Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Wajyp meseleler Neşekeşlik NEŞE WE MAŞGALA
( 1 Ses Berme )

Neşekeşlige baş goşan neşekeş bütin maşgalasyna ejir çekdirýär. Öýden puluň belli bir mukdarynyň yzygiderli ýagdaýda ýitip durmagy maşgala agzalaryny diýseň howsala salyp başlaýar. Neşekeşe günde 4-5 manat pul gerek bolýar. Şonuň üçin-de, neşekeş bir atymlyk neşesiniň puluny tapmak üçin hemme zada taýyndyr. Neşe azarlamasynyň artan mahaly pul tapaýmak aňsat bolmansoň, ol ogurlyga ýüz urýar. Oňat terbiýe alan adam hiç haçan ogurlyga ýüz urmaz diýen düşünje neşekeş babatda çapraz gelýär.

Neşäniň adamyň ruhy ýagdaýyna erbet täsir edýändigi ýadyňyzda bolsun. Adam nähili oňat hem bolsa, terbiýeli hem bolsa, neşä özüni aldyransoň, düýpgöter üýtgeýär. Ol ogurlykdan gaýtmaýar.

Neşekeş öz syryny öýdäkilerden näçe gizlin saklajak bolsa-da, bu başa barmaýar. Onuň neşe çekýändigi tiz wagtda tutuş maşgala mälim bolýar. Käwagt maşgala neşekeşden ýüz öwürýär, käwagt bolsa neşekeşiň özi maşgaladan çykyp gidýär. Neşekeş öz ýagdaýyna "düşünýän" ülpetleriniň ýanynda bolanyny gowy görýär. Neşekeşleriň ýygnanýan öýleriniň hemmesi diýen ýaly birmeňzeşdir: aňrybaş hapaçylyk, jindä öwrülen ýorgan-düşekler, jaýyň törüni basyp ýatan zir-zibil, ýakylyp ýandyrylan gap-gaçlar we ş.m. Emma bu ýagdaý neşekeşleri birjik-de hopukdyrmaýar. Onuň üçin iň esasy zat — şol ýerde arzuwlaýan bir atymlyk neşesini tapmak.

Maşgalanyň erkegi neşekeş bolsa, ol köplenç özüniň aýalyny hem neşekeşlige ýykgyn etmäge ymtylýar. Ynsanýetiň ahlak gymmatlyklary neşekeş üçin ikinji derejeli bir zada öwrülýärler, soňabaka bolsa bütinleý ýitýärler.

Eýsem neşekeşi nähili saýgarmaly? Neşekeşiň ilkibada iş ýerinde ähli görkezijiler düýpli peselýär. Islendik iş onuň üçin öz gyzygyny ýitirýär. Sebäbi onuň iň easasy arzuwy indi bir atymlyk neşäni tapmakdyr. Soňra sebäpsiz ýere işden galmaklyk başlanýar. Tiz wagtda neşekeş işden çykarylýar. Ol indi işläýin diýende-de gurbaty ýok. Ine, şu ýerde-de ogrulyk başlanýar. Indi neşekeş öz dostlaryndan-da, garyndaşlaryndan-da, tanyşlaryndan-da ogrulamakdan gaýtmaýar. Bir çekimlik neşäni tapmak üçin ol hatda adam öldürmekden gaýtmaz.

Neşä garaşly bolan adamyň psihiki-ruhy ýagdaýy maşgala agzybirliginiň soňuna çykýar. Ony göwnüçökgünlik, sustupeslik we dürli nogsanlyklar heläkleýärler. Kelleagyrylar, arkadaky, bildäki agyrylar, ukusyzlyk — bularyň bary neşekeşiň organizmindäki bozulmalar. Neşekeşiň häsiýetiniň diňe erbet tarapa üýtgeýändigi sebäpli onda düşündirip bolmajak rehimsizlik we sütem-zorluga bolan isleg ýüze çykýar. Neşekeş ene-atanyň öz çagalaryna rehimsiz daraýan wagtlary az däldir. Olary ölüm hetdine ýetirýärn wagtlary hem bolýar.

Maşgala durmuşynyň beýleki bir tarapynda-da sütem-zorluk höküm sürýär. Neşekeş erkekler öz erkeklik güýçlerini ýitirendikleri sebäpli gabanjaňa öwrülýärler. Ol öz aýalyny ýerliksiz ýere gabanyp, ony urup, ejir berip başlaýarlar.

Aýal öz adamsynyň elhenç neşe girdabyna düşendigini nädip bilmeli? Muny haýsy alamatlar boýunça bilip bolar?

  • Daşyndan göräýmege neşekeş arakhor ýaly hereket edýär, ýöne ondan aragyň ysy gelenok.
  • Adamyň aňy üýtgeýär. Sustupeslik, tutuklyk, ümezleýän göreçler neşekeşe mahsus bolýar.
  • Neşekeşiň keýpiniň gelip-gitmegi onuň bahanasyz gülmegine ýa tukatlanmagyna eltýär. Neşekeş çaga ýaly begenip, bir salymdan-da tutuş älem-jahana sögünýär.
  • Adatdan daşary ellerini hereketlendirip, gaty gürläp başlaýar. Onuň hereketindäki sazlaşyk ýitýär, ol bir ýerde oturyp bilmeýär.
  • Onuň ýüzi bir agaryp, birden-de gyzarýar.
  • Neşekeşiň göreji käwagt kiçelip, nokat ýaly bolýar, käwagt bolsa ulalýar. Iki gözüň göreçleriniň biri-birinden ululygy boýunça tapawutlanýan ýagdaýlary hem duş gelýär.
  • Neşekeşiň agzy guraýar ýa-da gyllygy akyp durýar
  • Neşekeş çalt gürlände bir mowzukdan başga bir mowzuga "böküp" geçýär.

 

Adamyň neşekeşlige baş urandygyndan habar berýän başga-da alamatlar bardyr. Ynha olaryň käbirleri:

  • Adamyň işiwürligi düýpli üýtgeýär. Siziň ýakyn adamyňyzda niredendir bir ýerden gujur-gaýrat peýda bolup, onuň işiwürligi birdenkä artsa, ikirjiňleniň. Tersine, mydama işeňňir, gujurly bolup, birdenem işe bolan höwesini ýitirse, ikirjeňleniň.
  • Neşekeş gerekse-gerekmese, derman serişdeleri bilen gyzyklanyp başlaýar.   Ol dermanlaryň adam organizmine edýän täsirleri bilen düýpli gyzyklanyp başlaýar.
  • Adam dermanhanalara we saglyk öýlerine ýygy-ýygydan gatnap başlaýar.
  • Neşekeş lukmançylyk pudagynda işleýänler bilen tanyşlyk açmaga ymtylýar.
  • Adamyň hususy zatlarynyň arasynda derman gutujyklary, şprisler we ýakyp-ýandyrylan gap-gaçlaryň bolmagy hem howatyrlanmaga esasdyr.

 

Eger şu alamatlar peýda bolan bolsa, onda siziň ýakyn adamyňyzyň neşe girdabyna düşen bolmagy gaty ahmal.

Ulanylan WEB Salgy

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
+1 #1 Öý hojalykçy zenan. 2011-03-06 00:42
Örän wajyp mowzuk.Agzy "hapalanýan"ýaşlar, erkiniň pesliginden, neşe bilasyna duçar bolýarlar.Allajan!Hemme belalardan,şol sanda neşe belesyndan özüň gora!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele