Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Wajyp meseleler AIDS HOSSARYŇYZ AIDS BILEN KESELLÄN BOLSA...
( 22 Ses Berme )

Eger siziň dostuňyzda (joraňyzda) ýa-da hossaryňyzda AIW-ýokançlygy bar bolsa, size öň pikir edip görmedik we duçar bolmadyk köp soraglary çözmek zerur bolar. Ýakyn adamlaryňyza kesele garşy göreşde kömek etmäge taýyn boluň we şeýle kömegiň we goldawyň size hem gerek boljakdygyny nazara alyň.

Duçar bolan keselini kabul etmek üçin adama wagt gerek bolýar. Ähtimal, ilkibaşda näsag öz keseli barada hiç kime aýtman gizlin saklap biler. Köplenç AIW-ýokançlygy göterijiler ň ýakyn adamlary (enesi ýa-da atasy, köplenç ikisine hem, dosty) bilen öz syrlaryny, howsalalaryny paýlaşýarlar. Öz syryny size aýan edýän adama ýokançlygyň nähili ýol bilen ýokuşandygy sizde esasy gyzyklanma döretmeli däl. Bu indi wajyp däl. Siziň artykmaç we ýerliksiz soraglaryňyz adamda özüni günäkär duýma duýgusyny döredip, ony sizden daşlaşdyryp biler. Esasy delil – oňa gamgynlylygy, alaçsyzlygy ýeňip geçmäge kömek edip, ony öz keseli bilen ýalňyz goýmazlyk. Günäkärleri gözlemän, soralmasa maslahatlary bermän, oňa agyr keselli höküminde garaman, onuň ýaşaýşynyň hilini gowlandyrmaga we dowamlylygyny uzaltmaga goldaw we kömek beriň.

AIW-ýokançlygy göterijiligiň kesel däldigini, diňe özwagtynda alynmadyk bejergi sebäpli onuň AIDS-e getirip biljekdigini ýatda saklamalydyr. Esasan hem alamatlar ýüze çykanda, keseli dörediji petrowirusa garşy bejergi tapgyry başlananada, başga keselleriň birleşen we ýaýbaňlanýan wagtlary siziň goldawyňyza mätäçlik ýüze çykyp biler. Şeýle pursatlar mähirliligi, ýakyn goldawy aýan edýän hereketleri (elleri gysma, gujaklama) bildirmeden gorkmaň, çünki AIW ýokançlygynyň bir jaýda ýaşamak, öpmek, salamlaşmak, asgyrma we üsgürme, bir hajathanadan we wannadan peýdalanma, hammama ýa-da howuzlara barmak, mör-möjekleriň çakmasy arkaly ýokuşmaýandygy subut edilendir.

Ýakyn adamyňyza ýa-da hossaryňyza kömek etmek üçin AIW-ýokançlygy we AIDS barada doly maglumat berýän ýörite edebiýaty okaň. Eger sizde öý-ýaşaýyş şertlerinde ýokuşma babatda gorky bar bolsa, bu soraglar boýunça hünärmenleriň maslahatyny alyp bilersiňiz. Siziň islendik soragyňyz boýunça AIDS merkezleriň lukmanlary, ýokanç keselleri bejeriji lukmanlar doly maglumaty berip bilerler. AIW-ýokançlygyň jynsy gatnaşyklary we wirusly ganyň bedene düşmegi arkaly (gan guýmalar, sanjym edýän neşekeşler) ýokuşýandygyny nazara alsak, öý şertlerinde wirusy göteriji adamdan sag adama wirus diňe iki ýadgaýlarda geçip biler: bir päkiden we bir diş arassalanýan çotkadan peýdalanylan pursatlary. Her adamyň şahsy gigiýeniki serişdeleriniň we süpürgijiniň bolmalydygy bolsa şahsy arassaçylygyň esasy düzgünleri bolup durýandyr. AIW-ýokançlygy bolan adama öýde ilkinji kömegi bermek düzgünleri babatda hem ýakynlary habarly bolmalydyr. Oňa şikeslenme sebäpli ilkinji kömegi bermek ýa-da sanjymlary etmek diňe bir gezek ulanylýan rezin elliklerde geçirilmelidir. Ganly hasalar, ulanylan şprişler arassalaýjy serişdelerde ýatyrlandan soň, plastiki paketlere salnyp ýok edilmelidir.

Adamyny şahsy garaşsyzlykdan mahrum etmäň!

Öz keseli barada maglumaty bermek, öz ýaşaýyş düzgünini meýilleşdirmek, saglygyny saklamak, iýmek, dynç almak babatda adamynyň diňe özi çözgüt çykarmalydyr.

Öz ýakynlaryna kömek etmek maksady bilen köp halatlarda dost-ýarlar zyýan ýetiriji ýalňyşlyklary hem göýberýärler:

► Aşa alada bildirme we hemişe oňa howply keseliniň bardygy barada ýatladyp durma. Gerek bolanda ideg etme, dermanlaryny kabul etmelidigi barada ýatladyp durma, öýde mähirli gatnaşyklary ýola goýma ýaly aladalar bilen, gamgynlylyga, daşlaşma, özüni mejalsyz duýma getirýän aşa aladaçyllygyň arasynda uly tapawut bardyr. Ýalňyşlyk göýbermez ýaly, ýakyn adamyňyzyň siziň ol barada aladalaryňyzy nähili kabul edýändigine üns beriň.

AIW-ýokançlygy göteriji hossaryňyzy tebiplere ugratmakdan saklanyň. Bütin dünýä boýunça häzire çenli tebipçilik bejergisiniň kömegi bilen sagalan näsaglar barada maglumat ýok, ýöne şeýle ýüzlenmeleriň ölümçilige getirendigi baradaky ýagdaýlar barada az aýdylyp geçilenok.

Bolýan ýaramaz täsirleri üçin, derman serişdeleriniň kabul edilmegini bes etmek barada maslahat bermek. Eger näsaga wirusa garşy utgaşdyrylan bejergi bellenen bolsa, bu maslahat has hem howply ýagdaýlara sezewar edip biler: dermany kabul etmekligi bes etmek ýa-da arakesme etmek, bedende bu dermanlara durnukly wiruslaryň döremegine itergi berer. Bu bolsa geljekde näsagy netijeli bejergi tapgyryny almadan mahrum edip biler.

AIW-i göteriji hossarlaryňyz bilen gatnaşykda, olaryň mümkinçilkleri döränden soň, özwagtynda kömek bermäňizi goýmak wajypdyr. Bu olaryň öz şahsy garaşsyzlyklaryny, öýde we işde öz peýdalylyklaryny duýmagyna, durmuşa "arylyp-gatylmagyna" kömek berer.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Töre 2017-01-04 23:17
Bizä ýurdymyzda ol kesel hakynda maglumat bolmansoň, bize degişli dämikä diýen pikir bilen ýaşap ýörüs. Ol asyryň betbegt keseli bolsada ulularam, kiçilerem onuň gürrüňem etjek bolanoklar. Bir hili gizlinlik bar ýaly.
Sitata
 
 
#2 Käriz 2016-12-18 21:05
Lukmançylyk hyzmatlary örän gymmat bolansoň, adamlaryň ep-eslisi tebiplere we mukaddes ýerlere ýykgyn edýärler. Bu kesel bilenem şeýle bolarlaý we ahyry puç boljagy ikuçsyz.
Sitata
 
 
#1 Aÿköke 2016-12-09 06:51
Šeÿle kesel bilen kesellän adam aÿal bolsun ÿa erkek bejergi alanda bolsa çaga bašlasalar çaga zyÿany barmy Lukman?!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele