Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Wajyp meseleler Neşekeşlik ZENANLAR WE NEŞE
( 7 Ses Berme )

Tebigat tarapyndan zenan maşgalalara adamzat neslini dowam etdirmek, ojagy goramak ýaly derwaýys wezipeler niýetlenendir. Emma ajaýyp jynsyň wekillerine hem elhenç kysmat duçar bolaýar. Sebäbi neşekeşlige ýaşlaram, orta ýaşan adamlaram, zenanlaram, erkeklerem uçrap bilýärler.

Neşekeşlik zenanlaryň organizmine nähili täsir edip bilýär? Olar nämelerden ägä bolmaly?

Neşekeşlige baş goşan adamda hakyky gymmatlyklar ölçeginiň üýtgeýändigini biz bilýäris. Hakyky durmuş bilen arabaglanyşyk, öz-özüňi goramak babatdaky tebigy hüşgärlik duýgusy ýitirilýär.

Neşekeş zenanlaryň köpüsi loluçylyk bilen meşgullanyp, özleriniň bir atymlyk neşesini satyn alar ýaly puly gazanýarlar. Olaryň gözüne diňe neşäniň bir atymlyk mukdary görnüp, kim bilen, nirede, haçan bolýandyklary eýýäm olaryň parhyna-da däl. Şoňa görä-de, zenanlaram, olaryň köpsanly oýnaşlaram dürli kesellere uçraýarlar. Bu kesellere esasan-da jynsy gatnaşyk arkaly bir adamdan beýleki adamlara geçýän ýokanç keselleri, mysal üçin, merezýel, sözenek, peşew jyns ýollarynyň hlamidiýaly we trihomonadly keselleri degişlidir. Bu keseller jynsy gatnaşykda, hapa iňňe bilen sanjym edilende, neşekeşleriň öýündäki hapa gap-gaçlar we şahsy zatlar arkaly ýokuşyp bilýärler. Neşe belasy adamyň önelgesiz galmagyna sebäp bolýar. Neşekeşlige baş uran zenan 3-4 ýyldan çaga dogurmak ukybyny ýitirýär. Göwrede çaganyň galmagy mümkin, ýöne düwünçek hemişe diýen ýaly ölýär. Neşe zenanlaryň saglygyny weýran edýär, göwreliligiň we düwünçegiň ösmegini togtadýar. Neşe bilen zäherlenen göwreli organizmde elhenç üýtgeşmeler bolup geçýär.

 

Göwreliligiň ilkinji 3 aýynda şu ýagdaýlar ýüze çykyp bilerler:

  • çaganyň düşmesi;
  • göwredäki düwünçegiň ösüş döwründe düýpli kemçilikleriň döremegi;
  • düwünçegiň dogabitdi kemsikli bolup ösmegi.

 

Göwreliligiň ikinji we üçünji  3 aýynda şu kynçylyklar ýüze çykyp bilerler:

  • göwredäki düwünçegiň ösüşiniň saklanmagy;
  • düwünçegiň ösüşiniň yza galmagy;
  • göwreli aýalyň agramy kadalaýyk derejede atrmazlygy;
  • düwünçegiň gapdallaýyn ýatmagy çaganyň dünýä inmegini kynlaşdyrýar;
  • çaganyň öli dogulmagyna ýa-da onuň dünýä inip ýogalmagy.

 

Şeýle-de, göwrelilik döwründe şu kynçylyklaryň ýüze çykmagy ähtimal:

  • aýy-güni ýetmedik çaganyň dogulmagy;
  • çaganyň ýoldaşynyň bölünip düşmegi;
  • düwünçegiň daşyndaky suwly haltanyň wagtyndan ir böwsülmegi;
  • çaganyň okgunly dogulmagy (bu çaganyň şikeslenmegine we enäniň ýatgysynyň ýyrtylmagyna sebäp bolýar).

 

Zenanlaryň göwrelilik döwürlerinde neşe ulanmaklary olaryň çagalarynyň dogabitdi şikesli dogulmagyna sebäp bolup, olaryň geljekki ykbalyna täsir edýär. Şeýle çagalar ünslerini kesgitli bir zatda jemläp bilmeýärler. Olaryň okuwa ýetişigi örän pes bolýar. Özlerini alyp barşy kada laýyk däl, olaryň tertibi olaryň keýpine bagly bolýar. Bu zatlaryň bary olaryň heniz eneleriniň göwresindekäler neşekeşlere öwrülendikleri bilen düşündirilýär. Bu çagalar öz deň-duşlary bilen oňat gatnaşyk saklap bilmeýärler. Olaryň geplemek ukyby ýaramaz, söz baýlygy az, gaharjaň bolýarlar. Neşekeş zenanlaryň çagalary mekdep maksatnamasynyň doly özleşdirip bilmeýärler. Bu çagalaryň akyl başarjaňlyklary ösmeýär. Çaganyň enesi göwrelilik döwründe neşäni köp çeken bolsa, bu çaganyň daş keşbine hem täsirini ýetirýär. Çaga kemsikli ýa-da maýyp dogulýar. Soňra bu çaganyň boýy hem kada laýyk ösmeýär. Zenanyň göwrelilik döwründe neşe ulanmagy çagada mikrosefaliýanyň döremegine, ýagny beýniniň ösüşden yza galmagyna we çaganyň kemakyl bolmagyna eltýär. Şular ýaly çagalaryň kellesi kiçi, burunlary ýemşik, burun-dodak aralygy dogry ösmedik bolýar.

Şoňa görä-de, eý, zeminiň görki bolan gelin-gyzlar, şu makalany okap, bir salymlyk keýpiň çagaňyzyň tutuş ömrüniň zaýalanmagyna degip-degmeýändigi barada oýlanyň! Çünki siziň neşeden ýekeje pursatlyk alýan keýpiňiz çagaňyzyň tutuş ömrüni kül edip biler.

Ulanylan WEB Salgy

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Gapbar. 2014-05-13 02:51
Aý olary bejerdim diýäýeňde-de aýal edip ulanyba bolmaz. Olardan dogjak çagalar işlemeýän sowadyjyda saklanan azyk önümleri ýaly bolara.
Sitata
 
 
#5 Pälwan. 2014-05-10 22:39
Ol zenanlaryň göwreliligi hakynda pikir hem etmäň. Eýsem bolsa terroristler arkaly goýulan haýal hereket edýän partlaýjy serişdeden dynylyşy ýaly ol pisintli zenanlardan hem mümkin boldugyça basym jemgyýeti arassalamaly.
Sitata
 
 
#4 Beghan. 2014-05-03 18:16
Neşekeş zenanyň düşýän ýagdaýy örän aýlyganç. Genofonda howp salýan bu nägehandan dynylmasa, adamzadyň gelejegi eşafoto (jelladyň kelle çapýan abzaly) mündüriler.
Sitata
 
 
#3 Patdy. 2014-04-30 17:31
Onuň ýaly zenany goldap hem-de hemdem bolýan enede, jynsy gatnaşyk edýän erkekler öz elinden zat gelmän maslyk iýip ýören syrtlanlary ýatladýarlar.
Sitata
 
 
#2 Nazarkerde. 2014-04-28 23:04
Zenanlar neşekeş bolsalar erkekler, ýagny atasy ýa-da diýeli äri hem-de onuň ýaşaýan jemgyýeti günäkär. Olar zaýalansalar erkeklerden hem has beter nesliň gutarmagyna getirýär ahyryn.
Sitata
 
 
#1 Okyjy. 2014-04-28 01:29
Şu oturana zenan diýjekmi, onuň zenan sypaty barmy!? Owadan, mylaýym, mährem zenanlaryň adyna ysnat getiren diýäýmeseň. Başga diýjek zadyň ýok. Allajan azdyrmawersin.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele