Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Wajyp meseleler AIDS
( 22 Ses Berme )

Eger siziň dostuňyzda (joraňyzda) ýa-da hossaryňyzda AIW-ýokançlygy bar bolsa, size öň pikir edip görmedik we duçar bolmadyk köp soraglary çözmek zerur bolar. Ýakyn adamlaryňyza kesele garşy göreşde kömek etmäge taýyn boluň we şeýle kömegiň we goldawyň size hem gerek boljakdygyny nazara alyň.

Duçar bolan keselini kabul etmek üçin adama wagt gerek bolýar. Ähtimal, ilkibaşda näsag öz keseli barada hiç kime aýtman gizlin saklap biler. Köplenç AIW-ýokançlygy göterijiler ň ýakyn adamlary (enesi ýa-da atasy, köplenç ikisine hem, dosty) bilen öz syrlaryny, howsalalaryny paýlaşýarlar. Öz syryny size aýan edýän adama ýokançlygyň nähili ýol bilen ýokuşandygy sizde esasy gyzyklanma döretmeli däl. Bu indi wajyp däl. Siziň artykmaç we ýerliksiz soraglaryňyz adamda özüni günäkär duýma duýgusyny döredip, ony sizden daşlaşdyryp biler. Esasy delil – oňa gamgynlylygy, alaçsyzlygy ýeňip geçmäge kömek edip, ony öz keseli bilen ýalňyz goýmazlyk. Günäkärleri gözlemän, soralmasa maslahatlary bermän, oňa agyr keselli höküminde garaman, onuň ýaşaýşynyň hilini gowlandyrmaga we dowamlylygyny uzaltmaga goldaw we kömek beriň.

 
( 25 Ses Berme )

AIW – adamyň immun ulgamyny şikeslendirýän wirusy aňlatmasynyň gysgaltmasydyr. Bu wirus adam bedeniniň immun ulgamyny weýran edip, onuň kesel ýaýradyjy ýokançlyklara garşy göreşmek ukybynyň ýitirilmegine getirýär we bedende dürli ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna şert döredýär. AIW bilen kesellän adama, sagdyn adam üçin howpsuz bolup durýan ýokançlyklar hem örän ýeňil ýokuşyp, keseliň döremegine getirýär.

AIW ýokuşan adamy AIW-ýokançly ýa-da AIW-pozitiw diýip atlandyrýarlar.

Geliň, AIDS (rus. SPID) barada has ýygy ýüze çykýan soraglaryň üstünde durup geçeliň.

 
( 10 Ses Berme )

AIW — bu adamyň kesellere garşy durnuklylygynyň ýetmezçiligini döredýän wirus.  Bu ýokançlygyň netijesinde AIDS keseli döreýändir.

Adamyň immoýetmezçiliginiň wirusy 1983-nji ýylda AIDS keseli öwrenilende ýüze çykaryldy. Bu kesel ilkinji gezek erkekbazlaryň (gomoseksuallaryň), neşekeşleriň, gemofiliýa kesellileriň  hassalyklarynyň dowamynda dörän gaýraüzülmelerine edilen gözegçiligiň netijesinde mälim boldy.  Adamyň immunoýetmezçiligini döredýän wirus lentiwiruslar (Lentivirus)  görnüşiniň retrowiruslar (Retroviridae) maşgalasyna degişlidir. Lentiwirus latyn dilinden "haýal" diýmegi aňladýar. Wirusyň şeýle atlandyrylmagynyň öz sebäbi bar: ol adamyň organizmine aralaşandan soň haýal hereket edýär. Şoňa görä-de, keseliň ilkinji alamatlary uzak wagtlap ýüze çykmaýar. Adamyň bu wirusa ýoluganyndan AIDS-iň döremegine çenli takmynan 9-11 ýyl geçip bilýär.

 
( 10 Ses Berme )

AIDS – BARADA  NÄME BILMELI?

AIDS-geçen  XX – asyrda ýaýraýyş tizligi we gurşawy boýunça iň howply keselleriň biri boldy. Şonuň üçin bu kesele “XX asyryň mergisi“ diýip at berdiler. Häzirki wagtda bu kesel bütin ýer ýüzüne ýaýrap, onlarça million erkek adamlar, aýallar, çagalar bu keselden ejir çekýärler.

Keseliň ilkinji ýüze çykmalary geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Kaliforniýada (ABŞ) gomoseksualistlerde (erkek bilen erkegiň jynsy gatnaşmagy) duş geldi. Näsaglarda pnewmosistalar arkaly dörän öýken sowuklamasy, Kapoşiniň sarkomasy we dürli-dürli kesel döredijiler arkaly ýüze çykyan, seýrek duş gelýän keseller hasaba alyndy. Şunuň ýaly ýagdaý bu täze kesele AIDS (gazanylan immunodefisit sindromy, rus dilinde SPID) diýen at goýmaga esas döretdi. 1983-1984 ýý biri-birinden habarsyz amerkan alymy R. Gallo we fransuz alymy  L. Montanýe näsaglarda keseli döredýän retrowirusy ýüze çykardylar. Soňundan ol Adamynyň Immunodefisit Wirusy (AIW) diýlip atlandyryldy.

AIDS keseli bilen täze doglan çagalardan başlap, garry adamlara çenli keselläp bilýärler. Esasan hem keselçilik 20 - 40 ýaş  aralygyndaky ýaş adamlarda köp duş gelýär.