Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar TIZ kömek Özbaşdak TIZ kömek ÝER TITREMESINDE ÖZÜŇI ALYP BARMAGYŇ WE BERILMELI ILKINJI KÖMEGIŇ DÜZGÜNLERI
( 26 Ses Berme )

Biziň ýurdumyzyň seýsmiki çäkde ýerleşip, köplenç halatlarda tebigy hadysa bolan ýer titremesiniň bolup durýandygyndan biziň hemmämiz hem habarlydyrys. Esasan hem dag eteklerindäki zolaklarda döreýän bu tebigy hadysa her birimizden çalt, dogry we guramaçylykly çäreleri alyp barmagyň zerurlygyny talap edýär. Biziň we ýakynlarymyzyň saglygy we ömri ol çäreleriň özwagtynda we dogry geçirilşine juda bagly bolup durýandyr.

ÝER TITREME NÄME?

Bu ýer astyndan döreýän urgy we ýer üstüniň sarsgyny netijesinde ýer gabygynyň ýa-da mantiý gatlagynyň üstki böleginiň uly aralykda berk, çeýe yrgyldy görnüşde böwsülip ýarylmagy, boşluklaryň emele gelmegidir. Ýer titremesiniň güýji seýsmiki şkala boýunça 12 bal bilen bahalandyrylýar. Şertleýin ýer titremesiniň güýjüni ballar boýunça topara bölýarler: 1-4 ball – gowşak, 5-7 ball – güýçli, 8 we ondan hem ýokary – weýran ediji.

Ýer titreme hadysasynyň başlanmagy aýnalaryň jaýrylmagy, döwülmegi, üçekleriň yrgyldap ondaky duran goşlaryň herekete gelip başlamagy, kitap tekjeleriň, şkaflaryň, çyralaryň yrgyldamagy, diwarlarda ýaryklaryň peýda bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Bularyň gulagyňy gapýan sesler bilen gabat gelmegi köplenç halatlarda alamatlydyr.10-20 sekuntdan soňra bolsa ýer sarsgynynyň güýçlenmegi bilen, jaýlaryň we gurluşyklaryň ýykylmagy bolup geçýär.10-a golaý bally güýçli yrgyldy jaýlary, binalary ýykyp bilýändir. Aralyk ýer titremesi 5-20 sekunt dowam edýär. Titremeler näçe uzak dowam etse, şonçada heläkçilik ýokarlanýar.

ÝER TITREMÄNIŇ BALLARDA HÄSIÝETNAMASY

1 bal – bellenilmeýän – adamlar duýmaýar, ýeriň titremesi diňe abzallaryň kömegi bilen hasaplanylýar.

2 bal – öran gowşak – jaýyň ýokarky gatynda ýaşaýan adamlar duýup bilýär.

3 bal – gowşak – titremäni köp adamlar duýýar.

4 bal – aram ýagdaý – hemme adam diýen ýaly duýýar, aýnalar şakyrdaýar.

5 bal – aram güýçli – ýatanlaryň köpüsi oýanýar, çyralar yrgyldaýar.

6 bal – güýçli – jaýlaryň ýeňil zeperlenmegi, diwarlarda kiçi jaýryklaryň bolmagy.

7 bal – örän güýçli – diwarlaryň ýarylmagy, olaryň bölünip gaçmagy.

8 bal – zeperlendiriji – tuty asgyçlaryň gaçmagy, tüsse çykaryjylaryň gopmagy, diwarlaryň uly möçberde jaýrylmagy, bölekleýin ýumrulmagy, adamlaryň aýak üstünde durmagynyň kynlaşmagy.

9 bal – haraba döndürýän – diwarlaryň ýumrulmagy.

10 bal – weýran ediji – köp jaýlaryň, gurluşyklaryň ýykylmagy,1 metre çenli uzynlykda ýeriň ýarylmagy.

11 bal – heläkçilik – ýer üstünde köp sanly ýaryklar, opurulmalaryň bolmagy.

12 bal – güýçli heläkçilik – ýerli ýer relýefiniň üýtgemegi.

ÝER TITREMESINE NÄHILI TAÝÝARLYK GÖRMELI?

Eger siz seýsmiki taýdan howply çäklerde ýaşap, islendik ýerde bolsaňyzam: öýde, işde, kinoteatrda, transportda, köçede ýer titreme howpy barada köpçülikleýin yglan edilende özüňi alyp çykmagyň meýilnamasyny öňünden pikirleniň. Şol sanda maşgala agzalaryňyza hem ýer titreme wagtynda özüňi alyp barmagyň aýratynlyklary we berilýän ilkinji lukmançylyk kömeginiň düzgünlerini öwrediň.

Eger ýer titreme howpy barada öňünden habar edilen bolsa:

→ Belli bir amatly ýerde şahsy resminamalaryňyzy, pullaryňyzy, jübi çyrasyny we goşmaça batareýleri saklaň.

Öýde goşmaça agyz suwunyň we gaplanan, zaýa bolmajak iýmit önümleriniň birnäçe günlük ýeterlik mukdaryny taýynlap goýuň.

Düşekleri penjiräniň we daşky diwarlaryň öňünden aýyryň. Şkaflary, tekjeleri berkidiň, ýokarda saklaýan agyr goşlaryňyzy aşak düşüriň.

Howply jisimleri (zäherli himiki maddalar, çalt ýanyp biljek suwuk görnüşli himikatlar) çetleşdirip, howpsuz ýerde ýygnap goýüň.

Öýüň ähli ýaşaýjylary zerurlyk ýüze çykanda ýapar ýaly merkezi elektrik şitiniň nirde ýerleşýändigini, esasy gaz we suw geçirjileriň berklenýän ýerini bilmelidirler.

Öýde ulanýan dermanhana gutujygyňyzda saklanýan derman serişdelerine üns beriň. Maşgala agzalaryňyzyň ulanýan dermanlaryny alyp goýuň.

El telefonyňyza tiz lukmançylyk kömegi we ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, ýerli polisiýanyň we seýsmiki stansiýanyň telefon belgilerini belläp goýuň.

ÝER TITREME WAGTYNDA ÖZÜŇI NÄHILI ALYP BARMALY?

Oturan ýeriňiziň yrgyldap ugranyny duýup başlama, çyralaryň yranyp, ýokarda ýerleşen goşlaryň gaçyp, güýçlenýän güwwüldili sesleriň we aýnalaryň şakyrdysynyň ýokarlanmagy, şol sanda sygyr, it, düýe, eşek ýaly öý haýwanlarynyň adaty bolmadyk hereketleri we sesleri birbada howsalanyň we galagoplugyň döremegine getirip biler. Gorky we howsala erkiňizi bermäň. Ýer titremäniň başlanan pursatyndan, onuň weýrançylyga getirip biljek pursadyna çenli 20-25 sek. (ýer titremäniň güýjüne baglylykda) wagtyňyzyň bardygyny ýadyňyzda saklaň. Eger jaýyň aşaky gatlarynda ýaşaýan bolsaňyz, haýal etmän zerur bolaýjak goşlaryňyz bilen daşyna çykyň. Jaýdan çykylanda lifti ulanman hökman basgançak bilen aşak düşüň. Ýola çykyp duruň, ýöne uly gatly binalaryň, jaýlaryň golaýyndan daşda, açyk meýdançada durmaga ymtylyň.

Asudalygy saklajak boluň, beýleki adamlary hem köşeşdirmäne çalşyň. Uly gatly jaýlarda bolup, jaýyň içinde galan halatyňyzda howpsuz ýeri saýlaň: diwarlaryň birigýän burçlarynda, üçegi göterýän diregleriň ýanynda, gapy oturtmalaryň aşagynda. Eger stolyň aşagynda gizlenmek mümkünçiligiňiz bolsa gizleniň, ol sizi ýokardan gaçýan kerpiçdir, beton böleklerinden gorar. Penjireden we agyr mebellerden daşda duruň.

Ýangyn döretmeden gaça durup, şem, kükürt, otlawaç ulanmaň. Çykyp duran uly balkonlardan, tutularyň karnizlerinden, tok geçiriji simlerden daşda duruň. Eger siz maşynda bolsaňyz, açyk, hiç hili tok geçirijileriň ýok ýerlerinde saklanyň we hadysa sowulmasa maşyndan çykmaň. Köpri, tunnel ýaly gurluşyklara ýakynlaşmaň. Beýleki adamlara kömek etmeklige hemişe taýýar boluň.

ÝER TITREMEDEN SOŇKY PURSATLARDA ÖZÜŇI NÄHILI ALYP BARMALY?

Bolup geçen hadysa aňly-düşünjeli baha beriň. Töweregiňize seredip ejir çekenleri kesgitlemäge we olara ilkinji lukmançylyk kömegini bermäge taýyn boluň.

Ýer titremede beden dokumalary müçükmä (ýenjilmä), süňkleri döwülmä sezewar bolan adamlara dogry we özwagtynda kömek bermek wajypdyr.

Müçükmelere sezewar bolan adamlaryň şikeslenen ýerine buzly haltajyklary goýup, soňundan basyp saklaýjy daňylary goýmak, ýörite agaçdan ýasalan söýgetleriň (şina) kömegi bilen hereketlensizdirmek zerurdyr. Lukmanlar gelip ýetýänçä, heläk bolana agyrsyzlandyryjy gerdejikleriň birnäçesini berip, köpräk suwuklyk içirmelidir.

Süňk döwülmeleri bolan heläk bolanlaryň el-aýaklaryny ýörite söýget bilen berkidip, olary asuda ýagdaýda saklamaga çalyşmalydyr. Döwükleriň açyk görnüşine ilki bilen arassa sargy, zerur bolan halatlarynda žgut goýulýandyr.

Ýer titreme wagtynda ýokardan gaçma, birzada urulma netijesinde kelläniň, döşüň, oňurganyň, garyn boşlugynyň dürli şikeslenmeleri ýüze çykyp bilýändir.

Şikeslenmeleriň dürli görnüşlerine garamazdan, aşakdaky hereketleri geçirme gadagandyr:

heläk bolanyň kellesini galdyryp, onuň aşagyna ýassyk, torba ýa-da eplenen eşikleri goýma;

⇒ zerurlyk bolmasa heläk bolany ýerinden gymyldatma;

huşsuz arkan ýatan adamyny ýeke goýmak.

Ilki bilen üns bermeli ýagdaýlar:

♦  Alnan şikesiň näme netijesinde bolandygyny kesgitläp, onuň agyrlygyna baha bermelidir;

♦  Ýürek urgularyň bardygyny kesgitlemeli, eger ol bolmasa, haýal etmän ýüregi owkalama çärelerini geçirmeli;

♦  Eger adam hüşsuz bolup, dem almasy we ýürek urmasy kesgitlenýän bolsa, onda haýal etmän ony garnyna ýatyryp agzynyň içini el ýaglyk ýa-da süpürgiç bilen arassalamaly;

♦  Eger heläk bolanda gan akma dörän bolsa, şikeslenen ýere daňy goýup, gan akmany duruzmaga synanyşmalydyr.

Zeperlenip emma doly ýykylmadyk jaýlara, ymaratlara ýakynlaşmaň, olara girmäň. Hadysadan 2-3 sagat soň ol ymaratyň ýa-da jaýyn sarsgyn astynda ýykyljagyna taýyn boluň. Gaty wajyp bolmasa jaýa girmäň.

Eger siziň özüňiz kesekleriň astynda galan bolsaňyz:

► Mümkün boldugyndan özüňize lukmançylyk kömegini bermegi başaryň;

Daşyndaky adamlar bilen baglanşygy gazanjak bolmaga ymtylyň. Gygyrmak, kakmak arkaly olara özüňiziň bardygyňyzy bildiriň;

Ot ýakmaly däldigini ýadyňyzda saklaň, zerurlyk dörände çeleklerden, hajathananyň suw ýygnaýjysyndan suw alyp içip bilersiňiz;

Ýyladyş turbalaryny kakmak arkaly hem dürli duýduryşlary berip bilersiňiz. Güýjüňizi tygşytlaň. Siz näçe wagt kesek astynda boljakdygyňyz belli däldir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#9 Myradaly 2014-11-03 05:34
Kiçi ballarda käbir ýer titremegi uly ýer titremeginiň bolmagyny aradan aýyrýar diýýärler. Ol ýene ýagşy. Ýöne güýçli bolanda Alla kömek etsin diýäý.
Sitata
 
 
#8 Nurnazar. 2014-09-29 09:11
Bu betbagtlygy ýatlamak hem örän aýlyganç. Sen şol ýagdaýa nähili taýyn bolsaň-da ýer titreme bolup geçensoň özüňi nähili alyp barjagyň sorag astynda galýar. Sebäbi öň gabat gelmedik hadysaň seni öz erkiňde goýmaz ahyryn.
Sitata
 
 
#7 Kömek. 2014-08-31 07:10
Güýçli ýer titremede dörän psihiki dartgynlylyk adamyny öz erkinden çykarýar. Ol näme etjegini, hiräk ýörejegine doly jogap berip bilmeýär. Kömek bermek diňe jaýdan daşarda bolan adamlara mahsus bolup galýar.
Sitata
 
 
#6 Taryhçy. 2014-08-21 04:19
Ýer titremesi we urşuň başlanmagy adamzat üçin iň bir uly betbagtlykdyr. Ýaşaýan ýeriň seýsmiki çäkde ýerleşmegi we gowşak ýer titremesiniň yzygiderli duýulyp durmagy ýaşaýan ilat üçin biynjalyk döredýär.
Sitata
 
 
#5 Gartaşan. 2014-08-12 00:49
Seýsmologiýa ylmynyň ösmegine garamazdan ýer titremäniň bolup geçjek wagty takyk bilinmeýär. Bu bolsa örän köp adam pidalarynyň bolmagyna getirýär. Ony bolup geçjek wagtynyň öň ýanynda öý haýwanlarynyň, pişikleriň, itleriň, sygyrlaryň özlerine mahsus bolmadyk ýagdaýda gygyrmaklary we hereket etmekleri bilen aňlamak azda-kände başardýar.
Sitata
 
 
#4 basdesh 2014-08-04 07:47
Okyjy
Sitata
 
 
#3 Bekew. 2014-08-01 17:56
1948-nji ýylda Aşgabatda we onuň golaýynda bolan güýçli ýer titreme entek-entekler halkyň ýadydan çykmaz. Ony has hem gözi bilen gören uly ýaşly adamlar gowy bilýärler. Ösüp barýan ýaş nesle hem saýtyň ündeýän zatlaryny gowy bilmek örän zerur bolup durýar.
Sitata
 
 
#2 Mähri. 2014-08-01 17:48
Munuň ýaly howply, pajygaly ýagdaýlardan Hudaý saklasyn.
Sitata
 
 
#1 Okyjy. 2014-07-31 20:39
Gaty wajyp maglumatlar. Şeýle hadysanyň barlygyny ýatladypsyňyz. Her bir adamyň bilip goýmaly zatlary, ýöne ol howply bela-beterden Hudaýjanyň özi gorasun.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele