Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap
( 12 Ses Berme )

 

Salam lukman! Men 20 ýaşyndaky erkek adam. Ýaňy-ýakynda jynsy gatnaşykda bolan wagtym döle derek gan geldi. Ozal şeýle ýagdaý buşugamda ýüze çykypdy. Men hiç hili agyry duýmadym we häzir hem duýamok. 10-12 ýyl mundan oñ bowregimde daş bardy. Şohle bilen 2ýyl yzygiderli döwdürdim, yöne daşyn kiçijik bölegi döwulmän galypdy. Geçen ýyl barlagdan gecenimde, böwregimdäki daşyn azajyk böleginiň öňküligine duranyny anykladym. Agyry bolmasa üns bermegiň gereginiň ýoklugyny lukman aýtdy. Ýöne name üçin jyns agzamdan gan geldikä? Näme etmeli bolarka?

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 6 Ses Berme )

 

 

Hormаtly lukmаn! Gyzymyn doglаnynа 9 аý boldy. Ýöne ol aýaklaryna duranok. Käwagtlar аýаklаryny ýygryp çygyryp aglaýar. Bu name sebäpden bolup biler?

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 5 Ses Berme )

 

 

Salam hormatly lukman! Men 33 ýaşymda. Süýji keselimiň bardygy sebäpli hemişe berhiz saklap gezýärin. Meniň ýagdaýym gowy bolsa-da, men ganymy kadaly barlamalymy? Ýene bir sorag. Günde bir gap çilim çekyärin. Çilimi birden taşlasam saglyga zyýany bolarmyka?

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 21 Ses Berme )

 

 

Salam hormatly lukman. Men 36 ýaşymda. 4 sany çagam bar. Men ýoldaşym bilen bile bolanymda edil ýara degilýän ýaly agyry duýýaryn. Ýalňyşmasam, durmusa çykalym bari şeyle. 2-nji çagamdan son ýumurtgalygyň kistasy üçin operasiýa hem geçirdim. Ýöne men ondan öň hem, soň hem şol agyryny duýýaryn. Eger mumkin bolsa maslahat berseniz.

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 6 Ses Berme )

 

 

 

Hormatly lukman! Terafleks dermany barada maglumat bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 8 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Meniň bil agyrym bar. Onuň sebäbi hem, men 4 ýyl mundan öň ýol heläkçiligine uçradym we şondan soňra 1 ýyla golaý hassahanada ýatmaly boldum. Hassahanadan çykanyma 3 ýyl boldy. Şu wagta çenli bil agyryny duýmadym. Ýene soňky 2 aý töweregi bil agyrym bildirip başlady. Ýöremegim, dem almam kynlaşdy. Siz maňa nähili maslahat berip bilersiniz?

Saýtyň okyjysy.

 
( 5 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! 5 aý mundan öň aýagyma tiken çümdi. Tikeniň giren yzy ýok, ýöne şol ýerde çiş döräp gatap galdy. Maňa ýerlikli maslahat beräýiň.

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 7 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Meniň bir burnumda etiň barlygy sebäpli howa az mukdarda geçýär. Bu gaýmorit bolup bilýärmi? Men bu eti operasiýa ýoly bilen aýyrmalymy? Ony nädip aýryp bolar ýa-da onuň üçin burny kesmeli bolarmy?

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 11 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Menin göbegim akyp, onuň daşy agyrýar. Ýüzünligine ýatjak bolsam agyry düýýaryn. Göbegimden şepbeşik suwuklyk akyp, bir başlasa 4-5 gün dowam edýär. Bu ýagdaý nämekä we ony nähili bejerip bolar?

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 10 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman!

Meniň 9 ýaşly gyzymyň saçyna bit düşdi. Öý şertlerinde nämeler etsek hem aýryp bolanok. Bitlere garşy netijeli serişdeler barada aýdyp geçäýseňiz hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.