Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Wajyp meseleler Neşekeşlik ÇILIMKEŞIŇ TÜSSESINDEN DEM ALMAKLYK HER ÝYLDA TAKMYNAN 600 000 ADAMY ÖLDÜRÝÄR
( 11 Ses Berme )

Çilimkeşiň tüssesinden esasan-da maşgaladaky çagalar ejir çekýändirler.

Bütindünýä saglygy goraýyş (BSG) guramasynyň geçiren ilkinji giň gerimli barlaglarynyň netijeleri her ýylda çilimkeşiň tüssesinden dem alýan adamlaryň 600 000 töwereginiň ölýändigini mälim etdi. Bu adamlaryň üçden bir bölegi bolsa çagalardyr.

BSG-yň geçiren barlaglarynyň çäklerinde 192 ýurtdan alnan maglumatlaryň üstünde işlenildi.

BSG-yň hünärmenleri çilimkeşiň tüssesinden dem alýan adamlaryň ýürek we dem alyş ýollarynyň  kesellerine uçrap bilýändigi, şeýle-de öýken ragynyň döremegine sebäp bolýandygy barada duýdurýarlar. Lukmanlar esasan-da ene-atasynyň zyýanly endiginden ejir çekmeli bolýan çagalaryň saglyk ýagdaýy babatda howatyrlanýanlar.

Täze doglan çagalaryň duýdansyz ölümine, çagalarda öýken sowuklamasynyň we demgysmanyň döremegine hem çilimkeşiň tüssesinden dem almaklyk sebäp bolýandyr.

BSG saýasynda geçirilen bu barlaga ýolbaşçylyk eden Armando Peruja: «Biz indi çilimkeşlik zerarly bolýan ölümleriň hakyky möçberini kesgitläp bilýäris» diýip aýtdy.

«Ölüm howply utgaşma»

Lukmanlary Afrikada we Günorta — gündogar Aziýada ýaşaýan çagalaryň çilimkeşiň tüssesinden dem alýandyklary zerarly  dem alyş ýollarynyň kesellerine uçrap ölýändigi diýseň howatyrlandyrýar. Bu ýurtlaryň paýyna 165 000 çaga ölümi düşýändir.

Armando Peruja: «Ýokanç kesellerini  we çilimkeşiň tüssesinden dem almaklygy utgaşdyrmak — ajal atyna münmekdir» diýip habar berýär.

Şeýle-de hünärmenler ene-atasy çilim çekýän çagalaryň öýkenleri çilim çekilmeýän ýerde ýaşaýan çagalaryň öýkenlerine garanyňda has haýal ösýändigini belläp geçýärler.

Geçirilen barlagyň netijesinde 2004-nji ýylda çilimkeşiň tüssesine çagalaryň 40%, çilim çekmeýän erkekleriň 33% we aýallaryň 35%  duçar bolandyklary kesgitlenildi.

Bu ýagdaý 379 000 adamyň ýürek keselinden ölmeklerine sebäp boldy. 165 000 adam çilimkeşiň tüssesinden dem almaklary zerarly  dem alyş ýollarynyň kesellerine ýolugyp öldüler. Şu sebäpden 37 000 adam demgysma, 21 000 adam öýken ragyna uçrap öldüler.

Şeýle-de lukmanlar çilimkeşiň tüssesinden dem almaga mejbur bolýan pidalaryň 280 000-den gowragynyň aýallardygyny  belläp geçdiler.

Çilimkeşiň tüssesinden esasan-da Ýewropanyň we Aziýanyň ilatlary dem almaga mejbur bolýarlar. Amerikada we Gündogar Ýewropada ýaşaýan adamlar bolsa çilimiň tüssesinden azat diýen ýalydyr.

Ulanylan Web Salgy

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Saparly. 2016-06-17 00:57
Çilim çekýän adamy akylly diýip bolarmy? Elbetde, ol öz akylyny saglygynyň garşysyna ulanmaýarmy näme?! Haýsy neşe bolsun ol seniň akylyňy ümezledip, özüme tabyn edýär.
Sitata
 
 
#3 Goçy. 2016-02-19 03:04
Her bir gadagançylygyň oňat tarapy bolsada, ýaramazlygy hem bar. Çilim gyt bolsa ýa-da gymmatlasa birnäçelergazýetiň kagyzyna dolamak bilen mahorka çekýärler. Mahorkanyň zyýanyndan başga gazýet kagyzynda beden üçin zyýanly swines hem bar.
Sitata
 
 
#2 Begli. 2016-02-11 02:29
Hristofor Kolumb Amerikany açyp, temmäkini şol ýerden alyp, gaýdyp, Ýewropa getireli bäri näçe asyrlar adamlar ondan kösenýärler. Ýöne onuň adamlaryň durmuşyna beýle bir önjeýli ornaşanyna haýran galýarsyň. Özüm çilimi ýigrenemsoň şeýle pikir etdirýär.
Sitata
 
 
#1 Çilim çekmeýän 2014-02-16 00:25
Ýokardaky görkezijileri, deňeşdirme sanlary çilimkeşler okap, degerli netije çykaraýsalar! Ýok, olar ölseler hem çol tüsseden aralaryny açyp bilenoklar. Gowy kesellänlerinden soň keselçiligiň sebäbini başga zatlardan gözleýärler. Wah, çilim çekdimdä diýdirip bolanok.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele