Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar TIZ kömek Özbaşdak TIZ kömek DÖWÜK-ÝENJIKLERDE BERILMELI ILKINJI KÖMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY
( 23 Ses Berme )

Gynansakda, biz gündelik durmuşymyzda dürli sebäplere görä şikeslenmeleriň dürli görnüşlerine sezewar bolýarys. Ýokardan gaçma, bat bilen urlan zadyň zarbasyna sezewar bolma, typyp ýykylma we ýene-de ençeme şikeslenmelere getirýän sebäpler biziň direg-hereketlendiriş ulgamymyzyň şikeslenmegine, üýtgemegine, biziň zähmete ukyplylygymyzyň belli bir wagt aralygy ýitirilmegine getirýär.

Şikeslenme netijesinde alnan zeperlenmeleri aýyl-saýyl edip, dogry we özwagtynda kömek berilme hem-de bu düzgünleri hemmeleriň bilmegi wajyp bolup durýandyr.

DARTYLMA (GYPJYNMA)

Bogna adaty hereket etme mümkinçilik çäginden beter agram düşmegi netijesinde, bogundaky siňirleriň we birleşdiriji dokumalaryň zeperlenmegidir. Köplenç dyzda, goşarda we topuk bognunda has ýygy gabat gelýär. Bogundaky agyry, çişginlilik, baglaýjylaryň ýyrtylmagy netijesinde gan toplanmalaryň döremegi ýaly alamatlar bilen ýüze çykyp, çykuwdan tapawutlylykda, dartylmada bognuň görnüşiniň üýtgemegi syn edilmeýär. Döwükden tapawutlylykda, baglaýjylary ýa-da siňirleri dartylan bogny hereket etdirmek mümkindir.

Berilmeli ilkinji kömek:

► Şikeslenen agza 2-3 gün hereketsiz saklanylmalydyr;

Çişiň ýaýramagynyň öňüni almak üçin 15-20 min. sowuk ýapgylar (daşyna mata ýa-da süpürgiç saralan buzly haltajyk we ş. m.) ýapylmalydyr. Sowuk ýapgylary birinji 2 günüň dowamynda, günde 2-3 gezek gaýtalap durmaly. Şikeslenmeden soňky 3-nji günde ýyladyjy serişdeleri (suw bilen spirt garylan, arakly ýapgylar, gyzdyryjy melhemler) ulanmalydyr. Şikeslenen bogny mäkäm sarap, sargyny 5-7 gün aýyrmaly däldir.

Bogun baglaýjylaryň dartylmagynda, esasan olaryň ýyrtylmagyna ýol berilmeli däldir. Sebäbi, wagtyň geçmegi bilen, baglaýjylar gowşap, endikli aýagyň gaňrylmagy ýaly ýagdaýlara getirip bilýändir.

ÇYKYK

Çykyk diýip, bogundaky süňkleriň biriniň ýerinden çykmagyna aýdylýar. Barmaklaryň, egniň, tirsegiň, uýlugyň, topugyň we äň bogunlarynyň çykygy has ýygy gabat gelýändir.

Alamatlary:

Bognuň görnüşiniň bozulmagy;

Bognuň çişmegi we derisiniň gögermegi;

Bogunda dörän agyry;

Ýerinden üýtgeýän süňk sebäpli bognuň kadaly hereketiniň bozulmagy.

Berilmeli ilkinji kömek:

► Çykykly bognuň hereket etmezligi üçin ony seýiklemelidir. Çykygy özbaşdak ýerine salma synanşyklaryň, üstesine, süňkleriň döwülmegine getirip biljekdigini ýatda saklamalydyr;

Agyrsyzlandyryjy serişdeler berilmeli;

Tizden-tiz lukmançylyk kömegini üpjün etmeli.

Eger täze dörän çykyk şikeslenmeden soňky sagatlarda ýerine salynmasa, könelşen çykyk döräp, hirurgiki bejergini talap edip biler.

DÖWÜK

Döwükde şikeslenen ýeriň berkliginden uly agramlylygyň täsiri bilen süňk dokumasynyň bütewliliginiň doly ýa-da bölekleýin bozulmagy bolup geçýär.

Döwügiň aşakdaky görnüşleri tapawutlandyrylýar:

⇒ Ýapyk döwük – deri örtüginiň we ýakyndaky ýumşak dokumalaryň bitewliligi bilen häsiýetlendirilýär;

Açyk döwük – döwük bogun süňkleriniň uçlarynyň görünmegi we töweregindäki dokumalaryň agyr zeperlenmeleri bilen alamatlandyrylýar.

Açyk döwügi derrew aýyl-saýyl edip bolýandyr. Ýapyk döwükde güýçli agyry bolup, şikeslenen agzany hereketlendirme mümkin däldir, şikeslenen ýeriň görnüşiniň üýtgemegi we ýaýraýan çişiň we gan toplanmanyň ýüze çykmagy häsiýetlidir.

BERILMELI ILKINJI KÖMEK

Döwükde (çykykda hem) esasy çäre – şikeslenen ýeri hereketsizlendirmekdir. Döwük süňküň hereketi şok ýagdaýa getirjek agyrylaryň, huşuň ýitirilmeginiň, daşky dokumalaryň şikeslenmeginiň sebäbi bolup biler.

Eger heläk bolanda açyk döwük bolup, ondan gan akýan bolsa, onda gany duruzmak maksady bilen basyjy daňynyň daňylmagy ýa-da ýörite žgutyň goýulmagy we ýarany arassalama (spirt, iod, ýaşyl jöwheriň spirtli ergini) çäreleri geçirme hökmanydyr.

Lukmanlar ýetip gelýänçä, adamynyň ýagdaýyny ýeňilleşdirmek üçin şikeslenen ýere sowuk zat goýma, agyrsyzlandyryjy serişdeleri (analgin, tempalgin) ulanma hem zerurdyr. Heläk bolana suw ýa-da mylaýym çaý berip, sowuk bolsa üstüni ýapyp bolar.

Ýatda saklaň! Şikeslenen süňkleri ýerine goýma ýa-da çykyp duran süňkleri ýerine özbaşdak salma synanşygyny geçirmekden saklanyň. Bu zerur çäreleri diňe lukmanlar amala aşyrmalydyr.

Eger lukmany çagyrma mümkinçiligi bolmadyk halatlarynda seýigi (şinany) özbaşdak goýup, heläk bolany ulagda keselhana getirme talaby döreýändir.

SEÝIKLEMÄNI DOGRY GEÇIRMEGIŇ DÜZGÜNLERI

Döwlen süňki, çykan bogny hereketsizlendirmek üçin seýik goýlanda tagta, taýak, ýogyn simler, kemer, gaty kardon kagyz ýaly dürli görnüşli serişdeleri ulanyp bolar.

Seýiklemede şu aşakdaky düzgünleri berjaý etmelidir:

⇒ Seýik (şina) ikiden az bolmadyk bogna goýulýar (döwükden aşakda we ýokarda ýerleşýän bogunlar);

Seýik bedeniň açyk ýerine goýulman, onuň aşagyna hökman pagta, eşik, hasa goýmalydyr;

Goýlan seýik oňaýly we berk goýlup, ol gymyldamaly däldir.

EL DÖWLENDE

Eli hasanyň ýa-da üçburç eplenen ýaglygyň kömegi bilen boýundan asyp hereketsizlendirip bolar. Bilek döwlende seýik bilegiň arkasyndan we aýa tarapdan goýulýar.

EGIN, ÝAÝJYK SÜŇKI WE PILÇE DÖWLENDE

Egin guşaklygynyň döwüginde goltugyň aşagyna eplenen mata goýulýar, eli bolsa hasa ýa-da ýaglyk bilen boýna asyp, göwrä daňýarlar. Heläk bolany oturdyp keselhana getirýärler.

AÝAK DÖWLENDE

Şikeslenen aýagy sag aýaga döwlen ýerden aşakda we ýokarda daňmalydyr. Eger adamyny ýatyryp äkitme mümkin bolmasa, aýagyň iki bognuny tutýan seýik goýlup, esasy seýik, bogun eplenmez ýaly, aýagyň yz tarapyna goýulmalydyr. But süňki döwlende seýik bile çenli goýlup, oňa daňylýandyr.

GAPYRGALAR DÖWLENDE

Gapyrgalaryň dem almada amala aşyrýan hereketlerini aradan aýyrmak üçin gursagy basyjy daňylar bilen daňýarlar. Şeýle edilende, adam garny bilen dem alyp, bolup biljek agyrylaryň öňi alynýandyr. Ýeterlik hasa tapylmadyk ýagdaýynda, gursagy süpürgiç, prostyn, şarf bilen mäkäm daňyp bolar. Heläk bolan oturdylyp keselhana getirilmelidir. Çunki adam ýatan ýagdaýynda, gapyrganyň döwlen ýiti bölekleri içki agzalary zeperlendirip biler.

ÇANAKLYK SÜŇKLERI DÖWLENDE

Çanaklyk süňkleriň döwülmegi köplenç içki agzalaryň şikeslenmegi, gan akma, şok ýagdaýynyň döremegi bilen utgaşýar. Heläk bolany agyrylaryny azaltmaga ýardam berýän ýagdaýda ýatyrmaga çalyşmalydyr. Köplenç aýaklarynyň aşagyna matalardan (ýorganlar, ýassyklar, egin-eşikler) edilen direg goýlup, adam arkanlygyna ýatyrylýandyr. Agyrsyzlandyryjy serişdeler edilip, gan akma duruzylandan soň, adam gaty seýigiň üstünde keselhana ýetirilýär.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Artyk 2016-02-13 14:54
Men elim dowdurdim sonra operasiya etdirdim sonra shu wagt elim gipsli yone basham barmagym ich tarapa hereket edenok sebabi aydayyn ?
Sitata
 
 
#5 Sürüji. 2015-07-09 01:15
Her günde awtoulag hadysasyndan döreýän şikesler sandan-sajakdan çykdy. Şonuň üçinem sürüjilik şahadatnamasyny alan adamlara şikes alanlara kömek bermek zerurlygyny öwretmegi esasy talap edip goýmaly.
Sitata
 
 
#4 Öwez. 2015-06-12 02:09
Lukmanyň ýazan tesbirini iki elläp goldaýaryn. Sebäbi ulag serişdeleriniň ösmegi we artmagy bilen döwük-ýenjiklerde kömek bermek ýagdaýy şu döwürde esasy öwrenmeli alada bolup durýar.
Sitata
 
 
#3 Okyjy. 2015-05-29 00:29
Döwük-ýenjik şu zamananyň epidemiýasyna öwrüläýdi öýdýän. Şonuň üçinem her şäherde we obalarda adamlara belli bolar ýaly pajygaly ýagdaýlar we heläk bolan adamlar hakynda maglumatlar berilip durulsa ýerlikli bolardy. Sebäbi aýanlyk gowy netije bererdi.
Sitata
 
 
#2 Lukman. 2015-05-08 01:49
Ýaş adamlarda döwük-ýenjik örän ýaramaz şikes weli, ýöne gartaşan adamlar üçin ol örän bitmesi kyn bolýan ýagdaý. Sebäbi ol ýaşda bedeniň şikese döz gelme mümkinçilikleri peselýär. Ol adamlaryň bedeni şikeslän ýagdaýynda olarda bejergini başgarak alyp barmagy talap edýär.
Sitata
 
 
#1 Lukman. 2015-05-04 02:46
Peýdaly maslahatlar. Döwük-ýenjiklerde esasanam onuň agyr görnüşlerinde näsagyň geljekki ykbaly ilkinji kömegiň wagtynda hem dogry berilşine bagly bolup durýar. Şonuň üçin şeýle sapaklar mekdep okuwçylaryna-da okydylyp, dürli amaly okuwlar bilen utgaşdyrylsa gowy bolardy.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele