Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap
( 12 Ses Berme )

 

 

"Hormatly lukman! Semizligiň derejeleri nähili anyklanylýar?"

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 6 Ses Berme )

 

 

"Men 21 ýaşymda. Soňky wagtlar köp tisginýärin. Ol näme sebäpden bolup biler?"

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 4 Ses Berme )

 

 

"Hormatly lukman! Düzüminde ýod saklaýan önümler barada maglumat bermegiňizi haýyş edýärin".

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 4 Ses Berme )

 

 

"Men 43 ýaşly erkek adam. Eýýäm 2 gezek ýüregiň infarktyny geçirdim. Lukman ýene bir gezek infarkt geçirmegimiň ömrüm üçin howply bolup biljekdigini duýdurdy. Beýle ýagdaýyň gaýtalanmazlygy üçin näme etmeli?"

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 23 Ses Berme )

 

 

"Men Internetden jynsy gatnaşyga mümkinçilik döredýän wiagra dermany barada maglumat aldym we dermanhanada ol barada soranymda maňa sinegra dermanyny hödürlediler. Bu derman barada doly maglumat tapmadym. Onuň täsiri barada maglumat berseňiz sizden höşal bolardym".

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 10 Ses Berme )

 

"Meniň gelnim göwreli. Göwreliligiň 15-nji hepdesinde bedeninde gijilewik alamatlary peyda boldy. Gowrelilik dowrunde gözegçilik edýän lukmana ýüz tutduk. Ol  gelnime kalsiy glýukonat gerdejiklerini günde 3 gezekden 10 gün içmegi maslahat berdi. Gelnim olary kabul etdi, emma gijilewige peýda etmedi. Ondan soň dermatolog lukmanyna ýüz tutanymyzda, ol gelnimiň ganynyň arassadygyny aýtdy we benzilbenzoat melhemini ulanmagy belledi hem-de kömek etmedik ýagdaýynda gijilewigiň göwrelilikden bolup bilmeginiň ähtimaldygyny duýdurdy. Göwrelilikde döreýän gijilewigiň çaga zyýany barmy?"

Saýtyň okyjysy.

 
( 26 Ses Berme )

 

 

"Salam hormatly lukman! Men 30 ýaşyndaky erkek adam. Onçakly bir agram görmese hem, meniň bil oňurgam, ellerimiň we aýaklarymyň bogunlary şyrkyldaýar. Göwnüme bolmasa, bu bu endik bolup barýan ýaly. Bognuň şyrkyldamagynyň sebäbi nämekä?"

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 8 Ses Berme )

 

 

"Hormatly lukman! Men bagyr sirrozyny geçirdim. Her 6 aýdan geptral dermanyny alýaryn we hemişe berhiz saklaýaryn. 2014-nji ýylda bu kesel sebäpli operasiýa hem geçirdim. Menin keselim düýbünden ýok bolup gidermi? Ýa-da bu kesel dowamly dowam edermikä?"

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 5 Ses Berme )

 

 

"Salam hormatly lukman! Men 23 ýaşymda. Meniň ýüregime geçirlen elektrokardiografiýa barlagynyň netijesi – "ýüregin dogabitdi kemçiligi, Alynýüregara germew defekty". Bu kesel howplumy? Şu kesel barada anyk maglumat we maslahat bermegiňizi haýyş edýärin".

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 31 Ses Berme )

 

 

"Salam lukman. Size bir soragym bar. Paranoýa – bu näme zat? Ruhy keselmi ýada bir düşünjemi? Meniň öz pikirimçe, sussupeslik bilen baglanşykly ruhy kesellilik bolmaly. Bu barada doly bilmek üçin Google-dan köp gözleg etdim, ýöne anyk we ene dilimizde ýazylan maglumatlara duşmadym. Mümkin bolsa, giňişleýin düşündirmegiňizi haýyş edýärin".

Saýtyň okyjysy.