, ýöne ony ulansam aýrylýar, ulanmasam ýene başlaýar. Sowuklamany bejermek üçin "otly ukol" diýilýänini aldym. Şondan boldumyka ýa-da iýmit-siňdiriş agzalarda kemçilik barmyka? Maslahatyňyza mätäç.

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 12 Ses Berme )

 

 

Salam lukman. Men üç ýyl mundan öñ deňze gidemde iki göwsümiň aşagyndaky derä aýna bölejikleri çümdi. Olar meni biynjalyk edenok. Ýöne olaryň çykarylman galdyrylmasy howply dälmi?

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 45 Ses Berme )

 

 

 

Hormatly lukman! Aýalyň saglygy üçin jynsy gatnaşyklaryň nähili peýdasy bar?

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 16 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Yssy howalarda gyzlaryň köpüsiniň butlarynyň iç ýüzi tenýär we olaryň arasy gyzaryp, soňundan garalmak bilen bolýar. Bu ýagday bizi utandyrýar. Dörän gara tegmilli yzy aýyrmak üçin nämeler ulanyp bolýar?

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 6 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Men bir gün gan tabşyrmaga bardym. Lukman meniň agramym bilen gyzyklananda, men agramymyň 54-55 kg. aýtdym. Lukman meniň agramymyň ýetmeýändigini aýdyp, gan tabşyrmaga rugsat bermedi. Gan tabşyrmak üçin beden agramynyň görkezijileri şeýle wajypmyka?

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 9 Ses Berme )

 

 

Salam lukman. Men 20 ýaşymda, ýöne ýaşlygyma garamazdan ellerim titreýär. Bu ýagdaýyň yň sebäpleri we bejergisi barada aýdaýsaňyz, sizden hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 46 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Men 20 ýaşymda. Ýaňy ýakynda öýlendim. Men gelnim bilen jynsy gatnaşyk edenimde jynsy gatnaşygyň dowamlygy 1-2 minutdan uzaga çekenok. Lukmançylyk taýdan kadaly dowamlylyk näçe bolmaly? Näme sebäpden jynsy gatnaşygyň dowamlylygy gysgalýar we bu ýagdaýy nädip bejerip bolýar?

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 11 Ses Berme )

 

Salam lukman!

Meniň oglum doglaly bäri uly meýdan edip bilenok. Barlaglaryň netijesinde Girşprungyň keseli diýip çakladylar we 1 ýaşandan soň operasiýa geçirmegi maslahat berdiler. Oňa çenli diňe hepdede 2 gün klizma etmegi tabşyrdylar. Biz lukmanlaryň maslahatyny berjaý edýäris. Oglumyz 1 ýaşady, ýöne operasiýa etdirmekden gorkýaryn. Operasiýasyz özünden gowlaşyp taret edip bilermikä ýa-da operasiýasyz başga usul bilen bejerip bolarmyka?

Saýtyň okyjysy.

 
( 13 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Men 1987-nji ýylda doglan. Men käwagtlar irdenlerine oýanamda erkeklik ýagdaýym turgyn bolýar, ýogsa hiç hili düýş hem göremok. Beýle ýagdaý name üçin döreýärkä ýa-da meniň saglygymda kemçilik barmyka?

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 8 Ses Berme )

 

 

Salam hormatly lukman! Maňa gaýrat edip "Ekstrakt Touti Yaponskiy" serişdesi barada turkmen dilinde maglumat bermeginizi haýyş edýärin. Touti Yaponiyada öndürilyan süyji kesele garşy derman. Şol dermany bizde tapmaga mümkinçilik barmy?

Saýtyň okyjysy.